Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda.

I. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda) 42-nji maddasyna şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

ikinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Raýatlary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;

üçünji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Raýatlary bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;

dördünji bölegi aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda.
I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda) 16-njy maddasynyň altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Şu bitewi Kanunyň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulandan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

TÜRKMENISTANYŇ КАNUNY «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda»

I. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 52-nji madda) 16-njy maddasynyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanda zähmet ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama baglaşan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmazdan, Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýarlar, olara iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygy degişli edilmeýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda.

I. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 8-nji madda; 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2014 ý., № 1, 42-nji madda; 2015 ý., № 4, 125-nji madda; 2016 ý., № 4, 164-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

8-nji maddanyň dördünji böleginde «prokuratura edaralaryna,» diýen sözlerden soň, «Adalatça,» diýen sözi goşmaly;

21-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinden soň, şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) Adalatçy;»;

62-nji maddanyň üçünji böleginde «prokuratura,» diýen sözden soň, «Adalatçy,» diýen sözi goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Arçynlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda.

I. 2007-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen «Arçynlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 36-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda.

I. 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 29-njy madda; 2015 ý., № 3, 105-nji madda) şu goşmaçany girizmeli:

7-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinden soň, şu mazmunly bendi goşmaly:

«31) adam söwdasynyň pidasy statusy berlende;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.

 

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir