Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip,Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, şeýle hem Mejlisiň 15-nji oktýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Häzirki döwürde milli parlamentiň komitetlerinde ýurdumyzyň täze kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän namalara Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kadalaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Deputatlar ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri bilen işjeň gatnaşykda bolup, ilat arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar we saýlawçylaryň tekliplerini öwrenýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylyk binýadyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däpleriň oňyn ýörelgelerini we döwrebap meýillere açyklygyny özünde jemleýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ünsüni raýatlyk edaralarynyň ornuny pugtalandyrmak ýaly meselelere çekip, ähli kanunçylyk işiniň jemgyýetimiziň bähbidine gönükdirilmelidigini aýtdy. Çünki halkymyzyň ynamyna mynasyp bolan deputatlaryň esasy wezipesi ilatyň bähbitlerini nazarda tutup, kanunçylyk taslamalarynda döwletimiziň durmuş ulgamynyň möhüm ugurlaryny beýan etmekden ybaratdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň DIM-niň alyp barýan işi, şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolan özara peýdaly sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňe sürýän işjeň başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň 2014-nji  we 2015-nji ýyllarda ulag meseleleri boýunça kabul eden iki sany ýörite Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň esasynda indiki aýyň ahyrynda paýtagtymyzda  Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçiriler. Onuň işine dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler, onlarça halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bu maslahata taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Şeýle-de, BMG-niň birnäçe ugurdaş düzümleri, şol sanda Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen özara gatnaşyklaryň yzygiderli esasda alnyp barylýandygy bellenildi. BMG-niň wekiliýetiniň Aşgabada bolan saparynyň, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 71-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzda boljak ählumumy maslahata taýýarlygyň möhüm ugurlary degişli derejede ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti we Halkara awtomobil ulaglary birleşmesi bilen bilelikde öňde boljak maslahatyň meýilnamasynyň taýýarlanandygy, onuň maksatnamasynyň syýasy, işewürlik, tanyşdyryş dabaralary,  şertnamalaýyn-hukuk, gepleşikleri geçirmek, amaly-tejribe ýaly ugurlardan ybarat  taslamasynyň üstünde degişli işleriň alnyp barlandygy habar berildi.

Forumyň gün tertibine ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, onuň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna, jemleýji resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm waka taýýarlyk bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde dünýä jemgyýetçiligini Ählumumy maslahatyň maksatlary hem-de ähmiýeti bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem guramaçylyk meselelerine mümkinçilik berýän Internet-saýt işlenip taýýarlanyldy we açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň  we ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy taraplarynyň biridigini belläp, häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmündäki ähmiýetini ýokarlandyrýandygyny aýtdy.

Ulag ulgamy  dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we deňeçer ösüşine göni täsiri bolan  dünýä ykdysadyýetiniň möhüm tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurdaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki işjeň halkara gatnaşyk ugurlaryna ygrarly bolan  Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, olaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda anyk başlangyçlary öňe sürýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Sebitleýin hem-de yklymlaýyn ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistik merkez hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýan ýurdumyz geografiki taýdan amatly ýerleşmek bilen, bu ugurda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklaryny umumadamzat bähbidine durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär. 

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ulag ulgamy ýaly möhüm ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde önjeýli goşant boljak Ählumumy maslahatyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna foruma taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini we ähli degişli guramaçylyk meseleleriniň çözgüdini öz wagtynda üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda B.Niýazliýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyp,  ony Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Aşgabat şäherinde geçiriljek XIX maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Paýtagtymyzyň “Mekan”  köşgünde geçiriljek maslahata daşary ýurtlardan hem-de ýurdumyzdan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary gatnaşarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň birleşdiriji ähmiýetini belledi. Onuň alyp barýan netijeli işleri oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ählumumy abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant bolup durýar. 

Milli Liderimiz dünýäniň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen ynsanperwer-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, wise-premýere Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerine, şol sanda 15-nji oktýabrda Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda geçirilýän döredijilik gözden geçirilişine 715 aýdymçy gatnaşdy. Onuň etrap, şäher we welaýat tapgyrlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini  üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şunda, jemleýji bäsleşige gatnaşmaga ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat  şäherinden ýaş aýdymçylaryň 12-si hukuk gazandy. Olar Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek jemleýji gala-konserte  gatnaşarlar.  Şol ýerde hem bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijiler sylaglanylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary ruhubelentlige beslenmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz  täze zehinleri ýüze çykarmak,  ýaş ýerine ýetirijileri milli medeni mirasymyza işjeň çekmek maksady bilen geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde halkymyzyň durmuş ulgamynyň üpjünçiligini möhüm döwlet wezipesi hökmünde kesgitlän milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, täze binalary gurmak we ozal bar bolan ýaşaýyş toplumlaryny abadanlaşdyrmak, binalaryň daşky we içki görnüşini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu günki güne çenli paýtagtymyz boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň 2084-sinde abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. 1162 desgada bolsa bu işler batly depginlerde alnyp barylýar.

Ýol-ulag düzüminiň ösdürilmegine, şol sanda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap awtomobil ýollarynyň we köprüleriň, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, ýol-ulag babatda sazlaşykly hereketiň üpjün edilmegine, şeýle hem ähli degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şäherde inženerçilik-tehniki ulgamy, energiýa geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, gök zolaklary döretmek, paýtagtymyzyň ähli etraplarynyň köçelerini we seýilgählerini döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli gözegçilikde saklanýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn esasda ösdürilmeginiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine we adamlaryň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmegiň hasabyna şäher gurşawynyň gowulandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň örän möhümdigini belläp, milli Liderimiz şanly sene mynasybetli  gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän ähli binalarda gurluşyk we timarlaýyş işlerini öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow jemgyýetçilik ulagynda ýolagçylary gatnatmak işlerini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň durmuşa geçirýän çäreleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň baş maksady ýolagçylar üçin ýokary derejeli oňaýlyklary döretmekden, hyzmat ulgamyna häzirki zamanaň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, şeýlelikde, jemgyýetçilik ulaglarynda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän usullary döretmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, awtomobil ulaglary pudagyny häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, jemgyýetçilik ulaglarynda hyzmatlaryň täzeçil guralyny döretmek we häzirki zaman iş tejribesini ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz ýolagçy gatnatmagyň häzirkizaman ulgamynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak, bu ugur boýunça gelip gowuşýan teklipleri  öwrenmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak wezipelerine  ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi bolsa sebitleriň  toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga we degişlilikde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan ýurdumyzda elektron we elektrotehniki pudagy kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.   

Elektron ölçeýjileri  öndürmek üçin degişli enjamlary satyn almak boýunça guralan halkara bäsleşiginiň netijeleri barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tutuş halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin milli elektron senagatyny döretmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda elektron enjamlaryň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalary döretmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin olary innowasion, ýokary tehnologiýaly we energiýany tygşytlaýan enjamlar bilen üpjün etmegiň, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy. 
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özümizde öndürilýän ýokary hilli hem-de elýeterli harytlaryň hasabyna içerki islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň we täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň ukyp-başarnygyna görä zähmet hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Maýyplaryň iş we telekeçilik mümkinçilikleriniň, jemgyýetçilik işini guramak höwesiniň ösdürilmegine şert döredýän zerur işler alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy, tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň ähli gatlaklary, şol sanda maýyplar üçin amatly ýaşaýyş gurşawynyň döredilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän söwda kärhanalarynyň işi, dynç alýanlar üçin ähli şertleri döretmek, olara döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän söwda kärhanalarynda “milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleriniň” hukuk ýagdaýynyň berilmegi barada hereket edýän Kanunlara üýtgetme girizmek baradaky teklip hödürlenildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, durmuş-ykdysady wezipeleri, şol sanda sarp ediş bazaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, özümizde öndürilýän  önümler bilen doldurmak boýunça wezipeleri  nazara almak bilen, söwda pudagyny ösdürmäge täzeçe çemeleşmegiň, söwda işiniň subýektleri bilen işewürligi giňeltmek üçin mümkinçilikleri döretmegiň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz  söwda ulgamyny giňeltmegiň, sarp edijileriň bähbitlerine laýyk gelýän köp derejeli söwda ulgamyny döretmegiň  içerki önümçiligiň durnukly ösmegine ýardam edýändigini belläp, halkara derejeli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda söwda düzümini ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz döwletimiz tarapyndan söwda ulgamyna berilýän goldaw çäreleriniň netijeliligini içgin seljermegiň we zerur bolan halatynda syýahatçylyk zolagynda söwda işini alyp barmagyň özüni çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurallary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat bermegiň çäklerinde, güýzlik bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Häzirki döwre çenli 685 müň 344 gektar meýdanda ekiş geçirildi. Bu bolsa ýyllyk meýilnamanyň 90,18 göterimine barabardyr. Ekiş bilen bir hatarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, gögeriş suwuny tutmak utgaşykly alnyp barylýar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda pagta ýygymy hem gyzgalaňly dowam edýär. Şu güne çenli Watan harmanyna 933 müň 313 tonna pagta hasyly tabşyrylyp, bu baradaky meýilnama 88,89 göterim ýerine ýetirildi.

Şol bir wagtyň özünde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugunduryny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda bolsa pagta ýygym möwsümini gowşamaýan depginde alyp barmagy talap etdi. Daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasyly doly ýygnalyp alynmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Pudagyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, döwlet Baştutanymyz olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda önümçiligiň möçberleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýändigini aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi we munuň geljekki bol hasylyň oňyn binýadyny emele getirýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýakynda ýene-de bir kitabyny «Türkmenistan» atly eserini ýazyp gutarandygyny aýtdy. Bu eserde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň dowamynda mähriban halkymyz tarapyndan bitirilen asyrlara barabar işler barada gürrüň berilýändigini, bu kitabyň 21-nji oktýabrda geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara  gowşuryljakdygyny aýtdy.  

Milli Liderimiz wise-premýerler S.Toýlyýewe we G.Mämmedowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde berkarar Watanymyzyň gazanan ajaýyp üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň mähriban halkymyza we dünýä bileleşigine giňden ýetirilmelidigini aýtdy hem-de täze kitabyň tanyşdyryş  çäresi geçirilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.  

Mejlisiň barşynda şeýle hem döwlet durmuşynyň  beýleki käbir meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Meňzeş Täzelikler

Belli Paleontolog Aman Nigarowyň „Türkmenistanyň Gadymy Pilleeri“ Atly Kitaby Çapdan Çykdy

Belli Paleontolog Aman Nigarowyň „Türkmenistanyň Gadymy Pilleeri“ Atly Kitaby Çapdan Çykdy

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir