Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen Halkyna Döwlet Baýdagynyň Döredilmeginiň 25 Ýyllygy Mynasybetli Gutlag Bilen Ýüzlendi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen Halkyna Döwlet Baýdagynyň Döredilmeginiň 25 Ýyllygy Mynasybetli Gutlag Bilen Ýüzlendi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen Halkyna Döwlet Baýdagynyň Döredilmeginiň 25 Ýyllygy Mynasybetli Gutlag Bilen Ýüzlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen Halkyna Döwlet Baýdagynyň Döredilmeginiň 25 Ýyllygy Mynasybetli Gutlag Bilen Ýüzlendi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň aýratyn möhüm ähmiýetli şanly wakasy – Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Döwlet baýdagy ýurdumyzyň berkararlygyny, abraý-mertebesini, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, milletimiziň parahatçylyk hem-de dostluk ýörelgelerini alamatlandyrýan milli buýsanjymyzdyr. Şoňa görä-de, bu şanly baýrama bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň mähriban halkymyzy ajaýyp üstünliklere galkyndyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan Watanymyza bolan beýik söýgimizi, Ýaşyl tugumyza bolan belent sarpamyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Baýdak biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, milli agzybirligimiziň we jebisligimiziň ebedilik nyşanydyr. Çärýek asyr mundan ozal – 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda ebedi milli buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy we jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli beýik mukaddesligimiz – özbaşdak, erkin, garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagy döredildi. Taryh üçin örän gysga bu döwürde mukaddes Baýdagymyzyň saýasynda biziň Garaşsyz we Bitarap döwletimiz okgunly ösüş ýoluna düşüp, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde ykrar edildi.

Bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy ýörelge edinen mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmeti bilen Turkmenistan dünýäniň kuwwatly we abraýly döwletleriniň birine öwrüldi.

Häzirki döwürde beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýan, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar Watanymyzda Döwlet baýdagyna watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslik hökmünde aýratyn sarpa goýulýar. Döwlet baýdagymyzyň sarpasyny has-da belende götermek, nesilleri watançylyk we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalary döredildi. Döwlet baýdagymyzyň döredilen gününiň milli baýram hökmünde giňden bellenmegi bolsa, kalbymyzda we aňymyzda erkana hem-de kuwwatly döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyny pugtalandyrýar, ägirt uly gujur-gaýrat, çäksiz ylham berýär. Bu bolsa, milletimiziň agzybirligini, mertebesini hem-de buýsanjyny alamatlandyrýan Döwlet baýdagyna sarpamyzyň we söýgimiziň ebedidigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Biz buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyzyň saýasynda mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasatymyzy amala aşyrmakda «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymata eýerýäris. Bu ynsanperwer taglymata laýyklykda, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, durmuş ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda toplumlaýyn özgertmeleri, milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, döwrebap obadyr şäherçeleriň bina edilmegi,
in öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlarynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletimiziň ykdysady hem-de medeni-durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini durnukly saklamaga ýardam edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan we utgaşdyrýan öňdengörüjilikli hem-de maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, aýratyn-da, halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly başlangyçlary öňe sürmek bilen, Turkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilýändigi baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi biziň alyp barýan syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyna hem-de giňden goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, Döwlet baýdagymyzyň saýasynda biziň ýürekden buýsanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä dolsun!

Türkmenistanyň
Prezidenti

Gurbanguly
Berdimuhamedow

Meňzeş Täzelikler

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awazany Dostluk Mekany Diýip Atlandyrdylar

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awazany Dostluk Mekany Diýip Atlandyrdylar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir