Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine degişli möhüm meselelere garaldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe taýdan goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýyldaky “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Kararyndan ugur alyp, daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny satyn almak, şeýle hem maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin maliýe serişdeleri berilýär.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde geçirilen Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça Döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde bu ugurda alnyp barylýan işler düýpli seljerilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň ösüşinde ýurdumyzyň telekeçiligine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Amatly şertlerde ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, hasyllylygy ýokarlandyrýan döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, gaýtadan işlenilýän oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyny, täze ýerleriň dolanyşyga girizilmegini, ýokary hilli azyk önümleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek ulgamynda alnyp barylýan işler babatda degişli teklipleriň birnäçesi hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidigini aýdyp, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmagyň, ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürmegiň we olaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklary berip, ýangyç-energetika toplumynyň düzümini hem-de tehniki babatda enjamlaşdyrylyşynyň döwrebaplaşdyrylmagy, döwrebap gazy gaýtadan işleýän zawodlary gurmagy, pudaga goşmaça maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de dolandyryş babatdaky tejribäni çekmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi we wise-premýere bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R. Bazarow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ak ekinlere ösüş suwuny bermek we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda sürüm işleri alnyp barylýar we ýerler tekizlenilýär. Şunuň bilen bir hatarda, zerur bolan ýerlerde ýuwuş suwy tutulýar. Etraplarda we daýhan birleşiklerinde gök hem-de bakja ekinlerini ekmäge niýetlenen ýerler kesgitlendi we tohumlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Oba hojalyk ekinleri üçin himiýa serişdelerini satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görmek, bugdaýdan bol hasyl almak maksady bilen, ak ekinlere degişli idegi ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi. Ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba we suw hojalygy ministrligine bugdaý we gowaça ösdürilip ýetişdirilende ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş goraglylygyna mätäçlik çekýän, mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Iri panelli dört gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasynda mümkinçiligi çäkli raýatlaryň mynasyp ýaşaýşy üçin şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem olaryň golaýynda işe ýerleşmek mümkinçiligini üpjün edýän desgalar bina ediler.

– Size mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, durmuş syýasatyny giň gerim bilen amala aşyrmak Prezident hökmünde meniň alyp barýan işimiň we ýurdumyzyň Hökümetinde alnyp barylýan işleriň esasy ugry bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar, Saglyk öýleri we beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlar.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçiligi çäkli bolan we durmuş taýdan goraglylyga mätäç raýatlar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň möhümdigine ünsi çekdi we öýleriň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belläp, olaryň maýyp adamlara mugt berilmelidigini aýtdy. Biz bu işleri yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda şeýle jaýlaryň düýbüni tutmak dabarasyna hormatly ýaşulularyň gatnaşyp, asylly däbe görä bu başlangyja ak pata bermekleriniň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Kabul edilen resminamanyň möhümdigini ýene-de bir gezek bellemek bilen hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň güýzünde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde şäher köçelerini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde 3 müň 258 sany ýaşaýyş jaýynyň durky täzelenýär, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanaşyk ýerlerinde 236,9 müň inedördül metr asfalt düşemek işleri ýerine ýetirildi. Şäheriň ýaşaýyş jaý toplumlarynda köp gatly awtoduralgalaryň 19-synyň gurluşygy meýilleşdirilip, häzirki wagtda olaryň 3-si gurlup, ulanmaga berildi we 16-synyň gurluşyk işleri dowam edýär. Şeýle hem açyk görnüşli awtoduralgalaryň 32-si gurlup, goşmaça 41-siniň gurluşygy alnyp barylýar.

Aşgabat şäheriniň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky meýilnama laýyklykda, köçeleriň 20-sinde uzynlygy 59,8 kilometr bolan ýollarda durkuny täzelemek işleri meýilleşdirip, olaryň 46 kilometrinde işler tamamlandy hem-de awtoulag hereketi ýola goýuldy. Şeýle hem 18 köpri, 32 ýerasty we 15 ýerüsti geçelgeler guruldy.

Ýanwar aýynda paýtagtymyzda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 4-sini, çagalar baglarynyň birini we köp gatly awtoduralgalaryň 3-sini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz agaç nahallarynyň oturdylmalydygyna, adamlaryň oňaýly dynç almagy üçin seýilbaglaryň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere geçirilen işleri gysga wagtyň içinde seljermegi we göz öňünde tutulýan işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda ýurdumyzyň telekommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Aziada-2017-niň ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň şol döwürde ýola goýulmagy meýilleşdirilýän degişli hyzmatlaryň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýän görnüşleriniň hödürlenýändigini mälim edip, olary görüp bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz milli telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de onuň bitewi maglumat giňişligine goşulyşmagynyň, üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, maglumat ulgamlarynyň ýokary derejesini, telekommunikasiýalaryň ösen ulgamyny üpjün etmek babatynda çäreleriň toplumyny belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesine B.Annameredowy belläp, degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary– B.Atdaýewi Ahal welaýaty boýunça, B.Annameredowy Balkan welaýaty boýunça, R.Bazarowy Daşoguz welaýaty boýunça, B.Ereşowy Lebap welaýaty boýunça, B.Hojamämmedowy Mary welaýaty boýunça, D.Amangeldiýewi Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyndaky esasy halkara çäresini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, iri sport wakalaryna hyzmat etmegiň tejribesinden bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini çekmek arkaly jemgyýetçilik iýmiti gullugyny guramak boýunça çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar hem-de myhmanlar üçin hyzmatlaryň ýokary derejede guralmagynyň taýýarlyk işleriniň esasy maksady bolup durýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda iri derejeli şeýle sport çäresiniň geçirilmegi halkara giňişliginde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini, Watanymyzyň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda ýeten sepgitlerini giňden görkezmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlarynyň hemmetaraplaýyn üpjünçiligi, onda hyzmatlaryň ýokary derejede guralmagynyň myhmansöýerlik ýagdaýynyň döredilmegine ýardam berýändigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Türkmenistanda halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanylyşy, bu ulgamda döredilýän düzümleýin we usulyýet binýady barada hasabat berdi.

2016-njy ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky” Kanunyna laýyklykda, türkmen halkynyň medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen,
döwletimiziň halk çeper döredijiligini saklamaga, ösdürmäge we oňa goldaw bermäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Şeýle hem halk çeper döredijilik eserlerini döretmek boýunça ussalara, döredijilik toparlarynyň işine goldaw berilýär, çeper döredijiliginde halk zehinlerini ýüze çykarmak, olaryň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, täze eserleri döretmäge höweslendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz milletimiziň baý medeni mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belläp hem-de halk çeperçilik döredijiliginiň eserleriniň onuň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýdyp, bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly işleri has-da kämilleşdirmek hem-de döwrebap guramagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew
2017-nji ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda halkara synag ýaryşlaryny geçirmek barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda ýokary tehnologiýaly Olimpiýa şäherjiginiň döwrebap sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda V Aziýa oýunlaryna girizilen sport görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilikler döredildi. 2016-njy ýylda bu ýerde sambo, jiu-jitsu hem-de türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatlary, tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça halkara ýaryşlary üstünlikli geçirildi.

Halkara synag sport ýaryşlaryny geçirmegi dowam etmek maksady bilen, şu ýyl üç sany synag ýaryşyny bir wagtda, ýagny 16-30-njy aprel aralygynda agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýa çempionatlary hem-de suwda ýüzmek boýunça sebit halkara ýaryşy geçiriler.

Ýaryşlaryň bir wagtda geçirilmegi Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny we üpjünçilik ulgamlaryny has doly kuwwatda işledilen ýagdaýynda synamaga we olaryň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini barlamaga hem-de zerur işleri geçirmäge uly mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurlan olimpiýa desgalarynyň taýýarlyk derejesini içgin barlamagy hem-de daşary ýurtly wekiliýetleri garşylamakdan we kabul etmekden başlap, ýaryşlaryň tehniki tertibine çenli halkara synag ýaryşlaryny geçirmek bilen bagly ähli guramaçylyk meseleleriniň üstünde oýlanyşykly işlemegi, sport çärelerine hyzmat etmekde daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ulanmagy tabşyrdy.

Biz şu ýyl geçiriljek Aziýa oýunlaryny işjeň wagyz etmelidiris hem-de Türkmenistany iri sport forumlaryny hem-de halkara derejeli ýaryşlary geçirmegiň ykrar edilen merkezine öwürmek boýunça yzygiderli çäreleri görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we dünýäde türkmen sportunyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýurdumyzyň 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň meseleleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň ýokarda agzalan gaznada başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýasynyň taslamasy hödürlenildi. Onda işiň esasy ugurlary, şol sanda suw serişdelerini rejeli ulanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreler kesgitlenildi. Bu esasy ugurlar 2015-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2016-2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, bu babatda Konsepsiýanyň esasy ugurlary Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny dörediji ýurtlaryň hem-de hyzmatdaşlyk edýän halkara we maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen ýylyň 23-nji awgustynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol ýylyň dekabr aýynyň başynda Aşgabatda ýene-de bir duşuşyk guraldy. Onda halkara guramalaryň wekilleri, milli we daşary ýurt bilermenleri özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen tarapynyň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmaga, sazlaşykly dolandyrmagyň hem-de serhetýaka suw serişdelerini rejeli ulanmagyň gurallaryny kämilleşdirmäge, Aral sebitiniň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen tekliplerine garadylar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Düzgünnamasynyň taslamasyny hem-de Ýerine ýetiriji komitetiň düzümine ýurdumyzdan wekilleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň öňünde uly jogapkärçiligiň durýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňünde daşky gurşawy goramak, sebitiň döwletleri bilen iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek wezipesi durýar.

Şeýlelikde, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň işi Aral ýakasynyň ekologiýa ulgamynyň zaýalanmagynyň öňüni almaga, Merkezi Aziýanyň biologik köpdürlüligini hem-de daşky gurşawyny goramaga we tebigy serişdelerini rejeli ulanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady we durmuş ösüşine ýardam bermäge gönükdiriler.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara mähriban ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna rowaçlyk arzuw etdi.

***

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary mahalynda oňa gatnaşýanlara hyzmat etmäge niýetlenen awtoulaglaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministri A.Aýdogdyýew Aziýa oýunlary mynasybetli alynmagy meýilleşdirilýän awtobuslaryň we beýleki ulaglaryň görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi we gelip gowşan teklipleri hemmetaraplaýyn seljermegiň netijeleri boýunça ýurdumyzyň howa şertlerine we beýleki bildirilýän tehniki talaplara laýyk gelýän, şeýle hem dünýäde ygtybarlylygy we ýokary hil derejesi boýunça belli bolan kompaniýalaryň öndürýän ulaglaryny almak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçylar üçin howpsuzlygyň, amatlylygyň üpjün edilmegine hem-de ulag serişdeleriniň ekologiýa taýdan oňaýlylygyna hem-de olaryň bezegine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz awtoulaglaryň bezeginde Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bir hatarda milli bezeg ýörelgelerini ulanmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz awtobuslaryň bir görnüşiniň oňaýlylygyny synagdan geçirdi, şondan soňra hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen ýeňil awtoulaglaryň birini dolandyrdy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyza geljek köpsanly myhmanlar üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilmelidir, şol sanda ýokary hilli ulag hyzmaty ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän günlerinde şäheriň ýollarynda awtoulag hereketiniň bökdençsiz we sazlaşykly amala aşyryljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Aziýa oýunlarynda ýolagçylaryň gatnadylmagyny üpjün etmekde işlediljek ulag serişdelerini seçip almak boýunça anyk tabşyryklary berdi hem-de awtoulaglary milli äheňde bezemek boýunça maslahatlaryny beýan etdi we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin amatly bolar ýaly Oýunlaryň myhmanlary we gatnaşyjylary üçin şäher ulaglarynyň hereketiniň tertibini hem-de ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda görkezmeleri berdi.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir