Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny artdyrmak hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli bazarlaryny bellenen tertipde Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiklerine satmak tabşyryldy.

***

Ilatymyza gündelik sarp edilýän harytlaryň hemişe elýeter bolmagyny üpjün etmek maksady bilen hem-de “Söwda işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň sanawy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine sanawda göz öňünde tutulan durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň hökmany gündelik söwdasynyň talabalaýyk guralmagyna gözegçilik etmek hem-de durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň söwdasyny guramagyň hem-de oňa gözegçiligi amala aşyrmagyň düzgünlerini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Ata özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýrammyrat Orazmyradowiç Mämmedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Welinazar Pudakowiç Agajanow pensiýa gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akgül Şirmuhammedowna Toporowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güljahan Kentowna Allaýewa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Öwezgulyýewiç Bäşimow Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çaryýar Amansähedowiç Annasähedow başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bahargül Işanberdiýewna Atahanowa Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Garajaýewa Mährijemal Muhammetorazowna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gullala Batyrowna Hudaýbergenowa Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumabaýew Magsatgeldi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurýagdy Söýünowiç Ýazdurdyýew Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dendanow Maksat Orazgeldiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çemen Aşyrowna Ýazyýewa Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurmuhammedowa Göwher Halnazarowna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bahargül Uzakberdyýewna Owezowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämedowa Merýem özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sona Ýagmurowna Nazarowa Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamämedow Halmyrat özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nazar Halmyradowiç Geldiýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hudaýberdiýew Serdar Jepbarberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ylham Myradowiç Hajyýew Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Pirow Kasym Hakgyýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nuriddin Hudaýbergenowiç Namazow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meredow Röwşen Aşyrowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşyr Rozymuradowiç Kurbandurdyýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kurbanowa Ogulgeldi Jumaýewna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kümüş Hudaýberdyýewna Mawlýamowa Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýdogdyýew Allamyrat Tirkişowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begmyrat Hojamyradowiç Suwhanow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akmuhammedow Kuwatgeldi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begençmuhammet Muhammedamanowiç Ataýew Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babaýew Nazar Guwançmyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetresul Baýramgeldiýewiç Seýitliýew Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Nurgeldiýewiç Paşşyýew Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbanow Arman Muhammetnazarowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary Wezirow Rahmana berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary Rejepow Orazberdi Saşlyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkiminiň orunbasary Işangulyýew Annamuhammede berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary Rejepow Rejep Nazargulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary Öräew Mämetgeldi Amanmyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary Allakow Babajan Babakulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary Böriýew Kuwata berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary Joraýew Nobatgeldä berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkiminiň orunbasary Ýabanow Allamyrat Atamyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dünýägözel Çaryýarowna Nurmedowa Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jennet Orazmamedowna Geldymamedowa Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2017-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri:

kärendeçileriň we ýer eýeleriniň hem-de daýhan birleşikleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2017-nji ýylda Türkmenistan boýunça 545 müň gektar meýdanda gowaça ekilmegini we 1 million 50 müň tonna möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmäge;

gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmäge borçly edildi.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine:

gowaça ekiljek meýdanlaryň ýokary hilli gowaça tohumy bilen;

ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;

gowaça meýdanlaryny suwaryş suwy bilen;

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine mineral dökünleriň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2017-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň:

ministrliklere we pudak edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Baharly etraplarynyň aralygynda 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ekilen bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine ýurdumyzyň ministrliklerini, pudak edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnama hem-de “Türkmennebit” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi Aşyrmyradow Hojamyrada berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkimi Amandurdyýew Serdar Myratdurdiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi Gylyjow Nurahmet Kömekowiçe berk käýinç yglan edildi.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi Esenow Annaguly Bozoglanowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi Annagurbanow Beggeldi Musranhanowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi Saparberdiýew Rahym Annamuhammedowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkimi Mämmedow Döwran Ärnepesowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň häkimi Saýypow Nureddin Batyrowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi Hudaýkulyýew Şöhrat Hemrakulyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi Erkaýew Myrat Öwlýakulowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi Mylkyýew Çarymyrat Gitjikowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi Allamyradow Agamyrada berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi Gökçeýew Begmyrat Ýagşymyradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji kararyna laýyklykda:

ministrliklere, pudak edaralaryna we edara-kärhanalara ýer böleklerini;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna ýer böleklerini bermek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerini bermek boýunça namalary bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, etraplarda we şäherlerde durmuş-ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda çykaran 7202-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen:

Lebap welaýatynyň Farap etraby 2016-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan edildi we Farap etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2017-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2017-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanydy. Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Suw hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2017-nji ýylda welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň suwdan peýdalanyjylarynyň suwdan peýdalanmagynyň çäkli möçberleri tassyklanyldy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir