Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Arassa Ganly Ahalteke Bedewleriniň Katalogyny Döredip Başlamalydygyny Tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Arassa Ganly Ahalteke Bedewleriniň Katalogyny Döredip Başlamalydygyny Tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Arassa Ganly Ahalteke Bedewleriniň Katalogyny Döredip Başlamalydygyny Tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Arassa Ganly Ahalteke Bedewleriniň Katalogyny Döredip Başlamalydygyny Tabşyrdy

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ahalteke bedewleriniň katalogyny—olaryň gazanan üstünliklerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek bilen, arassa ganly ahalteke bedewleriniň, dünýä atşynaslygynyň has görnükli wekilleriniň saýlama tohumlarynyň jikme-jik sanawyny düzüp, owadan hem-de esasly nesil daragtyny döredip başlamalydygy barada tabşyryk berdi.

Bellenilişi ýaly, bu katalogy degişli halkara guramalarynda hasaba aldyrmak zerur bolar. Şonda bu katalog halkara derejesinde ykrar ediler. Oňa hökmany ýagdaýda salgylanmaly bolar. Bu köpjiltli neşirde halkymyzyň ahalteke atçylygyny häzirki döwürde ösdürmekde eýeleýän ornuny, şeýle hem bu ajaýyp we asylly tohum atlaryny gorap saklamak we ösdürmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan görülýän çäreleri düýpli esasda görkezmek maksadalaýyk bolar.

Ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” täsin medeni gymmatlykdyr hem-de türkmen halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ahalteke bedewlerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin UNESKO ýüzlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny görkezdi.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda milli atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine hem-de behişdi bedewleriň giňden wagyz edilmegine täze itergi beren deňsiz-taýsyz çäreler görülýär. Şol çäreleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilendigini, her welaýatda iň döwrebap aýlawlaryň we iri atçylyk sport toplumlarynyň gurlandygyny, abraýly umumymilli bäsleşikleriň esaslandyrylandygyny bellemek bolar, şu çäreleriň netijesinde täsin “asman” atlarynyň köpasyrlyk şöhraty gün-günden ýokarlanyp, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň sany artýar.

Biziň günlerimizde köp ýurtlarda atçylygy, bu pudagyň ylym we okuw binýadyny, atçylyk sport toparlaryny galkyndyrmaga yzygiderli gyzyklanma bildirilýär we şu babatda netijeliligi asyrlaryň dowamynda synagdan geçen türkmen atçylyk däpleri, atlary türgenleşdirmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi türkmenler dünýä ahalteke bedewi ýaly halk seçgiçileriniň iň beýik sungatynyň eserini diňe bir bagyşlaman, eýsem, bu bahasyna ýetip bolmajak atlary olaryň ajaýyp häsiýetleri bilen arassa ganlylygyny saklamagy hem başarypdyrlar.

Ýurdumyzda tohum atlarynyň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli we toplumlaýyn işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň atşynaslygynyň halkara atçylyk pudagyna ýakynlaşmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, dünýäniň atçylyk sport giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip bilýän ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanylmagyna we aýratyn-da, türkmen halkymyzyň gadymy döredijilik däplerinde ýaş nesilleriň terbiýelenilmegine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu köptaraply işi mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere ahalteke atçylyk ulgamynda netijeli işleri alyp barmak üçin ylmy-barlag merkezini ýa-da ýokary okuw mekdebini açmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi. Milli Liderimiz “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň işgärleriniň, ýurdumyzyň ady belli hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, onuň barşynda atçylygy ösdürmek boýunça şu gün öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir