Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine, halkara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna, möhüm çärelere we iri pudaklaýyn maslahatlara görülýän taýýarlyk işleriniň barşyna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ministrlikler, pudak edaralary we häkimlikler bilen bilelikde degişli maglumatlary we ýurdumyzyň baş maliýe resminamasyny taýýarlamakda zerur bolan hasaplamalary taýýarlamagyň tertibi işlenip taýýarlanyldy, resminamalary tabşyrmagyň anyk möhletleri kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlanylanda, önümçiligiň netijeliliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň we ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň, täze önümçilikleriň döredilmeginiň, döwlete dahylly bolmadyk pudagyň ösdürilmeginiň möhüm görkeziji bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ähli sebitlerde döwrebap düzümiň kemala getirilmegine, raýatlaryň durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Şonda halkyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň möhüm bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz wise-premýere ýurdumyzyň möhüm maliýe resminamasyny taýýarlamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistanyň VIII halkara Gaz kongresine hem-de oňa gabatlanyp geçirilýän halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forum 23—24-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Gaz kongresiniň gün tertibine türkmen tebigy gazynyň eksportunyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijileri gurmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler, daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri baradaky meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüljek VIII halkara Gaz kongresiniň ähmiýetini belläp, onuň bu strategik ulgamda özara peýdaly gepleşikleri hem-de tejribe alyşmagy giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk hem netijeli gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere halkara Gaz kongresiniň we oňa gabatlanylyp guralýan serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, elektroenergetika we ýol-gurluşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gözegçilik edýän düzümleriniň işini berk gözegçilikde saklamak hem-de giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň hiline we desgalaryň bellenilen möhletde ulanmaga berilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän düzümlerindäki işler hem-de Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramagyň zerurdygyny, munuň üçin bu ýerde häzirki wagtda kaşaň myhmanhanalaryň, ähli amatlyklar döredilen dynç alyş öýleriniň, sagaldyş merkezleriniň toplumynyň hereket edýändigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde durýan wajyp meselelere jogapkärli çemeleşmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow Aşgabat şäherinde Türkmen-belarus işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de «Söwda we hyzmat — 2017» atly sergi-ýarmarkany geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmen-belarus işewürler maslahatynda oba we jemagat hojalygy, awtomobil gurluşygy, elektrik enjamlaryny, gurluşyk serişdelerini, durmuşda ulanylýan tehnikalary hem-de azyk önümlerini öndürmek hem-de resminamalary taýýarlamagyň ýokary tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly eksport hem-de maýa goýum kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin halkara sergileri we işewürler maslahatlaryny guramagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz şeýle çäreleriň dünýä bazarynda türkmen önümlerini ilerletmäge, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-belarus işewürler maslahatynyň hem-de «Söwda we hyzmat — 2017» atly sergi-ýarmarkanyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew Türkmen halysynyň baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri, bu şanly sene mynasybetli her ýylda geçirilýän “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly Halkara sergini we onuň çäklerinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХVII maslahatyny geçirmek boýunça meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen halysynyň halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň jemlemesi bolmak bilen, tutuş dünýä medeniýeti üçin bahasyz baýlykdygyny aýtdy. Bu ajaýyp sungat eseri türkmen zenanlarynyň köp nesilleriniň yhlasly we döredijilikli zähmeti bilen kemala gelip, köp asyrlaryň içinden geçip, kämillik derejesine ýetirildi.

Milli halyçylyk ulgamynyň ýeten derejesiniň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmeginde pudaklaýyn maslahatlaryň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara hem gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 29—31-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döredijilik forumyň çäklerinde konsertler, filmleriň görkezilişi, suratkeşleriň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň sergisi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni gatnaşyklary ösdürmegiň Täjigistan Respublikasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, öňümizdäki döredijilik çäresiniň iki halkyň gadymydan gelýän dostluk däplerine esaslanýan hem-de olaryň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini talap edip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Moldowa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, degişli Karara gol çekip, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-moldowa toparynyň Türkmen tarapynyň düzümini tassyklady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2017-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” Karara gol çekip, häzirki wagtda gallaçylaryň esasy wezipesiniň ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň sazlaşykly geçirilmegini, oba hojalyk tehnikasynyň hem-de awtoulaglaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, däp bolan “Soňky jaň” dabarasyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guralmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta mekdepleriň uçurymlary üçin “Soňky jaň” gününiň olaryň täze, özbaşdak durmuşa girişýändiklerini alamatlandyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu aýratyn günüň uçurymlaryň hakydasynda şatlykdan we tolgunmadan, ýagşy umyt-arzuwlardan doly pursat hökmünde hemişelik galmagy üçin ähli çäreler görülmelidir, bu gün ýaşlarymyzy durmuşyň täze möhüm tapgyrynda öz arzuw eden hünärini ele alyp, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer Moldowa Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi, onuň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça doganlyk halkyna sowgat hökmünde Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtomon-çäk birliginiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda bina edilen “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, bu desgany gurmak baradaky başlangyç milli Liderimiz tarapyndan 2013-nji ýylda dostlukly ýurda amala aşyran resmi saparynyň barşynda öňe sürüldi. Täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon we Gagauziýa Awtonom-çäk birliginiň baştutany Irina Wlah gatnaşdylar, olar türkmen Lideriniň adyna şeýle ajaýyp sowgat üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, durmuş düzüminiň bu möhüm desgasy iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň aýdyň mysalydyr. Şunda abadanlaşdyrylyşy hem-de çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň dörediliş derejesi babatynda bu ajaýyp häzirki zaman çagalar bagyna deň gelýän şunuň ýaly desganyň tutuş Moldowada ýokdugy bellenildi.

Türkmenistan tarapyndan maliýeleşdirilen bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi ähli ugurlar, şol sanda ynsanperwerlik ulgamy boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň taryhyna täze aýdyň sahypany ýazdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýene bir aýdyň mysaly getirmek bolar. Ozal habar berlişi ýaly, Ýeňiş gününiň öň ýanynda Moldowanyň Delakeu obasynda (Nowoanen raýony) türkmen hyzmatdaşlary tarapyndan uruşda wepat bolan esgerleriň doganlyk gubrundaky Ýadygärlik düýpli abatlanyldy. Bu ýerde 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Moldowany azat etmek ugrundaky söweşleriň birinde meşhur türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow wepat boldy, ol 299-njy Harkow atyjylyk diwiziýasynyň Bogdan Hmelniskiý ordenli 958-nji atyjylyk polkunda gulluk edipdir.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, öz döredijilik kuwwatyny umumy bähbitlere gönükdirmägi ugur edinýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi, bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ynsanperwer-medeni ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu ugurda gatnaşyklaryň ösdürilmegi hoşniýetli, özara ynama we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berýär.

Gagauz ýeri bilen gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, türkmen we gagauz halklarynyň ruhy we taryhy umumylygy, olaryň köpasyrlyk däp-dessurlara ygrarlylygy bilen şertlendirilýär. Gagauziýanyň wekilleri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bolup durýarlar, bu ýagdaý hem netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda bu şanly wakalaryň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyň dowamynda 19—20-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň gün tertibine iki döwletiň we halkyň abadançylygyny üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumy giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary derejede yzygiderli ýagdaýda geçirilýän duşuşyklaryň iň gowy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, oňynlyk we uzak möhletleýin esaslarda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özara islegiň we iki ýurduň hem ýokary gyzyklanmasynyň subutnamasydygyny nygtady. Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Özbegistan Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza boljak iş saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk taýdan üpjünçiligini ýola goýmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 13-nji maýda Mejlisiň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda parahorluk we korrupsiýa ýaly jemgyýetdäki ýaramaz ýagdaýlary ýok etmäge we olara garşy göreşmek boýunça degişli Maksatnamany işläp taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet gurluşy strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Duşuşygyň barşynda hereket edýän jenaýat kanunçylygyny kämilleşdirmek, degişli hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen maslahatlary we “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gullukda özüni alyp barşy hakynda”, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň düzgünlerini düşündirmek boýunça beýleki çäreleri geçirmek babatda öňde durýan wezipeler anyklaşdyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylary wezipä bellemek üçin işgärleri seçip almak ýaly möhüm mesele barada durup geçip, soňky döwürde ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda bolan ýaramaz wakalaryň bu meselede köp kemçiliklere ýol berlendigini nygtamaga doly esas berýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz ýolbaşçy wezipelere teklip edilýän adamlar üçin bildirilýän anyk talaplaryň bolmalydygyny nygtap, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa wezipä hödürlenýäniň ýakyn garyndaşlarynyň kazyýet jogapkärçiligine çekilmändiginden başlap, olaryň bilim derejesiniň belleniljek wezipesine laýyk gelýändigi barada kanunçylyk esasynda talaplary işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Bu talaplar eýeleýän wezipesiniň ululygyna ýa-da kiçiligine garamazdan, ähli ýolbaşçylara we olaryň orunbasarlaryna degişli bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw maksatnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.

Okuw maksatnamalaryna ahlak kadalary, edep-ekramlylyk, hukuk öwreniş boýunça sapaklar girizilmelidir. Adam ýaşlykdan ulalanda jemgyýetde özüni nähili alyp barmalydygyny anyk bilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz adam parahorluga ýa-da korrupsiýa ýüz ursa, aýratyn hem, zenanlar jemgyýetiň ahlak esaslaryny bozýan hereketleri etse, olaryň nähili jogapkärçilige çekiljekdigine anyk göz ýetirmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu mesele boýunça ýakyn wagtda öz teklipleriniň berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna “Korrupsiýa garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda işlenip taýýarlanylýan kanuna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler. Ol hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we açmak, şeýle hem hukuk bozulmalaryna günäkär jogapkär adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek korrupsiýa garşy göreşmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitlär.

Parahorluk we korrupsiýa ýaly häzirki döwrüň ýaramaz ýagdaýlaryna garşy alnyp barylýan göreşiň güýçlendirilýändigini nazara almak bilen, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň aýratyn möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyna, döwlet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, milli howpsuzlygyň we Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini aýtdy.

Bilelikdäki mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalary bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, durmuşa geçirilýän çäreleri kämilleşdirmek, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümlerinde tertip-düzgüni pugtalandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serhet üstünden geçýän ýüklere we ýolagçylara degişli gözegçiligi ýola goýmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de degişli düzümlere öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil usullary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada habar berildi.

Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleriň birkemsiz we anyk ýerine ýetirilmelidigine, harby we hukuk goraýjy edaralarda başy başlanan giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Özygtyýarly Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny berkitmekde, raýatlaryň parahatçylykly we abadan durmuşynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde harby we hukuk goraýjylara möhüm ornuň degişlidigini belläp, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mähriban Watana gulluk etmek ýaly mukaddes işiň nusgasy bolup durýandygyny aýtdy. Şunlukda, ýurdumyzyň bitaraplyk derejesini we onuň daşary syýasat ugruny hasaba almak bilen, işlenip taýýarlanylan harby-syýasy strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen Harby doktrina laýyklykda döwletimiz mundan beýläk-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegine üns berer we harby gullukçylaryň ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidiklerini belledi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýene bir ýola gutlady we amala aşyrylýan işlerde, möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Ählumumy Energetika Howpsuzlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

Türkmenistanda Ählumumy Energetika Howpsuzlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC – 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir