Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti: Belarus Bilen Haryt Dolanyşygynyň Artdyrylmagynda Işewür Jemgyýetçiligine Esasy Orun Berilýär
Türkmenistanyň Prezidenti: Belarus Bilen Haryt Dolanyşygynyň Artdyrylmagynda Işewür Jemgyýetçiligine Esasy Orun Berilýär

Aşgabatda geçirilýän giňişleýin düzümdäki türkmen-belarus gepleşiklerinde hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn depginlerini belledi. Ol 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,4 göterim ýokarlandy. Döwlet Baştutanymyz Belarusyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň bar bolan möçberi we sanawy özara mümkinçiliklere laýyk gelmeýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparyna Minsk şäherinde geçiriljek nobatdaky 8-nji mejlisiniň barşynda bu ýagdaýy seljermek hem-de bu babatda anyk teklipleri bermek tabşyrylar.

Döwlet Baştutanymyz häzir haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, goşulyşmagyň geljegi uly görnüşlerini gözläp tapmaga, önüm öndürijileriň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen täze çemeleşmeleriň gerekdigini aýdyp, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işine uly umyt baglanýandygyny belledi.

Şunuň baglylykda, ýurtlaryň ikisinde hem özara sergi-söwda işini işjeňleşdirmegiň, işewürler maslahatlaryny geçirmegiň zerurdygy barada aýdyldy. Milli Liderimiz soňky gezek şeýle çäreleriň 2014-2015-nji ýyllarda geçirilendigini belläp, belarusly hyzmatdaşlara olary şu ýyl ýa-da geljek ýyl guramagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir