Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Halkyny «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramy Bilen Gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Halkyny «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramy Bilen Gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Halkyny «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramy Bilen Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Halkyny «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramy Bilen Gutlady

Döwlet baştutanynyň gutlagynda: «Gadymýetden bäri ekerançylygyň kämil nusgalaryny döredip gelen ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler.

Muňa türkmen düzleriniň, sähralarynyň, daglyk zolaklarynyň köp ýerlerinde adam elleri bilen gurlup, döredilen guýylar, kärizler, howdanlar, akabalar, köller, ýaplar we beýleki suw desgalary doly şaýatlyk edýär.

Suwuň asla ýok ýerlerine hem dürli usullar bilen suw eltmegi başaran ata-babalarymyzyň asylly däplerinden ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys.

Biz «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» kabul etdik. Ýurdymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap agyz suwy zawodlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň aýdyň mysalydyr.

Döwrüň uly desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşyk işleri hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu köle ýurdumyzyň ekerançylyk ýerlerinde toplanan zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde, şor suw akabalarynyň işleýşi kadalaşýar. Ýerasty suwlaryň peselmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagy netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar hem-de Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi yzygiderli baýlaşýar.

Dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumuň jümmüşinde täze emeli köliň döredilmegi diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna we daşky gurşawyň ygtybarly goralmagyna oňyn täsir edýär.

Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de giň gerimli işleri amala aşyrarys» – diýilýär.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir