Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça utgaşdyryjy topar dörediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara, edaralara we guramalara (karz edaralary muňa girmeýär) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek baradaky Karara gol çekdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça utgaşdyryjy topary döretmek hem-de Topar hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Karar bilen Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça çäreler tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Bu çäreler ýurdumyzyň ykdyswadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşýanlygy bilen baglylykda buhgalterçilik hasabynda hem-de maliýe hasabatlylygynda halkara standartlaryna laýyklykda işiň alnyp barylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýew Döwlet baştutanynyň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Ýazguly Mämmedow Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Öwezgylyjowiç Mämmedow şol bir wagtda Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi wezipesine bellenildi.

Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibi tassyklanyldy.

“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibi, hereketleriň sanawy we ýygymlaryň möçberleri tassyklanyldy.

(turkmenistan.gov.tm)

 

Meňzeş Täzelikler

7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

Stambul Uniwersiteti halkara talyplar üçin “7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi geçirer. Bu bäsleşik Stambuldaky Uniwersitetleriň …

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir