Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşýän “Guwlyduz” kärhanasynyň çäginde ýylda 40 müň tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2 müň 500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duz öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek hem-de ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Dana gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we önümhanany 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba we suw hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, läbik sorujylary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini 2017-2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umax Trade GmbH” kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmaga;

Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “John Deere International GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we edaralaryň işine talabalaýyk gözegçilik etmändigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Toýlyýew Sapardurda käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Gülşat Sahyýewna käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin,
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Garajaýew Annageldä
käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Altaýew Maksat Ataýewiçe
käýinç yglan edildi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir