Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentini Gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentini Gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklarymyzyň biziň halklarymyzyň hatyrasyna mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirýändigini belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir