Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Howply Önümçilik Desgalarynyň Senagat Howpsuzlygy Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Howply Önümçilik Desgalarynyň Senagat Howpsuzlygy Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Howply Önümçilik Desgalarynyň Senagat Howpsuzlygy Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Howply Önümçilik Desgalarynyň Senagat Howpsuzlygy Hakynda

Şu Kanun howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmegiň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almaga we howply önümçilik desgalaryny ulanýan ýuridik we fiziki şahslaryň (mundan beýläk — howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramalar) heläkçilikleri çäklendirmäge we olaryň netijelerini ýok etmäge taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy (mundan beýläk — senagat howpsuzlygy) — şahsyýetiň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitleriniň howply önümçilik desgalaryndaky heläkçiliklerden we görkezilen heläkçilikleriň netijelerinden goraglylygynyň ýagdaýy;

2) heläkçilik — howply önümçilik desgasynda ulanylýan desgalaryň, olaryň düzüm bölekleriniň ýa-da tehniki gurluşlaryň ýumrulmagy, howply maddalaryň gözegçiliksiz partlamagy ýa-da zyňylmagy;

3) hadysa — howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlaryň işlemezligi ýa-da olara şikes ýetmegi, tehnologik iş ýöredişiň bellenilen düzgüninden çykylmagy;

4) howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlar — howply önümçilik desgalary ulanylanda ulanylýan maşynlar, tehnologiki enjam, maşynlaryň ýa-da enjamlaryň ulgamlary, guranlar, gurallar, mehanizmler;

5) kömekçi dag-magdan halas ediş toparlary — dag-magdan işlerini alyp barýan howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramalar tarapyndan şeýle guramalaryň işgärlerinden döredilen, olaryň gurluşyna girmeýän heläkçilikde halas ediş düzümleri;

6) howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasy — howply önümçilik desgasynda heläkçilikleriň töwekgelçiligine we onuň bilen bagly wehimlere baha berilmegi barada maglumatlary, howply önümçilik desgasyny howpsuz ulanmaga şertleri, howply önümçilik desgasyny ulanmaga, düýpli abatlamaga, konserwirlemäge we ýok etmäge talaplary özünde saklaýan resminama;

7) senagat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy — howply önümçilik desgasynda heläkçilikleriň we hadysalaryň öňüni almak, şeýle heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek maksatlary bilen howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramalar tarapyndan amala aşyrylýan özara baglanyşykly guramaçylyk we tehniki çäreleriň toplumy;

8) howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak — howply önümçilik desgasynda tehnologik iş ýöredişiň üýtgemegine getirýän täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy, howply önümçilik desgasynyň ýa-da onuň aýry-aýry bölekleriniň awtomatlaşdyrylmagy, howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlaryň döwrebaplaşdyrylmagy ýa-da çalşyrylmagy;

9) senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesi — şu Kanunyň 14-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň obýektleriniň olara bildirilýän senagat howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklygyny kesgitlemek;

10) senagat howpsuzlygy çygrynda bilermen — Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde hünär synagyndan geçen senagat howpsuzlygynyň çygrynda ýörite bilimleri bolan senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler bilen bellenilen talaplara laýyk gelýän we senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesi geçirilende gatnaşýan fiziki şahs.

2-nji madda. Howply önümçilik desgalary

1. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminde görkezilen kärhanalar ýa-da olaryň sehleri, uçastoklary, meýdançalary, şeýle hem gaýry önümçilik desgalary şu Kanuna laýyklykda howply önümçilik desgalary bolup durýarlar.

2. Howply önümçilik desgalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige alynmaga degişlidirler.

3. Howply önümçilik desgalaryndaky heläkçilikleriň şahsyýetiň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitleri üçin howplulyk derejesine baglylykda olar şu Kanunyň 2-nji goşundysynda görkezilen baha beriş ölçeglere laýyklykda howplulygyň dört derejesine bölünýärler:

I howplulyk dereje — adatdan daşary ýokary howplulykly howply önümçilik desgalary;

II howplulyk dereje — ýokary howplulykly howply önümçilik desgalary;

III howplulyk dereje — orta howplulykly howply önümçilik desgalary;

IV howplulyk dereje — pes howplulykly howply önümçilik desgalary.

4. Howply önümçilik desgasyna howplulyk derejesiniň berilmegi ol Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige alnanda amala aşyrylýar.

5. Howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramanyň ýolbaşçysy Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige almak üçin berlen maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolulygyny we dogrulygyny üpjün etmäge borçludyr.

6. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň II bölüminde göz öňünde tutulan, şeýle hem howply topara degişli edilmedik beýleki önümçilik desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we dörän halatynda olary ýok etmäge güýçleriň we serişdeleriň taýýarlygyny üpjün etmek maksatlary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanunyň talaplaryny hasaba almak bilen potensial taýdan howply desgalaryň düzgünini bellemäge haklydyr.

3-nji madda. Senagat howpsuzlygynyň talaplary

1. Senagat howpsuzlygynyň talaplary — şu Kanunda, beýleki kanunlarda, olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, şeýle hem senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalarda we düzgünlerde saklanýan şertler, gadaganlyklar, çäklendirmeler we beýleki hökmany talaplar.

2. Senagat howpsuzlygynyň talaplary ilaty we çäkleri adatdan daşary ýagdaýlardan goramak, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy, zähmeti goramak, gurluşyk çygrynda kadalara, şeýle hem tehniki taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hökmany talaplara laýyk gelmelidir.

3. Howply önümçilik desgasy ulanylanda, düýpli abatlanylanda, konserwirlenende we ýok edilende senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler bilen bellenilen senagat howpsuzlygynyň talaplaryndan çykmak talap edilýän bolsa, senagat howpsuzlygynyň şeýle talaplary ýeterlik bolmadyk ýa-da olar howply önümçilik desgasyny gurmagyň, üýtgedip gurmagyň taslama resminamalaryny taýýarlamagy amala aşyran şahs tarapyndan bellenilmedik halatynda howply önümçilik desgasy ulanylanda, düýpli abatlanylanda, konserwirlenende we ýok edilende howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasyna senagat howpsuzlygynyň talaplary bellenilip bilner.

Howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasy, şeýle hem howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasyna girizilýän üýtgetmeler senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine degişlidir. Howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasynyň we oňa girizilen üýtgetmeleriň senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmasa, şeýle esaslandyrmanyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasy howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama tarapyndan senagat howpsuzlygy çygrynda ygtyýarly edara howply önümçilik desgasyny Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige alnanda iberilýär. Howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygyny esaslandyrma girizilen üýtgetmeler senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasynyň alnan gününden on iş gününiň dowamynda howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama tarapyndan senagat howpsuzlygy çygrynda ygtyýarly edara iberilýär.

4-nji madda. Senagat howpsuzlygy çygrynda hukuk taýdan düzgünleşdirmek

1. Senagat howpsuzlygy çygrynda hukuk taýdan düzgünleşdirmek şu Kanun, beýleki kanunlar, olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler arkaly amala aşyrylýar.

2. Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler şulara hökmany talaplary belleýär:

1) senagat howpsuzlygy çygryndaky işe, şol sanda howply önümçilik desgalarynyň işgärlerine, senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenlere;

2) howply önümçilik desgalarynda tehnologik iş ýöredişiň howpsuzlygyna, şol sanda howply önümçilik desgasynda heläkçilik ýa-da hadysa bolan halatynda hereketiň tertibine;

3) howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasyna.

Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde işlenip taýýarlanýar we tassyklanýar.

5-nji madda. Senagat howpsuzlygy çygrynda ygtyýarly edaralar

1. Senagat howpsuzlygy çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrmak maksatlary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti senagat howpsuzlygy çygrynda ygtyýarly edaralary (mundan beýläk — ygtyýarly edaralar) kesgitleýär we olara senagat howpsuzlygy çygrynda degişli kadalaşdyryjy düzgünleşdirmegi, şeýle hem ýörite rugsat berijilik, barlag we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmagy ýükleýär. Ygtyýarly edaralaryň özleriniň tabynlygynda bellenilen tertipde döredilýän ýerli edaralary bolup biler.

2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlar we harby edaralar özlerine degişli bolan howply önümçilik desgalary babatda ygtyýarly edaralar bolup durýarlar, olaryň ygtyýarlyklary harby ulanyş aýratynlygy bolan senagat howpsuzlygy çygryndaky işiň görnüşleriniň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda senagat howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň aýry-aýry wezipelerini, ýörite rugsat berijilik, barlag we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmak hukugy berlen döwlet edaralary özleriniň kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmaga, şeýle hem olar bilen özleriniň senagat howpsuzlygy çygryndaky işlerini utgaşdyrmaga borçludyrlar.

II BAP. SENAGAT HOWPSUZLYGYNYŇ ESASLARY

6-njy madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde we Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň hukuk taýdan degişliligi amala aşyrylýan gaýry çäklerde senagat howpsuzlygy çygryndaky işini amala aşyrýan howply önümçilik desgasyny ulanýan guramalara olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan degişlidir.

7-nji madda. Senagat howpsuzlygy çygryndaky iş

1. Senagat howpsuzlygy çygryndaky işiň görnüşlerine howply önümçilik desgasyny taslamak, gurmak, ulanmak, üýtgedip gurmak, düýpli abatlamak, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, konserwirlemek we ýok etmek; howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlary taýýarlamak, gurnamak, iş ýagdaýyna getirmek, hyzmat etmek we abatlamak; senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirmek; howply önümçilik desgasynyň işgärlerini bilim edaralaryndan başga ýerde taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak degişlidir.

Senagat howpsuzlygy çygryndaky işiň aýry-aýry görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.

2. Howply önümçilik desgalaryny ulanmaga girizmegi tassyklaýan resminamanyň ýa-da howply önümçilik desgalarynda ulanylýan tehniki gurluşlara, howply önümçilik desgalaryndaky binalara we desgalara senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasynyň, şeýle hem şu Kanunyň 15-nji maddasynda bellenilen halatlarda senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasynyň bolmagy howply önümçilik desgalaryny ulanmaga ygtyýarnama bermek barada çözgüt kabul etmek üçin ygtyýarnamanyň dalaşgärine hökmany talap bolup durýar.

8-nji madda. Howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlar

1. Howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlara hökmany talaplar we olaryň görkezilen hökmany talaplara laýyk gelýänligine baha bermegiň görnüşleri tehniki taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.

2. Eger howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşa tehniki dessur bilen şeýle tehniki gurluşyň hökmany talaplara laýyk gelýänligine baha bermegiň gaýry görnüşi bellenilmedik bolsa, ol senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine degişlidir:

1) howply önümçilik desgasynda ulanylmagyna başlamazdan öň;

2) şeýle tehniki gurluşyň oňa öndüriji tarapyndan bellenilen hyzmat etmek möhletiniň geçenligi sebäpli ýa-da ýüklenilen dolanyşyklaryň mukdary ýokarlandyrylanda;

3) tehniki resminamalarda şeýle tehniki gurluşyň hyzmat etmek möhleti barada maglumatlar ýok bolanda, eger onuň hakyky hyzmat eden möhleti ýigrimi ýyldan ýokary bolsa;

4) şeýle tehniki gurluşyň gurluşynyň üýtgedilmegi, onuň göteriji bölekleriniň materialynyň çalşylmagy bilen bagly işler ýa-da howply önümçilik desgasynda bolan heläkçilikden ýa-da hadysadan soň olaryň netijesinde şikes ýetirilen şeýle tehniki gurluşa dikeldiş abatlaýşy geçirilenden soň.

3. Çykylmagy howply önümçilik desgasynda heläkçilige getirip biljek tehnologik iş ýöredişiň görkezijileriniň berjaý edilen şertlerinde senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler bilen howply önümçilik desgasynda tehniki gurluşlaryň tejribe hökmünde senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirmezden ulanylmagynyň mümkinçilikleri, tertibi we möhletleri göz öňünde tutulyp bilner.

9-njy madda. Howply önümçilik desgasyny taslamaga, gurmaga, üýtgedip gurmaga, düýpli abatlamaga, ulanmaga girizmäge, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, konserwirlemäge we ýok etmäge senagat howpsuzlygynyň talaplary

1. Howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, düýpli abatlamak, konserwirlemek we ýok etmek şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny hasaba almak bilen şu Kanunda bellenilen tertipde işlenilip taýýarlanan resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar. Eger howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak ony üýtgedip gurmak bilen bir wagtda amala aşyrylýan bolsa, şeýle desgany tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň resminamalary degişli taslama resminamalarynyň düzümine girýär. Howply önümçilik desgasyny konserwirlemegiň we ýok etmegiň resminamalary senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine degişlidir. Howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň resminamalary, eger görkezilen resminamalar şeýle desganyň şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilermenler seljermesine degişli bolan taslama resminamalarynyň düzümine girmeýän bolsa, şu halatda senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine degişlidir. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamalarynyň sanawyna bellenilen tertipde girizilen senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan ýa-da eger howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň resminamalary şeýle desganyň taslama resminamalarynyň düzümine girýän bolsa, şeýle desganyň taslama resminamalaryna senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, konserwirlemäge we ýok etmäge ýol berilmeýär.

2. Howply önümçilik desgasynyň gurluşygynyň, üýtgedip gurulmagynyň, düýpli abatlanmagynyň barşynda onuň taslama resminamalaryndan, şeýle hem howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň, konserwirlemegiň we ýok etmegiň barşynda onuň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagynyň, konserwirlenmeginiň we ýok edilmeginiň resminamalaryndan çykylmagyna ýol berilmeýär. Howply önümçilik desgasyny gurmagyň, üýtgedip gurmagyň taslama resminamalaryna girizilýän üýtgetmeler şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda taslama resminamalarynyň bilermenler seljermesine degişlidir. Howply önümçilik desgasyny konserwirlemegiň we ýok etmegiň resminamalaryna girizilýän üýtgetmeler senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine degişlidir. Howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň resminamalaryna girizilýän üýtgetmeler senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine degişlidir we ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edarasy bilen ylalaşylýar, muňa görkezilen resminamalaryň şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilermenler seljermesine degişli bolan taslama resminamalarynyň düzümine girýän halatlary girmeýär.

3. Howply önümçilik desgasyny gurmagyň, üýtgedip gurmagyň, düýpli abatlamagyň, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň, konserwirlemegiň we ýok etmegiň barşynda degişli resminamalary işläp taýýarlaýjylar bellenilen tertipde awtor gözegçiligini amala aşyrýarlar.

4. Gurlan, üýtgedilip gurlan howply önümçilik desgalarynyň tehniki dessurlaryň we taslama resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýänligi şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şähergurluşygy babatda ygtyýarly edaranyň netijenamasy bilen bellenýär.

5. Howply önümçilik desgalaryny ulanmaga girizmek şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

Şunda howply önümçilik desgasyny ulanmaga we heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketlere taýýarlygyň ýagdaýy, şeýle hem howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň barlygy barlanylýar.

10-njy madda. Howply önümçilik desgasyny ulanmaga senagat howpsuzlygynyň talaplary

1. Howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama şulara borçludyr:

1) şu Kanunyň, beýleki kanunlaryň, olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

2) howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasynyň talaplaryny berjaý etmäge;

3) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda howply önümçilik desgasynda tehniki gurluşlaryň tejribe hökmünde ulanylmagynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli senagat howpsuzlygy çygryndaky işiň anyk görnüşini amala aşyrmaga ygtyýarnamasynyň bolmagyna;

5) döwlet barlagyny amala aşyrmagyň başlanýanlygy barada ygtyýarly edarany ýa-da onuň ýerli edarasyny habardar etmäge;

6) howply önümçilik desgasynyň işgärleriniň wezipe sanawynyň bellenilen talaplara laýyklykda toplanmagyny üpjün etmäge;

7) howply önümçilik desgasynda işlemäge degişli hünärleýin talaplary kanagatlandyrýan we bu işe lukmançylyk taýdan garşy görkezmeleri bolmadyk adamlary goýbermäge;

8) işgärleriň senagat howpsuzlygy çygrynda taýýarlygy we hünär synagyny geçmegini üpjün etmäge;

9) senagat howpsuzlygyna talaplary belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem howply önümçilik desgasynda işleri alyp barmagyň düzgünleriniň howply önümçilik desgasynda bolmagyna;

10) senagat howpsuzlygyna talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramaga we amala aşyrmaga;

11) şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda senagat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyny döretmäge we onuň işlemegini üpjün etmäge;

12) bellenilen talaplara laýyklykda önümçilik iş ýöredişiň zerur barlag ulgamynyň we abzallaryň bolmagyny we işlemegini üpjün etmäge;

13) howply önümçilik desgasynda ulanylýan binalara, desgalara we tehniki gurluşlara senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň geçirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem howply önümçilik desgasynda ulanylýan desgalara we tehniki gurluşlara bellenilen möhletlerde we ygtyýarly edaranyň ýa-da onuň ýerli edarasynyň bellenilen tertipde beren tabşyryknamasy boýunça anyklamagy, synagy, güwä geçmegi geçirmäge;

14) howply önümçilik desgasyna keseki adamlaryň aralaşmagynyň öňüni almaga;

15) howply maddalary saklamagyň senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

16) şu Kanunyň 15-nji maddasynda bellenilen halatlarda senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasyny işläp taýýarlamaga;

17) howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşmaga;

18) ygtyýarly edaranyň, onuň ýerli edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda berýän görkezmelerini, buýruklaryny we tabşyryknamalaryny ýerine ýetirmäge;

19) howply önümçilik desgasynda heläkçilik ýa-da hadysa bolan halatynda, şeýle hem senagat howpsuzlygyna täsir edýän täze ýüze çykan ýagdaýlar ýüze çykarylan halatynda howply önümçilik desgasyny ulanmagy özbaşdak ýa-da kazyýetiň karary boýunça togtatmaga;

20) howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga, döwlet edaralaryna heläkçilikleriň sebäplerini derňemekde ýardam etmäge;

21) howply önümçilik desgasynda heläkçilikleriň sebäpleriniň tehniki derňewine gatnaşmaga, görkezilen sebäpleri aradan aýyrmak we şonuň ýaly heläkçilikleriň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge;

22) howply önümçilik desgasynda hadysalaryň döremeginiň sebäplerini seljermäge, görkezilen sebäpleri aradan aýyrmak we şonuň ýaly hadysalaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge;

23) howply önümçilik desgasyndaky heläkçilik barada ygtyýarly edara, onuň ýerli edaralaryna, şeýle hem gaýry döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna we ilata bellenilen tertipde öz wagtynda habar bermäge;

24) howply önümçilik desgasynda heläkçilik bolan halatynda işgärleriň janyny we saglygyny goramak boýunça çäreleri görmäge;

25) howply önümçilik desgasyndaky heläkçilikleriň we hadysalaryň hasabyny ýöretmäge;

26) heläkçilikleriň we hadysalaryň mukdary, olaryň döremeginiň sebäpleri we görlen çäreler barada maglumaty ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edarasyna bermäge.

2. Howply önümçilik desgasynyň işgärleri şulara borçludyrlar:

1) senagat howpsuzlygynyň talaplaryny belleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerini, şeýle hem howply önümçilik desgasynda işleri alyp barmagyň düzgünlerini we howply önümçilik desgasynda heläkçilik ýa-da hadysa bolan halatynda hereketleriň tertibini berjaý etmäge;

2) senagat howpsuzlygy çygrynda taýýarlygy we hünär synagyny geçmäge;

3) howply önümçilik desgasyndaky heläkçilik ýa-da hadysa barada özüniň gös-göni ýolbaşçysyny ýa-da bellenilen tertipde beýleki wezipeli adamlary haýal etmezden habardar etmäge;

4) howply önümçilik desgasynda heläkçilik ýa-da hadysa bolan halatynda bellenilen tertipde işi togtatmaga;

5) howply önümçilik desgasynda heläkçiligi çäklendirmek boýunça işleriň geçirilmegine bellenilen tertipde gatnaşmaga.

11-nji madda. Howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketlere taýýarlyk boýunça senagat howpsuzlygynyň talaplary

1. Howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketlere taýýarlygy üpjün etmek maksatlary bilen şulara borçludyr:

1) howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga;

2) professional heläkçilikde halas ediş düzümleri bilen hyzmat etmek hakynda şertnamalary baglaşmaga, şu Kanunda, beýleki kanunlarda, olara laýyklykda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, işgärlerinden özüniň professional heläkçilikde halas ediş gullugyny we gaýry meýletin düzümlerini döretmäge;

3) dag-magdan işlerini alyp barýan I we II howplulyk derejeli howply önümçilik desgasynda ygtyýarly edaralar tarapyndan bellenilen tertipde kömekçi dag-magdan halas ediş toparlaryny döretmäge;

4) heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýe we maddy serişdeleriň ätiýaçlygynyň bolmagyna;

5) howply önümçilik desgasynda heläkçilik ýa-da hadysa bolan halatynda hereket etmegi işgärlere öwretmäge;

6) heläkçilik bolan halatynda synlamak, habar bermek, aragatnaşyk we hereketleri goldamak ulgamlaryny döretmäge we görkezilen ulgamlary peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýda saklamaga;

2. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 1-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy bentlerinde göz öňünde tutulan I, II we III howplulyk derejeli howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek şeýle howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak arkaly amala aşyrylýar. Howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň tertibi we bu meýilnamalaryň mazmunyna talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

12-nji madda. Senagat howpsuzlygynyň we senagat howpsuzlygyny dolandyrmagyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramaga talaplar

1. Howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän talaplara laýyklykda senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramaga we amala aşyrmaga borçludyr.

2. Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramak barada maglumatlar ýazmaça görnüşde ýa-da elektron gol bilen gol çekilen elektron resminamasy görnüşinde her ýyl degişli senenama ýylynyň 1-nji apreline çenli ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edaralaryna berilýär. Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramak barada maglumatlary bermegiň görnüşine talaplar ygtyýarly edara tarapyndan bellenýär.

3. I ýa-da II howplulyk derejeli howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramalar senagat howpsuzlygyny dolandyrmagyň ulgamyny döretmäge we olaryň işlemegini üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Senagat howpsuzlygyny dolandyrmagyň ulgamlary şulary üpjün edýärler:

1) howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramalaryň senagat howpsuzlygy çygrynda maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemegi, bu maksatlar we wezipeler barada jemgyýetçiligi habardar etmegi;

2) howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleri we şeýle heläkçilikler bilen bagly wehimleri barabarlamagy, seljermegi we töwekgelçiligini çaklamagy;

3) howply önümçilik desgalarynda, şol sanda beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan howply önümçilik desgalarynda işler ýerine ýetirilende ýa-da hyzmatlar edilende heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek boýunça çäreleri meýilleşdirmegi we durmuşa geçirmegi;

4) howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň we hadysalaryň öňüni almak boýunça işleri utgaşdyrmagy;

5) senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny amala aşyrmagy;

6) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda howply önümçilik desgasynda tehniki gurluşlaryň tejribe hökmünde ulanylmagynyň howpsuzlygyny;

7) howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek boýunça çärelere öz wagtynda düzedişleri girizmegi;

8) howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanmagynda we durmuşa geçirilmeginde howply önümçilik desgalaryny ulanýan guramalaryň işgärleriniň gatnaşmagyny;

9) senagat howpsuzlygy çygryndaky işi amala aşyrmagyň maglumatlaýyn üpjünçiligini.

5. Senagat howpsuzlygyny dolandyrmagyň ulgamlaryny resminamalaýyn üpjün etmäge talaplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edaralar tarapyndan bellenýär.

13-nji madda. Heläkçilikleriň sebäpleriniň tehniki derňewi

1. Howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň döremeginiň sebäplerini anyklamak üçin tehniki derňew geçirilýär.

Heläkçiligiň sebäpleriniň tehniki derňewi ygtyýarly edaranyň ýa-da onuň ýerli edarasynyň wekili tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýörite topar tarapyndan geçirilýär.

2. Görkezilen toparyň düzümine şular hem girizilýär:

1) çäginde howply önümçilik desgasy ýerleşýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri;

2) howply önümçilik desgasyny ulanýan guramanyň wekilleri;

3) howply önümçilik desgasyny ulanýan guramanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan ätiýaçlandyryjynyň wekilleri;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wekiller.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti heläkçiligiň sebäplerini tehniki derňemek boýunça döwlet toparyny döretmek barada çözgüt kabul edip we görkezilen toparyň başlygyny belläp biler.

4. Heläkçiligiň sebäplerini tehniki derňemek boýunça topar derňewe bilermenlik ýuridik şahslary, senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleri we gözläp-agtaryş, taslaýyş, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleri çygyrlaryndan, enjamlary taýýarlamak we beýleki çygyrlardan hünärmenleri çekip biler.

5. Howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama, onuň işgärleri, senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçiren ýuridik şahs heläkçiligiň sebäplerini tehniki derňemek boýunça topara onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy üçin zerur bolan ähli maglumaty görkezilen topara bermäge borçludyrlar.

6. Heläkçiligiň sebäpleriniň tehniki derňewini geçirmegiň netijeleri boýunça nama düzülýär, namada heläkçiligiň sebäpleri we ýagdaýlary, ýetirilen zyýanyň möçberi, senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň ýol berlen bozulmalary, bu bozulmalara ýol beren adamlar, şeýle hem heläkçiligi çäklendirmek we onuň netijelerini ýok etmek üçin görlen çäreler görkezilýär we şonuň ýaly heläkçilikleriň öňüni almak boýunça teklipler saklanýar.

7. Heläkçiligiň sebäpleriniň tehniki derňewiniň materiallary ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edarasyna, heläkçiligiň sebäplerini tehniki derňemek boýunça toparyň agzalaryna, şeýle hem gyzyklanýan gaýry döwlet edaralaryna iberilýär.

8. Heläkçiligiň sebäpleriniň tehniki derňewini geçirmegiň we heläkçiligiň sebäpleriniň tehniki derňewiniň namasyny resmileşdirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenýär.

9. Heläkçiligiň sebäpleriniň tehniki derňewiniň çykdajylaryny meýilleşdirmek heläkçiligiň bolup geçen howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama tarapyndan amala aşyrylýar.

14-nji madda. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesi

1. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine şular degişlidir:

1) howply önümçilik desgasyny konserwirlemegiň we ýok etmegiň resminamalary;

2) howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň resminamalary, eger görkezilen resminamalar şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilermenler seljermesine degişli bolan taslama resminamalarynyň düzümine girmeýän halatynda;

3) şu Kanunyň 8-nji maddasynda bellenilen halatlarda howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlar;

4) tehnologik iş ýöredişi amala aşyrmak, çig maly ýa-da önümleri saklamak, adamlary we ýükleri başga ýere geçirmek, heläkçiligi çäklendirmek we onuň netijelerini ýok etmek üçin niýetlenen howply önümçilik desgasyndaky binalar we desgalar;

5) howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň resminamalarynyň düzüminde işlenilip taýýarlanýan senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy, eger ol şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilermenler seljermesine degişli bolan howply önümçilik desgasynyň taslama resminamalarynyň düzümine girmeýän bolsa ýa-da gaýtadan işlenilip taýýarlanýan senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy;

6) howply önümçilik desgasyny konserwirlemegiň we ýok etmegiň resminamalarynyň düzüminde işlenilip taýýarlanýan senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy;

7) howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasy, şeýle hem howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasyna girizilen üýtgetmeler.

2. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesi ony buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna görkezilen bilermenler seljermesini geçirmäge ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahs tarapyndan geçirilýär.

Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirmäge ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahsa oňa ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň bilen bir birleşige girýän şahslara eýeçilik hukugy ýa-da gaýry kanuny esasda degişli bolan howply önümçilik desgasy babatda görkezilen bilermenler seljermesini geçirmek gadagan edilýär. Şu talabyň bozulmagy bilen taýýarlanan senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasy şu Kanun bilen bellenilen maksatlara peýdalanylyp bilinmez.

3. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesi senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalarda we düzgünlerde bellenilen tertipde ylmyň we tehnikanyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen geçirilýän barlaglaryň garaşsyzlygy, obýektiwligi, hemmetaraplaýynlygy we dolulygy ýörelgeleri esasynda geçirilýär.

4. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirmegiň netijesi netijenama bolup durýar, ol senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçiren ýuridik şahsyň ýolbaşçysy we görkezilen bilermenler seljermesi geçirilende gatnaşan senagat howpsuzlygy çygrynda bilermen ýa-da bilermenler tarapyndan gol çekilýär. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasyny resmileşdirmäge talaplar senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler bilen bellenýär.

5. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasy ony buýrujy tarapyndan ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edarasyna berilýär, olar bu netijenamany onuň gelip gowşan gününden bäş iş gününiň dowamynda Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamalarynyň sanawyna girizýärler. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasy şu Kanunda bellenilen maksatlar üçin diňe onuň ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edarasy tarapyndan Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamalarynyň sanawyna girizilen senesinden peýdalanylyp bilner.

6. Şu Kanunyň maksatlary üçin görnetin ýalan senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasy diýlip, görkezilen bilermenler seljermesini geçirmezden taýýarlanan ýa-da ol geçirilenden soň, ýöne senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň obýektleri bolan senagat howpsuzlygy çygrynda bilermene ýa-da bilermenlere berlen we senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň dowamynda seredilen materiallaryň mazmunyna ýa-da howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlaryň, howply önümçilik desgasyndaky binalaryň we desgalaryň hakyky ýagdaýyna göz-görtele garşy gelýän netijenama düşünilýär.

Görnetin ýalan diýlip ykrar edilen senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasy Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamalarynyň sanawyndan aýrylmaga degişlidir.

7. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamalarynyň sanawyny alyp barmak ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

8. Senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy şulara borçludyr:

1) senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalarda we düzgünlerde bellenilen tertipde senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň geçirilmegini guramaga;

2) senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň geçirmegini üpjün etmäge;

3) senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirmek üçin zerur bolan enjamlaryň, abzallaryň, materiallaryň we maglumat üpjünçilik serişdeleriniň bolmagyny üpjün etmäge.

9. Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermen şulara borçludyr:

1) senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine berlen materiallara we howply önümçilik desgasynda ulanylýan tehniki gurluşlaryň hakyky ýagdaýyna, howply önümçilik desgasyndaky binalara we desgalara seljerme geçirmek ýoly bilen senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň obýektleriniň senagat howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklygyny kesgitlemäge, senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasyny taýýarlamaga we ony senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna bermäge;

2) senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalar we düzgünler bilen bellenilen senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibini we senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasyny resmileşdirmegiň talaplaryny berjaý etmäge;

3) senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasynda bolan netijeleriň obýektiwligini we esaslylygyny üpjün etmäge;

4) senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesine berlen materiallaryň abat saklanmagyny we görkezilen bilermenler seljermesini geçirmegiň barşynda alnan maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmäge.

10. Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermene özüniň zähmet gatnaşyklarynda durýan ýuridik şahsyna eýeçilik hukugy ýa-da gaýry kanuny esasda degişli bolan howply önümçilik desgasy babatda senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesi geçirilende gatnaşmak gadagan edilýär. Şu talabyň bozulmagy bilen taýýarlanan senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesiniň netijenamasy şu Kanun bilen bellenilen maksatlara peýdalanylyp bilinmez.

15-nji madda. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasyny işläp taýýarlamak

1. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasyny işläp taýýarlamak heläkçilikleriň töwekgelçiligine we onuň bilen bagly wehimlere hemmetaraplaýyn baha bermegi; heläkçilikleriň öňüni almak boýunça, howply önümçilik desgasyny senagat howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklykda ulanmaga, şeýle hem howply önümçilik desgasynda heläkçiligi çäklendirmäge we onuň netijelerini ýok etmäge taýýarlygy üpjün etmek boýunça kabul edilen çäreleriň ýeterlikligini seljermegi; heläkçilikleriň netijeleriniň gerimini we howply önümçilik desgasynda heläkçilik bolan halatynda ýetirilen zyýanyň möçberini peseltmäge gönükdirilen çäreleriň işlenilip taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar.

Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasynda saklanýan maglumatlaryň sanawy we ony resmileşdirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýär.

2. Şu Kanunyň 2-nji goşundysynda görkezilen mukdarlarda howply maddalar (partlaýjy maddalary partlaýyş işleri geçirilende peýdalanmak muňa girmeýär) alynýan, peýdalanylýan, gaýtadan işlenilýän, döredilýän, saklanýan, daşalýan, ýok edilýän I we II howplulyk derejeli howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasyny işläp taýýarlamagynyň hökmanylygy şu Kanun bilen bellenýär.

3. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy howply önümçilik desgasyny gurmagyň, üýtgedip gurmagyň taslama resminamalarynyň, şeýle hem howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň, konserwirlemegiň, ýok etmegiň resminamalarynyň düzüminde işlenilip taýýarlanýar.

4. Ulanyşda bolan howply önümçilik desgasynyň senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy şu halatlarda gaýtadan işlenilip taýýarlanýar:

1) soňky senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasynyň Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýalarynyň sanawyna girizilen gününden on ýyl geçen halatynda;

2) howply önümçilik desgasynda tehnologik iş ýöredişleriň üýtgän ýa-da howply önümçilik desgasynda bolan ýa-da bolup biljek howply maddalaryň mukdarynyň ýigrimi göterimden köp ýokarlanan halatynda;

3) senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň üýtgän halatynda;

4) senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasynda saklanýan maglumatlaryň senagat howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň barşynda alnan maglumatlara laýyk gelmeýänligi ýüze çykarylan halatynda ygtyýarly edaranyň ýa-da onuň ýerli edarasynyň tabşyryknamasy boýunça.

5. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy howply önümçilik desgasyny ulanýan guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýar.

Howply önümçilik desgasyny ulanýan guramanyň ýolbaşçysy senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasynda saklanýan maglumatlaryň dolulygy we hakykylygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

6. Howply önümçilik desgasyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň, konserwirlemegiň we ýok etmegiň resminamanlarynyň düzüminde işlenilip taýýarlanýan senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy we gaýtadan işlenilip taýýarlanylýan senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy bellenilen tertipde senagat howpsuzlygynyň bilermenler seljermesinden geçirilýär. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasyny saklaýan howply önümçilik desgasyny gurmagyň, üýtgedip gurmagyň taslama resminamalary şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilermenler seljermesine degişlidir.

7. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde berilýär.

8. Ygtyýarly edara ýa-da onuň ýerli edarasyna berlen senagat howpsuzlygynyň deklarasiýasy degişli resminamalaryň gelip gowşan gününden bäş iş gününiň dowamynda Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýalarynyň sanawyna girizilýär.

9. Senagat howpsuzlygynyň deklarasiýalarynyň sanawyny alyp barmak ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

16-njy madda. Howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyryşy

Howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyryşy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

17-nji madda. Senagat howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi

1. Senagat howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi diýlip, ygtyýarly döwlet edaralarynyň senagat howpsuzlygy çygryndaky işi amala aşyrýan ýuridik şahslara, olaryň ýolbaşçylaryna we gaýry wezipeli adamlaryna, ýuridik şahs döretmezden telekeçilik işi bilen meşgul bolýan adamlara we olaryň ygtyýarly wekillerine (mundan beýläk — ýuridik şahslar we telekeçiler) barlaglary guramak we geçirmek, ýüze çykarylan bozulmalaryň öňüni almak, olary duýdurmak we aradan aýyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleriň görülmegi arkaly görkezilen adamlar tarapyndan şu Kanun, beýleki kanunlar, olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplaryň (mundan beýläk — hökmany talaplar) bozulmagyny duýdurmaga, olary ýüze çykarmaga we öňüni almaga gönükdirilen işine we görkezilen ygtyýarly döwlet edaralarynyň ýuridik şahslar we telekeçiler öz işlerini amala aşyranlarynda olaryň hökmany talaplary ýerine ýetirmegini yzygiderli synlamak, görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny seljermek we çaklamak boýunça işine düşünilýär.

2. Senagat howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi özleriniň ygtyýarlylyklaryna laýyklykda ygtyýarly edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Senagat howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak bilen bagly ýuridik şahslaryň we telekeçileriň barlaglaryny guramak we geçirmek barlaglary guramagyň we geçirmegiň şu maddanyň dördünji-on ikinji böleklerinde bellenilen aýratynlyklaryny hasaba almak bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

4. Senagat howpsuzlygy çygryndaky işi amala aşyrmagyň barşynda ýuridik şahslar we telekeçiler tarapyndan hökmany talaplaryň berjaý edilişi, şeýle hem peýdalanylýan binalaryň, jaýlaryň, desgalaryň, tehniki gurluşlaryň, enjamlaryň we materiallaryň, amala aşyrylýan tehnologik iş ýöredişleriň görkezilen talaplara laýyklygy barlagyň närsesi bolup durýar. Eger senagat howpsuzlygy çygryndaky iş ýuridik şahslar we telekeçiler tarapyndan howply önümçilik desgasynyň howpsuzlygynyň esaslandyrmasyny ulanmak bilen amala aşyrylýan halatynda, şeýle howpsuzlygyň esaslandyrmasynyň berjaý edilmegi barlagyň närsesi bolup durýar.

5. Şularyň başlanan gününden şu maddanyň altynjy bölegi bilen bellenilen döwrüň geçmegi meýilleşdirilen barlagy meýilleşdirilen barlaglary geçirmegiň her ýylky meýilnamasyna goşmak üçin esas bolýar:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde howply önümçilik desgasyny, şol sanda howply önümçilik desgasy ulanylanda peýdalanylýan binalary, jaýlary, desgalary, tehniki gurluşlary, enjamlary we materiallary gurluşykdan, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, üýtgedip gurmakdan we düýpli abatlamakdan soň ulanylmaga girizmek barada çözgüdiň kabul edilmegi;

2) howply önümçilik desgasynyň Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige alynmagy;

3) soňky meýilleşdirilen barlagyň geçirilmeginiň tamamlanmagy.

6. Ýuridik şahslaryň we telekeçileriň meýilleşdirilen barlagynyň geçirilmegi aşakdaky döwürleýinlikde amala aşyrylýar:

1) I we II howplulyk derejeli howply önümçilik desgalary babatda bir ýylyň dowamynda bir gezekden az bolmadyk ýygylykda;

2) III howplulyk derejeli howply önümçilik desgalary babatda üç ýylyň dowamynda bir gezekden az bolmadyk ýygylykda.

7. IV howplulyk derejeli howply önümçilik desgalary babatda meýilleşdirilen barlaglar geçirilmeýär.

8. Meýilleşdirilen barlaglary geçirmegiň her ýylky meýilnamasynda, ygtyýarly edaranyň barlagy bellemek baradaky buýrugynda, barlagyň namasynda özi babatda barlaglar boýunça degişlilikde çäreler geçirilmegi meýilleşdirilýän we görkezilen çäreler hakykatda geçirilen howply önümçilik desgasynyň ady we ýerleşýän ýeri goşmaça görkezilýär.

9. Meýilnamadan daşary barlaglary geçirmek üçin şular esas bolýar:

1) ýüze çykarylan hökmany talaplaryň bozulmalaryny aradan aýyrmak barada ygtyýarly edaranyň beren tabşyryknamasyny ýuridik şahsyň we telekeçiniň ýerine ýetirmeginiň möhletiniň geçmegi;

2) ygtyýarly edara hökmany talaplaryň bozulmalarynyň hakyky ýagdaýlary barada, peýdalanylýan binalaryň, jaýlaryň, desgalaryň, tehniki gurluşlaryň, enjamlaryň we materiallaryň, amala aşyrylýan tehnologik iş ýöredişleriň hökmany talaplara laýyk gelmeýänligi barada raýatlaryň ýüz tutmalarynyň we arzalarynyň ýa-da gaýry maglumatyň gelip gowuşmagy, eger şeýle bozulmalar adamlaryň janyna, saglygyna, haýwanat we ösümlik dünýäsine, daşky gurşawa, döwletiň howpsuzlygyna, fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine zyýan ýetirilmegine wehim döredýän, tehnogen häsiýetli heläkçilikleriň ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň döremegine wehim salýan ýa-da tehnogen häsiýetli heläkçilikleriň ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň döremegi şeýle zyýanyň ýetirilmegine eltýän bolsa;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygyna laýyklykda ýa-da kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň çäklerinde prokuratura edaralaryna gelip gowşan materiallar we ýüz tutmalar boýunça meýilnamadan daşary barlagy geçirmek barada prokuroryň talabynyň esasynda ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysynyň meýilnamadan daşary barlagy geçirmek barada beren buýrugynyň bolmagy.

10. Şu maddanyň dokuzynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilen esas boýunça meýilnamadan daşary ýerindäki barlag Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde prokuratura edaralaryny habarly etmek bilen haýal etmezden geçirilip bilner.

11. Şu maddanyň dokuzynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilen esas boýunça meýilnamadan daşary ýerindäki barlagyň geçirilmegi barada deslapdan ýuridik şahsa we telekeçä habar berilmegine ýol berilmeýär.

12. Barlagy geçirmegiň möhleti onuň başlanan gününden otuz iş gününden köp bolmaly däldir.

Çylşyrymly ýa-da uzak wagtlyk barlaglary, synaglary, ýörite bilermenler seljermelerini we derňewleri geçirmek zerurlygy bilen bagly aýratyn halatlarda barlagy geçirýän ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlarynyň delillendirilen teklipleri esasynda bu edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan barlag geçirmegiň möhleti ýigrimi iş gününden köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.

13. I howplulyk derejeli howply önümçilik desgalarynda hemişelik döwlet gözegçiligi düzgüni bellenýär, ony amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

14. Ygtyýarly edaralaryň wezipeli adamlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şulara hukugy bardyr:

1) barlagy geçirmegiň barşynda zerur bolan maglumatlary we resminamalary delillendirilen ýazmaça haýyşnama esasynda ýuridik şahsdan we telekeçiden soramaga we almaga;

2) gulluk şahadatnamasyny we ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysynyň barlagy bellemek barada buýrugynyň nusgasyny görkezmek bilen howply önümçilik desgalaryna päsgelçiliksiz barmaga we ýuridik şahslar we telekeçiler tarapyndan öz işleri amala aşyrylanda peýdalanylýan binalary, jaýlary, desgalary, tehniki gurluşlary, enjamlary we materiallary barlamagy geçirmäge, şeýle hem barlamak boýunça zerur barlaglary, synaglary, bilermenler seljermelerini, derňewleri we beýleki çäreleri geçirmäge;

3) ýuridik şahslara we telekeçilere hökmany talaplaryň ýüze çykarylan bozulmalaryny aradan aýyrmak barada, adamlaryň janyna, saglygyna, haýwanat we ösümlik dünýäsine, daşky gurşawa, döwletiň howpsuzlygyna, fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine zyýan ýetirilmeginiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň döremeginiň öňüniň alynmagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň geçirilmegi barada tabşyryknama bermäge;

4) hökmany talaplaryň bozulmagy bilen bagly administratiw hukuk bozulmalar hakynda teswirnamalar düzmäge, görkezilen administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we şeýle bozulmalaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge;

5) hökmany talaplaryň bozulmagy bilen bagly materiallary jenaýatlaryň alamatlary boýunça jenaýat işlerini gozgamak hakynda meseleleri çözmek üçin degişli edaralara ibermäge;

6) işgärleriň janyna we saglygyna wehim bolan halatynda adamlary iş ýerlerinden çykarmak barada görkezmeler bermäge.

15. Hökmany talaplaryň bozulmagy netijesinde adamlaryň janyna, saglygyna, haýwanat we ösümlik dünýäsine daşky gurşawa, döwletiň howpsuzlygyna, fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak barada hak islegi boýunça netije bermek üçin ygtyýarly edaralar kazyýet tarapyndan işe gatnaşmaga çekilip bilner ýa-da olar öz başlangyjy boýunça işe girişmäge haklydyrlar.

18-nji madda. Howply önümçilik desgalary gurlanda, üýtgedilip gurlanda döwlet gözegçiligi

Howply önümçilik desgalary gurlanda, üýtgedilip gurlanda döwlet gözegçiligi şähergurluşygy babatda ygtyýarly edara tarapyndan şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

19-njy madda. Senagat howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik

Senagat howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

20-nji madda. Howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna zyýan ýetirilenligi üçin jogapkärçilik

1. Howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna zyýan ýetirilen halatynda zyýan ýetirilenligi üçin jogapkär howply önümçilik desgasyny ulanýan gurama ýa-da howply önümçilik desgasynyň gaýry eýesi ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň hasabyna öwezini pul bilen dolmagyň tölenilmegini üpjün etmäge borçludyr. Öwezini pul bilen dolmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

2. Howply önümçilik desgasynda heläkçiligiň ýa-da hadysanyň netijesinde raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň hasabyna öwezini pul bilen dolmagyň tölenilmegi zyýan ýetirilenligi üçin jogapkär şahsy, onuň öwezini geçirilen öwezini pul bilen dolmagyň möçberinden artýan böleginde Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda dolmakdan boşatmaýar.

III BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

21-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy şu Kanuna laýyk getirilýänçä, ol şu Kanuna garşy gelmeýän böleginde ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

***

1-nji goşundy

Howply önümçilik desgalary

I. Howply önümçilik desgalarynyň toparlaryna eger olarda şu aşakdaky ýagdaýlar bar bolsa, şu obýektler degişlidir:

1) howply maddalaryň şu Kanunyň 2-nji goşundysynda görkezilen mukdarlardaky aşakdaky görnüşleri alynýan, peýdalanylýan, gaýtadan işlenilýän, döredilýän, saklanylýan, daşalýan, ýok edilýän bolsa:

a) ot alyjy maddalar — kadaly basyşda we howa bilen garylanda ot alyjy bolýan gazlar we kadaly basyşda olaryň gaýnama temperaturasy Selsiý boýunça 20 gradus ýa-da ondan pes bolsa;

b) okislenýän maddalar — ýanmagyna getirýän ot almagy döredýän ýa-da okislenme-dikeldiş ekzotermik reaksiýanyň netijesinde beýleki maddalaryň ot almagyna ýardam edýän maddalar;

ç) ýanyjy maddalar — öz-özünden ot alyp bilýän, şeýle hem otlanyş çeşmesinden ot almaga ukyply we ol aýrylandan soň özbaşdak ýanmaga ukyply suwuklyklar, gazlar, tozanlar;

d) partlaýjy maddalar — daşarky täsiriň kesgitli bir görnüşlerinde ýylylygy bölüp çykarmak we gazlary döretmek bilen öz-özünden çaltlyk bilen ýaýraýan himiki taýdan öwrülmäge ukyply maddalar;

e) zäherli maddalar — janly organizmlere täsir edende olaryň ölümine getirmäge ukyply we aşakdaky häsiýetleri bolan maddalar:

– aşgazana goýberilende ölüm howply ortaça mukdary bir kilograma 15 milligramdan 200 milligramy hem goşmak bilen şoňa çenli;

– derä çalnanda ölüm howply ortaça mukdary bir kilograma 50 milligramdan 400 milligramy hem goşmak bilen şoňa çenli;

– howada ölüm howply ortaça toplanmasy bir litre 0,5 milligramdan 2 milligramy hem goşmak bilen şoňa çenli;

ä) ýokary derejede zäherleýji maddalar — janly organizmlere täsir edende olaryň ölümine getirmäge ukyply we aşakdaky häsiýetleri bolan maddalar:

– aşgazana goýberilende ölüm howply ortaça mukdary bir kilograma 15 milligramdan köp bolmadyk;

– derä çalnanda ölüm howply ortaça mukdary bir kilograma 50 milligramdan köp bolmadyk;

– howada ölüm howply ortaça toplanmasy bir litre 0,5 milligramdan köp bolmadyk;

f) daşky gurşaw üçin howp salýan maddalar — suw gurşawynda aşakdaky ýiti zäherlilik görkezijileri bilen häsiýetlendirilýän maddalar;

– balyga 96 sagadyň dowamynda ingalýasiýa taýdan täsir edende ölüm howply ortaça mukdary bir litre 10 milligramdan köp bolmadyk;

– dafniýa (suw büresine) 48 sagadyň dowamynda täsir edende kesgitli bir netijäni ýüze çykarýan awynyň ortaça toplanmasy bir litre 10 milligramdan köp bolmadyk;

– suwotylara 72 sagadyň dowamynda täsir edende ortaça ingibirleýji toplanmasy bir litr üçin 10 milligramdan köp bolmadyk;

2) 0,07 megapaskaldan köp artykmaç basyşda işleýän enjam peýdalanylýan bolsa:

a) bug, gaz ( gaz görnüşli, suwuklandyrylan ýagdaýda);

b) Selsiý boýunça 115 gradusdan ýokary temperaturada gyzdyrylan suwlar;

ç) 0,07 megapaskaldan artykmaç basyşda olaryň gaýnaýyş temperaturasyndan ýokary temperaturadaky gaýry suwuklyklar;

3) hemişelik oturdylan ýük göteriji mehanizmler (muňa liftler, maýyplar üçin ýokary göteriji platformalar girmeýär), uzynlygy 20 metr we şondan köp bolan eskalatorlar, polat tanap ýollar, funikulýorlar peýdalanylýan bolsa;

4) gara we reňkli metallaryň erginleri, şol erginleriň esasynda eretmegiň aňryçäk mukdary 500 we şondan köp kilogram hasaplanan enjamy ulanmak bilen erginler alynýan, daşalýan, peýdalanylýan bolsa;

5) dag-magdan işleri (muňa umumy ýaýran peýdaly baýlyklaryň gazylyp alynmagy we partlaýyş işlerini ulanmazdan açyk usul bilen amala aşyrylýan gazylyp alynýan ürgün haldaky peýdaly baýlyklaryň känleriniň işlenip taýýarlanylmagy girmeýär), gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary baýlaşdyrmak boýunça işler, şeýle hem ýerasty şertlerde işler alnyp barylýan bolsa;

6) ösümlik çig malyny saklamak we gaýtadan işlemek işleriniň amala aşyrylýan, olaryň barşynda öz-özünden ot almaga, otlaýyş çeşmesinden ot almaga we ol aýrylandan soň özbaşdak ýanmaga ukyply partlaýyş howply tozanly howa garyndylary döreýän, şeýle hem öz-özünden gyzmaga we öz-özünden ot almaga meýilli dänäniň, onuň gaýtadan işlenen önümleriniň, garnuwly ot-iým çig malyň saklanylmagy amala aşyrylýan bolsa.

II. Howply önümçilik desgalaryna şular degişli däldir:

– elektrik ulgamy hojalygynyň obýektleri;

– tebigy gazyň ýa-da suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň 0,005 megapaskaly hem goşmak bilen şoňa çenli basyşynda işleýän gaz paýlaýjy ulgamlary we gaz sarp ediji ulgamlary.

2-nji goşundy

Howply önümçilik desgalarynyň toparlanmasy

1. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 1-nji bendinde (muňa şu goşundynyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen obýektler degişli däldir) görkezilen howply önümçilik desgalarynyň howplulyk derejeleri şu goşundynyň 1-nji we 2-nji tablisalaryna laýyklykda howply önümçilik desgasynda şol bir wagtda bar bolan ýa-da bolup biljek howply maddanyň ýa-da howply maddalaryň mukdaryndan ugur alnyp bellenýär.

Şu goşundynyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen howply önümçilik desgasynyň howplulyk derejeleri şu goşundynyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen baha beriş ölçeglere laýyklykda bellenýär.

2. Himiki ýarag öndürilende ýa-da taýýarlananda ulanylyp bilinjek himiki önüm saklanýan obýektler, olary ýok etmek boýunça obýektler we ýörite himiýanyň howply önümçilik desgalary üçin I howplulyk derejesi bellenýär.

3. Nebit, gaz we gaz kondensatyny burawlaýan we gazyp alýan howply önümçilik desgalary üçin şu aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) II howplulyk derejesi — önümiň düzüminde kükürtli wodorodyň göwrümi 6 göteriminden ýokary bolan şeýle önümiň zyňyndylary böleginde howp döredip biljek howply önümçilik desgalary üçin;

2) III howplulyk derejesi — önümiň düzüminde kükürtli wodorodyň göwrümi 1 göterimden 6 göterime çenli şeýle önümiň zyňyndylary böleginde howpy bolan howply önümçilik desgalary üçin;

3) IV howplulyk derejesi — şu bölegiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilmedik howply önümçilik desgalary üçin.

4. Gaz paýlaýjy beketler, gaz paýlaýjy we gaz sarp ediş ulgamlary üçin aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) II howplulyk derejesi — 1,2 megapaskaldan ýokary basyşda tebigy gazy ýa-da 1,6 megapaskaldan ýokary basyşda suwuklandyrylan uglewodorod gazyny daşamak üçin niýetlenen howply önümçilik desgalary üçin;

2) III howplulyk derejesi — 0,005 megapaskaldan ýokary 1,2 megapaskaly hem goşmak bilen, şoňa çenli basyşda tebigy gazy ýa-da 0,005 megapaskaldan ýokary 1,6 megapaskaly hem goşmak bilen şoňa çenli basyşda suwuklandyrylan uglewodorod gazyny daşamak üçin niýetlenen howply önümçilik desgalary üçin.

5. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 2-nji bendinde görkezilen howply önümçilik desgalary üçin aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) III howplulyk derejesi — ilatyň we sarp edijileriň durmuş taýdan mätäç toparlarynyň ýylylyk üpjünçiligini amala aşyrýan howply önümçilik desgalary, şeýle hem 1,6 megapaskal we şondan ýokary basyşda ýa-da iş düzgüni Selsiý boýunça 250 gradus we şondan ýokary temperaturada işleýän enjamlar ulanylýan gaýry howply önümçilik desgalary üçin;

2) IV howplulyk derejesi — şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilmedik howply önümçilik desgalary üçin.

6. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 3-nji bendinde görkezilen howply önümçilik desgalary üçin aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) III howplulyk derejesi — asma polat tanap ýollary üçin;

2) IV howplulyk derejesi — şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilmedik howply önümçilik desgalary üçin.

7. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 4-nji bendinde görkezilen howply önümçilik desgalary üçin aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) II howplulyk derejesi — erginiň aňrybaş mukdary 10000 kilogram we şondan köp hasaplanan enjam peýdalanylýan howply önümçilik desgalary üçin;

2) III howplulyk derejesi — erginiň aňrybaş mukdary 500-den 10000 kilograma çenli hasaplanan enjam peýdalanylýan howply önümçilik desgalary üçin.

8. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 5-nji bendinde görkezilen howply önümçilik desgalary üçin aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) I howplulyk derejesi — ýerasty baýlyklaryň ýer böleginde ýeriň aşagynda dag-magdan işlerini alyp barýan obýektler üçin, olarda şular ýüze çykyp biler:

– gazyň ýa-da tozanyň partlamasy;

– dag jynsynyň, gazyň ýa-da tozanyň duýdanzyz zyňylmalary;

– dag urgulary;

– ýerasty dag-magdan känlerine suwlaryň böwsülmegi;

2) II howplulyk derejesi — şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilmedik ýeriň aşagynda dag-magdan işlerini alyp barýan obýektler üçin, şeýle hem işlenip çykarylýan dag-magdan massasynyň göwrümi ýylda bir million kub metr we şondan köp bolan açyk dag-magdan işleri alnyp barylýan obýektler üçin;

3) III howplulyk derejesi — işlenip çykarylýan dag-magdan massasynyň göwrümi ýylda ýüz müňden bir million kub metre çenli bolan açyk dag-magdan işleri alnyp barylýan obýektler, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary baýlaşdyrmak işleri alnyp barylýan obýektler üçin;

4) IV howplulyk derejesi — işlenip çykarylýan dag-magdan massasynyň göwrümi ýylda ýüz müň kub metrden az bolan açyk dag-magdan işleri alnyp barylýan obýektler üçin.

9. Şu Kanunyň 1-nji goşundysynyň I bölüminiň 6-njy bendinde görkezilen howply önümçilik desgalary üçin aşakdaky howplulyk derejeleri bellenýär:

1) III howplulyk derejesi — elewatorlar, un, ýarma üweýän, garnuwly ot-iým önümçiliginiň howply önümçilik desgalary üçin;

2) IV howplulyk derejesi — gaýry howply önümçilik desgalary üçin.

10. Eger şu goşundynyň birinji-dokuzynjy böleklerinde görkezilen baha beriş ölçegleri boýunça howply önümçilik desgasy üçin howplulygyň dürli derejeleri bellenip bilinjek bolsa, şu halatda howplulygyň iň ýokary derejesi bellenýär.

11. Eger şu goşundynyň birinji-onunjy böleklerine laýyklykda II, III ýa-da IV howplulyk derejesi bellenmeli howply önümçilik desgasy aýratyn goralýan ýerleriň tebigy çäklerinde, Türkmenistanyň kontinental şelfinde, içerki suwlarynda, çäk deňzinde ýa-da deňiz ykdysady zolagynda, suw obýektinde döredilen emeli ýer böleginde ýerleşýän bolsa, şu halatda şunuň ýaly howply önümçilik desgasy üçin degişlilikde howplulygyň has ýokary derejesi bellenýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir