Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli we doganlarça salamlaşyp, birek-birege berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň strategiki häsiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we geljegi üçin meýilnamalary babatda gatnaşyklaryň esasy ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidir. Munuň özi iki tarapyň hem uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýär.

Söhbetdeşler iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy umumylygynyň doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň mizemez esaslarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, netijeli ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, ony täze many- mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň dünýä giňişliginde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň hem mundan beýläk-de halkara bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Liderleri dostlugyň iň gowy däplerinde guralýan we taraplaryň ikisiniň hem hoşmeýilli erk-islegine daýanýan netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ýnam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir