Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Halkara Sport Kongresinde Söz Sözläp Çykyş Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Halkara Sport Kongresinde Söz Sözläp Çykyş Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Halkara Sport Kongresinde Söz Sözläp Çykyş Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Halkara Sport Kongresinde Söz Sözläp Çykyş Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada açylan “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresinde söz sözläp çykyş etdi.

Hormatly Kongrese gatnaşyjylar!

Şu Kongres biziň yklymymyzda iň uly ähmiýetli sport çäreleriniň biri – 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularyna biziň bilelikde taýýarlanmak we geçirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň möhüm sepgidini alamatlandyrýar. Şol oýunlar taryhda şeýle ýokary derejede Merkezi Aziýada geçirilýän ilkinji bäsleşikler bolar hem-de biz ýurdumyzda bu oýunlaryň geçirilmegine halkara sport bileleşigi tarapyndan Türkmenistana bildirilýän belent ynamyň, ýurdumyzyň bedenterbiýe we spoty ösdürmek hem-de wagyz etmek işinde gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde garamaga doly hukuklydyrys.

V Aziýa oýulary “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçer. Oýunlaryň tapawutly aýratynlyklary olara Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň 17-sinden türgenleriň gatnaşýanlygydyr. Oýunlaryň şeýle derejede geçirilmeginiň dünýä sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açjakdygyna, dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine bu hereketiň giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

V Aziýa oýularyna 6 müňe golaý türgen gatnaşyp, sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Biz bu Oýunlara takmynan 30 müň daşary ýurtly myhmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýüzlerçe wekilleriniň gelmegine garaşýarys. Öňde boljak Oýunlara gatnaşyjylaryň ählisiniň myhmana hemişe aýratyn hormat goýmak ýaly asylly däbe eýe bolan türkmen halkynyň mähirli myhmansöýerligini duýjakdyklaryna ynanýaryn.

Hormatly Kongrese gatnaşyjylar!

Türkmenstan kabul edýän tarap hökmünde soňky ýyllaryň dowamynda Aziýa Oýunlaryny mynasyp derejede geçirmek ugrunda yzygiderli ýagdaýda taýýarlyk çärelerini geçirdi.

2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýady tutuldy. Onuň taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr.

Häzirki güne çenli 157 gektar meýdanda 40 golaý desga, şol sanda sportuň dürli göprnüşleri boýunça milli we halkara derejelerindäki ýaryşlary geçirmek üçin sport desgalarynyň 16-sy bina edildi.

Mundan başga-da bu ýerde türgenler we wekiller üçin myhmanhanalar, ýaşaýyş toplumlary, naharhanalar, lukmançylyk edaralary, medeni-dynç alyş edaralary bina edildi. Olar Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bilidrilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyryldy. Bu toplum suwda ýüzmek we suwa bökmek üçin ýapyk we açyk howuzlary, ýapyk, şeýle hem 2 sany türgenleşik we 10 sany açyk tennis kortlaryny öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýapyk welotrek, köpugurly ylgaw ýodajyklary bolan sport meýdançalary, futbol türgenleşik meýdançalary we zallar, ýeňil atletika, gylyçlaşmak we boks, sportuň oýun görnüşleri, gimnastika bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, şeýle hem lukmançylyk dikeldiş merkezi bar.

Toplumyň bütin töweregi boýunça welosiped we ylgaw ýodajyklary gurnaldy. Türgenlere we tomaşaçylara amatlyly bolmagy üçin ähli şertler döredildi. Olaryň hatarynda türgenler üçin ýaşaýyş jaýlary, medeni we söwda merkezleri, myhmanhanalar, restoranlar, kafeler, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanalary we awtoduralgalar, şeýle hem pyýada geçelgeler we monorels ýoly bar.
Biz Oýunlara taýýarlyk görmegiň barşynyň maglumat üpjünçiligine uly ähmiýet berýäris. Bu oýunlara taýýarlyk görülýän döwürde iri halkara sport mediaforumlaryň, sergileriň w maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Onlarça ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäreler milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Türkmenstanda 2017-nji ýylda bu ugurda iň iri hem-de wekilçilikli sport çäresiniň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularynyň geçirilmegi türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzy yklymda halkara spot hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjylarynyň birine öwürmäge, biziň daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde dünýä olimpiýa hereketiniň ulgamyna doly we netijeli goşulyşmaga gönükdirilen Türkmenstanyň sport diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikler açylýar.

Bu işleriň çäklerinde Türkmenstan BMG-niň Sport ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara topary, Bütindünýä saglyk guramasy, halkara hökümete degişli bolmadyk guramalar, ilkinji nobatda, Halkara olimpiýa komiteti we Aziýa Olimpiýa geňeşi, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňelder.

Türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreşi utgaşdyrmak üçin Türkmenstanda Bütindünýä doping agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine girişildi.

Şu ýyl bu maksatlar üçin Türkmenstanda Milli dopinge garşy agentlik döredildi.

Hormatly Kongrese gatnaşyjylar!

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine belent ynsanperwerlik manysyny berýär. Biz sport hereketi, olimpiýa taglymlaryna eýermegi Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşdyrýarys, ol adamyň mümkinçilikleriniň doly açylmagyna, saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine, bilime, şahsyýetiň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzda 2011-2020-nji ýyllarda sporty we bedenterbiýäni goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnama kabul edildi, ilatyň iýmitlenmek, temmäkä garşy göreş meseleleri boýunça habardarlygyny ýokarlandyrmak, ilatyň arasynda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu işe ähli döwlet we jemgyýetçilik edaralary goşuldy, saglygy goraýyş ulgamynda dürli maksatnamalar boýunça utgaşdyryjy komitetler döredildi.

“Il saglygy – ýurt baýlygy” şygary Türkmenistanda raýatlaryň köpüsiniň gündelik durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Iri sport toplumlarynyň, ýokary netijeli sport, şeýle hem köpçülikleýin sporty üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriň gurluşygy alnyp barylýar. Diňe 2020-nji ýyla çenli döwürde Türkmenistanda 119 sport mekdebini we 128 beýleki sport desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan ähli halkara bileleşigi bilen birlikde Bütindünýä saglyk gününi giňden belleýär, bu sene milli senenamamyzyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi, bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine hem-de ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak işlerine çekmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany diýlip atlandyrylmagyna doly hukuklydyr.

Hormatly Kongrese gatnaşyjylar!

Elbetde, şeýle iri derejeli yklym oýunlarynyň geçirilmeginiň Türkmenistana ynanylmagy baradaky çözgüt ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan parahatçylyksöýüjilik, bitaraplyk, oňyn, hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatyň netijesidir. Hakykatdan-da, parahatçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk, ähli halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak daşary syýasat ugrunyň esasyna öwrülen hem-de bu ýörelgeleri özüniň halkara işiniň ulgamyna, şol sanda sport ulgamyna giňden ornaşdyrýan döwlet dünýäniň onlarça ýurtlarynyň we halklarynyň wekilleriniň ýygnanjak iri möçberli çäresiniň guramaçysy bomaga doly haklydyr.

Ýene bir mesele, içki mesele we şol bir wagtda Aziýa oýunlaryny Türkmenistanda geçirmek baradaky çözgüt bilen gönüden-göni bagly mesele hakynda aýtmak isleýärin. Gürrüň biziň ýurdumyza mahsus birek-birege hormat goýmak, milletara ylalaşyk hem-de dinara gatnaşyklar barada barýar. “Sport – syýasatdan daşdadyr” diýen örän dürs pähim bar. Emma eýýäm syýasat hem sportdan daşda bolup bilmez. Sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolmalydyr. Häzirki wagtda jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket dünýä sport şygarlarynyň birine öwrüldi, ol halkara sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy. Türkmenistanda şeýle düşünjeler çagalykdan, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, goşun bölümlerinde terbiýelenilýär, onuň netijesi myhmansöýerlikde we biziň watandaşlarymyzyň daşary ýurtlarynyň wekillerine olaryň milletine hem-de haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hoşniýetli gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Biziň ýurdumyz halkara sport hereketiniň belent ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär.

Gadyrly dostlar!

Häzirki dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi boup, özara ynam, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge uly goşant goşýar. Türgenler – parahatçylygyň ilçileridir, olar öz ussatlygy we erki bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent taglymlaryny ösdurýärler, ýaşlar üçin görelde bolýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýola goýulmagyna, işjeň durmuş garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam berýärler. Elbetde, şunuň ýaly derejedäki ýaryşlar türgenler üçin hem, dünýäniň onlarça döwletlerinden ýaryşlaryň barşyna tomaşa etjek millionlarça adamlar üçin hem uly baýramçylykdyr.

Türkmenistan örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Öňde boljak oýunlaryň ýurdumyzyň belent gazananlarynyň parahatçylykly ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň toplumlaýyn we köptaraply häsiýete eýediginiň, olimpiýanyň belent taglymlaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boljakdygyna ynanýaryn.

Biz ýurdumyza öňde boljak Oýunlary geçirmek ýaly hukugy beren Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ynamyna buýsanýarys. 2017-nji ýylyň

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularynyň iň ýokary derejede geçirilmegi, oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda halkymyzyň myhmansöýerligini hem-de mähremligini duýmaklary üçin ähli tagallalary ederis. Pursatdan peýdalanyp siziň ähliňizi Oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrýaryn.

Kongresiň öz işine başlamagy bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gadyrly dostlar size berk jan saglyk we uly üstünlikler arzuw edýärin.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir