Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Oblastynyň Gubernatoryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Oblastynyň Gubernatoryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Oblastynyň Gubernatoryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Oblastynyň Gubernatoryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Ol Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara kongrese gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy we onuň sebitleri, şol sanda Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen bu sebiti taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ysnyşykly ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, bu ägirt uly sport baýramçylygyny geçirmek hormatyna eýe boldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň bu çözgüdi olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän ýurdumyza uly ynam bildirilýändiginiň hem-de onuň gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kuwwatly sport binýadynyň döredilýändigi aýratyn nygtaldy. Türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjigi – wezipesi hem-de binagärlik çözgüdi babatda dünýäniň iň gowy olimpiýa toplumlaryndan birjik-de pes durmaýan ägirt uly toplum şol binýadyň merkezine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, myhman Astrahan oblastynyň ýokary we ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde bilim alýan we daşary ýurt dillerini bilýän türkmen talyplarynyň hataryndan meýletinçileri ibermek baradaky teklibi beýan etdi. Olar Aşgabatda Aziada-2017-niň sport çäreleriniň geçirilýän günlerinde işlärler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler şeýle hem sport ulgamynda, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Bu babatda eýýäm üstünlikli gatnaşyklaryň, şol sanda sportuň suw görnüşlerinde hem-de syýahatçylyk sportunda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň ösdürmegiň we giňeltmegiň wajypdygy bellenildi. Hazaryň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna we onuň ajaýyp sport hem-de myhmanhana toplumlaryny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir