Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prehzidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Mähirli salamlaşyp, iki döwletiň Baştutanlary täze, 2018-nji ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglaryny alyşdylar we birek-birege berk jan saglyk, eýeleýän jogapkärli wezipelerinde we ähli başlangyçlarynda, türkmen hem-de özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan bilelikdäki işlerde uly üstünlik arzuw etdiler.

Iki ýurduň Prezidentleri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini, onuň birek-birege hormat goýmak we işjeň häsiýetde alnyp barylýandygyny belläp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Söwda-ykdysady ulgamdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada aýdyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hasaplanýan netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň wajypdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, iki ýurduň ähli garalan meseleler boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ylalaşykly gatnaşyklara we abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine bolan üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dostluk we umumy ruhy, taryhy mirasa, iki halkyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryna daýanmak arkaly ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek- biregi Täze ýyl bilen ýene bir gezek gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon gepleşigi özbek tarapynyň başlangyjy boýunça amala aşyryldy. (TDH)

Meňzeş Täzelikler

7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

Stambul Uniwersiteti halkara talyplar üçin “7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi geçirer. Bu bäsleşik Stambuldaky Uniwersitetleriň …

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir