Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Resminama laýyklykda:

Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Enegül Orazmyradowna Öwezowa;

Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mälikberdi Myradowiç Myradow;

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky  19-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Nuraly Eziz ogly Ezizow;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen  25-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şatlyk Abalakowiç Gurbanow; 

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Guwanç Şöhradow;

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Döwran Rejepgeldi ogly Bekişow  “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we noutbuk kompýuteri bilen sylaglandylar hem-de olara bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomy gowşuryldy.

Şeýle hem  Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň  jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.  

 *** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda çykaran 14557-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2016-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi.


Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirmegini üpjün etmek tabşyryldy. 


*** 


Ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerli gurluşyk kärhanalarynyň kuwwatyny has-da doly peýdalanmak hem-de maýa goýumlarynyň netijeli özleşdirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn möhüm senagat desgalaryndan we binalaryndan beýleki desgalary we binalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek barada daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplary bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň (materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny hasaba almazdan)  azyndan 80 göteriminiň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylmagy bellenildi.  

Meňzeş Täzelikler

(TENDER) Petronas Çarigali (Turkmenistan) Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

(TENDER) Petronas Çarigali (Turkmenistan) Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 29-njy Martyna (29.03.2017) çenli dowam eder. «Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd (PÇ(T)SB)» …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir