Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip Aşgabada geldi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Goňşy ýurduň baştutany ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna hem-de dostlukly halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň köpasyrlyk dostluk we özara ynanyşmak hyzmatdaşlygynyň binýadynda ýola goýulýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde birnäçe möhüm ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamynda, maşyn gurluşygynda, oba hojalygynda, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada özara pikir alşyldy. Hususan-da, Özbegistanyň hökümet baştutanynyň birinji orunbasary ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine degip geçip, özara gyzyklanmalary hem-de milli ykdysadyýetleriň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini nazara alyp, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleri belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, şol sanda iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň yzygiderli ösüş depginlerine eýedigine kanagatlanma bildirip, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga umumy gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şol hyzmatdaşlyk häzirki döwürde uly isleg bildirilýän giň mümkinçilige eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejelerinde gazanylýan ähli ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginde hömetara toparynyň işine oňyn baha berildi.

A.Ramatow Türkmenistanyň Prezidentine bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada habar berip, özbek tarapyndan onuň başlygy bolmak bilen, Aşgabat duşuşygynyň däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi berip, halklarymyzy gadymy asyrlardan bäri baglanyşdyrýan ysnyşykly dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Häzir biziň türkmen kärdeşlerimiz bilen ara alyp maslahatlaşmaly hem-de olardan kabul etmeli tejribelerimiziň anyk ugurlary, mysal üçin, awtomobil we demir ýol köprüleriniň, beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna degişli ugurlar bar diýip, myhman aýtdy hem-de işewür duşuşygyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meseleleriniň çözülmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän möhüm ähmiýet berýärler. Şol möhüm meseleleriň hatarynda Araly halas etmek hem-de suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak ýaly meseleler bar.

Özbek wekiliýetiniň baştutany tutuş Merkezi Aziýa sebitini durnukly ösdürmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow gatnaşdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir