Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Çykyş Edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Çykyş Edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Çykyş Edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Çykyş Edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan doganlyk Owganystanyň gülläp ösýän döwlet bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda hem-de onuň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat hem-de onuň yzysüre Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky ägirt uly taslamanyň birinji durmuşa geçirilen tapgyryna öwrülen täze demir ýoluň açylmagy – bu wakalaryň her biriniň ägirt uly ähmiýeti bar, ýöne olar bilelikde Türkmenistanyň strategiýasynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň aýdyň we takyk many-mazmunyny görkezýär. Onuň formulasy bolsa “dünýä möçberinde pikirlenmeli – ýerlerde hereket etmeli” diýen ýörelgede jemlenýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynda dünýä syýasy we ykdysady ulgamynyň wekillerini jemlän bütindünýä forumynyň ara alyp maslahatlaşmagyna geljegi üçin anyk teklipleri öňe sürüp, dünýä möçberinde wezipeleri çözmekde örän jogapkärli hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň kuwwatyny öň hatara çykarýar. Bu beýan edilen kuwwat bolsa iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamanyň mysaly arkaly anyk berkidildi. Bu taslamada ýurdumyzyň milli bähbitleri goňşy döwletleriň we tutuş Aziýa sebitiniň talaplary bilen sazlaşdyryldy.

Ýurdumyzyň ýakyn goňşulary bilen nä derejede netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, olaryň gatnaşyklarynyň häsiýeti döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň hem-de tutuş halkara hyzmatdaşlygynyň taktikasynyň iň gowy we aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysyny—Atamyrat-Ymamnazar-Akina bölegini ulanmaga bermek mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar owgan topragynda dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, bu dabaralar Akina demir ýol bekedinde geçirildi. Şol ýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Ymamnazar bekedinden otlyda gelip, täze demir ýoluň ilkinji ýolagçylary boldular.

Bu ýerde döwlet Baştutanlaryny milli lybasly çagalar garşyladylar. Gyzlar doganlyk döwletleriň Liderlerine gül desselerini gowşurýarlar, owgan lybasyndaky ýigit bolsa myhmansöýerligiň nyşany hökmünde ýaňyja bişirilen uly çöregi hödürleýär.

Türkmen milli lybasyndaky gyzlaryň bir topary dostluk hakyndaky aýdymy ýerine ýetirdiler, onda “Hoş geldiňiz!” diýen sözler ençeme gezek gaýtalandy.

Soňra döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda “Akina” demir ýol bekediniň toý bagyny kesýärler.

Gutlaglar aýdyldy, ulanmaga berlen Aziýa demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň türkmen-owgan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine täze itergi bermegi üçin hoşniýetli arzuwlar beýan edildi.

Döwlet Baştutanlary ýörite bellenen ýere geçip durýarlar we ol ýerde Türkmenistandan Owganystana iberilen ýük wagonlarynyň gapylarynyň açylyşyna syn edýärler.

Täze ýol boýunça Owganystana ugradylan otlynyň ilkinji düzümi türkmen önümleri ýüklenen wagonlaryň 46-syndan ybarat boldy: olaryň onusyna un, däne, sement ýüklenildi. Beýleki ýükleriň hatarynda kükürt, karbamid bar.

Un we däne ilkinji nobatda zerur bolan azyk önümleridir. Gurluşyk materiallary, dökünler ýerlenilýän bolsa, diýmek, owgan ykdysadyýetiniň dikeldilýändigini, gurluşyk we senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini, oba hojalyk önümçiliginiň işjeňleşýändigini aňladýar.

Ugradylan ýükleiň arasynda süýji-köke önümleri hem bar. Onümleriň bu görnüşleri türkmen-owgan haryt dolanyşygynyň sanawynda berk orun eýeledi. Owgan sarp edijileri Türkmenistanda öndürilýän süýji-kök önümleriniň tagamyna hem-de hiline ýokary baha berdiler, şoňa
görä-de, olara bolan isleg durnukly bolmagynda galýar. Bu önümleri goňşy ýurda hususy önüm öndürijiler iberýärler. Olaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Hasar” hojalyk jemgyýetidir. Ol öz harytlaryny goňşy ýurda 2006-njy ýyldan bäri berýär.

“Hasar” belgili witrinalara hem-de banerlere Owganystanyň Kabul, Mazari-Şarif, Jelalabat, Hyrat, Gunduz we beýleki köp şäherlerinde duş gelmek bolýar. Umuman, bu ýurduň ähli welaýatlarynda türkmen süýji-köke önümleri dükanlaryň 600-den gowragynda ýerlenilýär. Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda süýjileriň, kökeleriň, waflileriň, şokoladlaryň, marmeladlaryň 2,6 million amerikan dollarlykdan gowragy, ýagny, jemi 1,5 müň tonnadan gowragy ugradyldy.

Umuman, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Owganystana iberilen ýükleriň umumy möçberi 1,4 million tonnadan gowrak boldy, olaryň 865,4 müň tonnasy nebit önümleri, 310,7 müň tonnasy suwuklandyrylan gaz, 121,7 müň tonnasy bugdaý we bugdaý uny, 18,2 müň tonnasy beýleki harytlardyr.

Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşyna çenli Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda daşalýan ýükleriň ählisi Serhedabat-Turgundy hem-de Kelif-Termez-Mazari-Şarif demir ýol geçelgeleri boýunça ugradylýardy. Özi-de, şol ýükleriň 75 göterimi (559,8 müň tonna) türkmen harytlary we 25 göterimi (182,7 müň tonna) beýleki ýurtlaryň harytlarydyr. Şeýlelikde, täze demir ýoluň örän zerurdygy äşgärdir, ýöne onuň ähmiýeti indi açylyp başlandy. Ol bu ýola täze çäkleriň, taslamalaryň, logistiki ugurlaryň goşulmagy bilen öz çäklerini has-da giňelder.

… Akina bekedinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň milli däp-dessurlaryna, ykdysadyýetine degişli sergi eksponatlary bilen hem tanyşýar. Bu ýerde ýerli mermerden ýasalan plitalar görkezilýär…

Dabara başlanmazdan öň, gyzlaryň topary Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylmagy mynasybetli ýörite döredilen aýdymy ýerine ýetirdiler. Olar aýdymy birinji gezek öz ene dillerinde, ikinji gezek bolsa türkmen dilinde ýerine ýetirdiler.

Soňra dabaralar zalynda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Prezident Muhammad Aşraf Gani ýygnananlara ýüzlenip, owgan topragynyň belent mertebeli myhmanynyň – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bahasyna ýetip bolmajak sowgat bilen gelendigini aýtdy. Bu sowgat Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostlukdyr we owgan halkynyň bagtyýar geljegine barýan ýoldur.

Owgan Lideri täze transmilli ýoluň taryhy ähmiýeti barada aýdyp, taslamanyň durmuşa geçirilip başlanyndan bäri geçen ýyllaryň dowamynda onuň ähmiýetiniň has-da artandygyny nygtady. Owganystanyň Prezidenti türkmen Liderine we doganlyk ýurduň ähli halkyna owgan halkynyň adyndan bu beýik işiň amala aşyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, onuň netijesinde Akinanyň Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň bir bölegine öwrülendigini aýtdy.

Täze polat ýoluň ulanmaga berilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy. Bularyň ählisi adamlaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Bu geçelgäniň birinji nobatdakysynyň gurulmagy üçin Türkmenistanyň uly tagallalary edendigi bellenildi. Täze demir ýol näçe netijeli ulanylsa, şol ýolda zerur bolan düzüm ösdürilse, şonça-da ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly öser, döwletara gatnaşyklary has-da berk bolar hem-de biziň halklarymyz biri-birine ýakyn bolar.

Owganystanyň her bir raýaty bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere ýokary baha berýär diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani nygtady. Çünki, bu polat ýol boýunça Türkmenistanyň çäginden gelýän, şol sanda Türkmenistanyň özünden gelýän dürli ýükler, hususan-da, nebit önümleri we suwuklandyrylan gaz daşalar. Täze ýoluň abadançylyk, bolelinlik, baýlyk we ösüş getirjekdigi şübhesizdir diýip, owgan lideri aýtdy.

Owganystanyň Baştutany Türkmenistanyň halkyna we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir gezek tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, amala aşyrylan taslamanyň goňşy ýurtlaryň gülläp ösmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Munuň özi uzakmöhletli bähbitlere laýyk gelýär, halkara gatnaşyklarynyň ösmeginiň, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagynyň, onuň ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Şeýle hem Aziýa demir ýol geçelgesiniň sebitiň çäklerinde we onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa oňyn täsir etjekdigi nygtaldy.

Demir ýollaryň ösen ulgamy arkaly sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ulag gatnawlary täze derejä çykar. Sunuň özi Owganystan üçin täze durmuşy aňladýar. Ýurdumyzyň milli gahrymany Gazy Amanulla hanyň arzuwlary hasyl boldy diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani aýtdy we owgan halkynyň arzuwlaryny hasyl etmekde türkmen Lideriniň ajaýyp ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Atamyrat–Ymamnazar Akina ugry boýunça Türkmenistandan Owganystana uzaýan demir ýoly Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan bu ýol biziň ýurtlarymyzyň kommunikasiýa ulag ulgamlaryny birleşdirer.

Bu bolsa, iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmagyň hem-de giňeltmegiň möhüm şertine öwrüler. Türkmenistan bilen Owganystanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam eder diýip belledi.

Bu demir ýoluň, gürrüňsiz, kontinent möçberinde uly ähmiýeti bardyr. Bu ýoluň işe girizilmegi iri ulag merkezi hökmünde biziň sebitimiziň mümkinçiligini düýpli artdyrmaga şert döreder. Täze ýoluň ulanylmagy «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» ugry boýunça halkara kommunikasiýalar ulgamyny döretmek babatda zerur bolup durýar. Tutuş Ýewraziýa giňişliginde utgaşykly ulag gatnawlarynyň amatly ulgamyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Bu taslamanyň sebitiň syýasy ösüşinde hem ähmiýeti az däldir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde halkara bileleşigi Merkezi we Günorta Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmek ugrunda işjeň tagalla edýär. Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan düzgünleşdirmek, onuň ykdysadyýetini we durmuş üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, parahatçylykly we döredijilikli durmuşa geçmegini gazanmak bu ýagdaýyň örän möhüm taraplarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, bir bölegi Owganystanyň çäklerinden geçiriljek demir ýoluň gurluşygy bu ýurduň Merkezi we Günorta Aziýanyň syýasy hem-de ykdysady durmuşynda deňhukukly we hormatly hyzmatdaş hökmünde oňyn orny eýelemegi üçin düýpli şerte öwrüler.
Bu sebitleriň ösüşine uly goşandyny goşmaga, dürli görnüşli ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ukyply bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň doganlyk Owganystany parahatçylykly we gülläp ösýän döwlet, sebitiň ähli ýurtlarynyň hoşniýetli goňşusy hem-de hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýändigini aýtdy. Biz Owganystanyň ykdysady taýdan ösüşiniň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, giň durmuş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyny bilýäris.

Adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň, bilim we medeni derejesiniň ýokarlanmagynyň ýurtda syýasy ýagdaýa amatly täsir edýändigine, gapma – garşylykly ýagdaýlary azaldýandygyna ynanýarys. Terrorçylygyň, ekstremizmiň, neşeleriň ýaýramagynyň durmuş we ykdysady şertlerini aradan aýyrýandygyna, millionlarça owganlylara ajaýyp geljek üçin umyt döredýändigine düşünýäris.

Şoňa görä-de, biz owgan halky bilen bilelikde ykdysady we durmuş ähmiýetli taslamalary mundan beýläk-de amala aşyrarys. Ýollary, turba geçirijileri, elektrik geçiriji ulgamlary, hassahanalary we mekdepleri gurarys. Bu bolsa, parahatçylygy, abadançylygy we gülläp ösüşi üpjün eder diýip, türkmen Lideri belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň köp sanly mysallary bar. Şolaryň hatarynda, elbetde, iri möçberli we uzak möhlete niýetlenen halkara energetika taslamasy bolan «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagy möhüm orny eýeleýär.

Bu taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Owganystanyň köp welaýatlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Owgan hünärmenleri üçin müňlerçe täze iş orunlaryny döreder. Ýurduň çäkleri boýunça gazyň üstaşyr geçirilmeginiň hasabyna döwletiň gaznasyna köp mukdarda pul serişdeleri gelip gowşar.

Biz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigimize hem buýsanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Soňky ýyllarda Owganystana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berýän täze kuwwatlyklar işe girizildi.

Mundan başga-da, ýörite Hökümet maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn üç ýylda biz Owganystanyň çäklerinde ençeme durmuş maksatly desgalary gurmagy hem-de owgan halkyna ynsanperwer kömegini dowam etmegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, türkmen we owgan hünärmenleri hem-de telekeçileri Owganystanyň senagat pudagynyň önümlerini, hususan-da, owgan mermerini Türkmenistana ibermegiň mümkinçiligini işjeň öwrenýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan doganlarymyz bilen bilelikde energetika, ulaglar, aragatnaşyk, söwda, senagat we gurluşyk ýaly möhüm ugurlarda bilelikde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.

Atamyrat–Ymamnazar–Akina demir ýolunyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlyk edilende milli bähbitleriň sebit ösüşiniň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün edýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz taslama gatnaşyjylaryň jogapkärçiliginiň hem-de uzakdan görüjiliginiň, ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklara bitewi çemeleşmäniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny, döwletara hyzmatdaşlygynyň syýasy we ykdysady many-mazmunyna garaýyşlaryň umumydygyny görkezýändigini belledi.

Biz bu şanly waka dünýäniň onlarça döwletlerinden dostlarymyz, hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen bilelikde gatnaşýandygymyza buýsanýarys. Olar Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň öňýanynda Aşgabatda tamamlanan Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşdylar. Bu maslahatda ösüşiň we öňe gitmegiň hatyrasyna biziň tagallalarymyzy birleşdirmegiň umumy maksatlary tassyklanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ýere ýygnananlaryň ählisini şu günki dabara bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň çykyşynyň arasy ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen birnäçe gezek kesildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini “Gazy Mohammad Akbar Han” atly Döwlet medaly bilen sylaglamak hakyndaky Perman okalýar we Prezident Aşraf Ganiniň hut özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki goňşy halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň biri bolan bu medaly gowşurdy.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany dabara gatnaşyjylara hem-de türkmen kärdeşine ýüzlenip, Owganystanda Türkmenistanyň Prezidentini ajaýyp syýasatçy, reformator hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan oňyn taslamalaryň başyny başlaýjy hökmünde tanaýandyklaryny we uly sarpa goýýandyklaryny nygtady. Türkmen Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan ýollary çekýän hem-de dostluk köprülerini gurýan iri merkeze öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, owgan Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki doganlyk döwletiň köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi we Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goldaw we ýardam berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de türkmen Liderine doganlygyň we dostlugyň, iki döwletiň arasyndaky özara ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň ýene-de bir nyşany hökmünde “Gazy Mohammad Akbar Han” atly döwlet medalyny gowşurýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýtdy.

Jogap sözünde Türkmenistanyň Baştutany özüniň işine ýokary baha berlendigi üçin Prezident Mohammad Aşraf Ganä, owgan halkyna, dabara gatnaşyjylaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu döwlet sylagy, onda-da Gazy Mohammad Akbar Hanyň adyny göterýän uly nyşany, ilkinji nobatda, türkmen halkyna bildirilen belent hormat-sylag hökmünde kabul edýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biziň ata-babalarymyzyň aýtmadyk zady ýok, “Kyýamat güni goňşudan” diýip aýdyp geçipdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda asyrlaryň dowamynda emele gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesi toplandy. Şu tejribä esaslanýan mähirli we ynanyşykly gatnaşyklaryň häzirki döwürde ýokary derejä ýetendigini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki wagtda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda biziň gatnaşyklarymyz ýokary derejede alnyp barylýar.

Dünýäde iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet Türkmenistandyr. Biziň ýurdumyz özüniň bu derejesine eýerip, “açyk gapylar”, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýar. Bu ugurlarda alyp barýan işlerimizi, ilkinji nobatda, bizi owgan doganlarymyz hemişe goldap gelýär. Olar biziň Bitaraplygymyzy hem ilkinjileriň biri bolup ykrar etdiler we dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlarymyzy hem hemişe goldaýarlar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň ähmiýetini nygtady. Ata-babalarymyz hem bize: “Oňarsaňyz köpri guruň, ýol guruň” diýip, wesýet edipdirler. Biz hem şu gün şol wesýetleri iş ýüzünde amala aşyrdyk. Bu bizi buýsandyrýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň indi 20 ýyl bäri Owganystanyň doganlyk halkyna elektrik toguny elýeterli bahadan berip gelýändigini belledi. Ylalaşygyň esasynda häzirki wagtda 100 megewat bolsa, indiki ýyl bu görkeziji 150-ä, 2018-nji ýylda bolsa ol ylalaşyk esasynda 300 megewata ýetiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýap-ýaňyja owgan kärdeşiniň bu sany 500-e ýetirmegi haýyş edendigini aýtdy. “Eger-de, doganlarymyza gerek bolsa 500-e hem ýetireris” diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Milli Liderimiz ýylda 33 milliard kub metr gazy geçirmäge ukyply Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi barada durup geçip, bu üstaşyr gaz geçirijisi üçin Owganystana ortaça ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan hem gowrak girdejiniň geljekdigini aýtdy. Gaz geçirijisiniň ugrunda ençeme zerur desgalar – zawodlar, gaz gysyjylar, arassalaýjylar gurlar. Owgan doganlarymyz üçin 12 müňden gowrak iş orunlary dörediler.

Ýaňky aýdylyp geçilen zatlar – bu biziň başlangyçlarymyzdyr! Entek, nesip bolsa, türkmen we owgan halklarynyň bähbidine mundan beýläk hem köp işler amala aşyrylar. Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň serhet ýakalaryndaky etraplarda medeni ojaklaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, dükanlaryň, metjidiň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Milli Liderimiz ýaňy-ýakynda owgan welaýatynda türkmen tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öýüň ulanmaga berlendigini ýatladyp, Türkmenistanyň goňşy halk üçin mundan beýläk hem şeýle desgalary köp gurjakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýokary sylagy ýurdumyzyň ähli agzybir halkynyň çekýän zähmetine ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýdyp, ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani dostlarça hoşlaşyp, birek-birege parahatçylyk, abadançylyk we goňşy halklara gülläp ösüş arzuw edip, täze mümkinçilikler açylýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir