Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.

… Döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen kaşaň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatrşyladylar.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri döwlet Baştutanymyzy bu röwşen barýam bilen gutlap, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, öňde goýlan ähli ägirt uly meýilnamalaryň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin çäksiz gujur-gaýrat arzuw etdiler.

Ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, tamamlanyp barýan ýubileý ýyly syýasy, ykdysady we medeni durmuşda möhüm wakalara, ajaýyp sepgitlere hem-de agzybir we bitewi halkyň uly zähmet ýeňişlerine baý boldy hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň täze taryhynda iň nurana sahypa öwrüldi.

Özüniň bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiz sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki möhüm wezipesini abraý bilen ýerine ýetirdi we bu ugurda ägirt uly işleri alyp bardy. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlary, onuň netijeli we parahatçylylykly gatnaşyklara açyklygy ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny, dünýä bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşmegini şertlendirdi.

Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli belent dabaralara beslenen tamamlanyp barýan ýylda döwletimiziň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler dowam etdirildi we geljekki giň möçberli özgertmeleriň pugta binýady goýuldy. Önümçilik pudagynyň ösdürilmegine we senagat pudaklarynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berildi. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkemegini şertlendirdi.

Türkmenistanyň dünýäniň maliýe düzümleri, şol sanda Halkara walýuta gaznasy tarapyndan bellenilen ykdysady ösüşi bu sözlere şaýatlyk etmek bilen, biziň kuwwatly hem-de özbaşdak döwletimiziň maliýe ulgamynyň we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň kämilleşendiginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasy ykdysadyýetiň oňyn ösüşe eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmegine, ähli möhüm pudaklaryň ösdürilmegine iri maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegine, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawynyň berilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

2016-njy ýylda Türkmenistanda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat, Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň hem-de Aşgabatda Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi ýaly halkara ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Gurluşygy dowam etdirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem bu hatarda goýmak bolar.

“Döwlet adam üçindir!” şygaryna laýyklykda soňky ýyllarda dürli maksatly köpsanly desgalar, ilkinji nobatda bolsa, ýaşaýyş-durmuş binalary gurlup, ulanmaga berildi. Şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerdi. Agzybir türkmen halky asuda, abadan durmuşyň hözirini görýär.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde oba adamlarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, zähmet çekmek, okamak we dynç almak üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Şunlukda, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, olaryň baý tebigy we senagat mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ekerançylaryň netijeli zähmetini goldamagyň we höweslendirmegiň kämil ulgamy hereket edýär, daýhanlar öz ykbalyny ene toprak bilen mäkäm baglap, ony özleşdirip, halal zähmetleri bilen baýap, ýerden alynýan hasyly ýokarlandyrýarlar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi oba ýerleriniň özgerdilmegine, ýerli ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döretdi.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda milli medeniýetimiz we sungatymyz hil taýdan täze derejä çykdy. Ýetilen beýik sepgitler, çeperçilik we döredijilik ruhy öz beýanyny tapyp, jemgyýetdäki sazlaşygy has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Ýurdumyzyň medeni durmuşynyň wakalary täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwatyny özünde jemläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de öňe gitmegine, halkymyzyň baý mirasynyň wagyz edilmegine öz goşandyny goşdy.

Ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen köpsanly çäreleriň her biri döwletliligiň, halkymyzyň bitewiliginiň, agzybirliginiň berkidilmegine, garaşsyzlyk, durnuklylyk, parahatçylyk we ylalaşyk ýaly ýörelgeleri esasy ugur edinýän milli gymmatlyklaryň utgaşmagyna gönükdirilen many-mazmuna baý boldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimize alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärler toparlarynyň, giň jemgyýetçiligiň, oba zähmetkeşleriniň, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan iň gowy gutlaglaryny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýyl bilen ýene bir ýola gutlap, döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri geljek ýylda türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly ýörelgeleriniň töwereginde mäkäm jebisleşip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany gülläp ösýän döwlete öwürmek maksady bilen has yhlasly işlejekdiklerine ynandyrdylar.

Hoşniýetli arzuwlar we şu ýylda bitirilen asylly işler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Täze, 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we Täze ýylyň umyt-arzuwlaryň amala aşýan, rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýän ýyla öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Ähli türkmenistanlylaryň nurana arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, döwlet Baştutanymyz ýene birnäçe günden durmuşymyza doljak 2017-nji ýylyň döwletimiziň beýik işleriniň şanly ýyl ýazgysynda ähmiýetli ýyla öwrüljekdigine, ýurdumyzyň ösüşleriň belentilklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň we ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň, türkmen we daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagynda Täze ýyl dabarasy başlandy,onda döwlet Baştutanymyz gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýramçylyk dabarasynyň dürli döwletleriň wekillerini birleşdirendigini, munuň bolsa dost-doganlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz belleýşi ýaly, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan 2016-njy ýyl dürli ulgamlarda, milli bähbitlerimiziň, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenisitanyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda gazanylan ýeňişlere we üstünliklere beslendi.

Bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylyň milli medeniýetimizi, taryhymyzy çuňňur öwrenmek, ony bütin dünýäde wagyz etmek ýyly boldy, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bolsa bütin dünýäde ýurdumyzyň sport abraýynyň belende göterilmegine ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda bu döwür üçin ähli göz öňünde tutulan maksatnamalaryň amala aşyryljakdygyna, bellenilen sepgitlere we maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirip, ýygnananlary we bütin halkymyzy ýene bir gezek Täze ýyl bilen gutlady.

Soňra baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlandyryldy, onuň maksatnamasyna sungatyň dürli görnüşleri boýunça aýdym-saz, tans çykyşlary girizildi, olarda döredijiligiň dürli taraplary açylyp görkezildi hem-de folklor çeşmeleri häzirkizaman estrada äheňleri bilen sazlaşygy emele getirdi.

Konsert Türkmenistanyň Gahrymany G.Şagulyýewanyň sözlerine döredilen “Bu ýyllar” diýen aýdym bilen açyldy, ony belli türkmen estrada aýdymçylary ýerine etirdiler. Baýramçylyk konserti estrada ussatlarynyň garaşsyz, bagtyýar Watanymyzy hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik özgermeleri wasp edýän aýdymlary bilen dowam etdirildi.

Şeýle hem belli daşary ýurt sazlary ýaňlandy. Artistler öz ylhamly çykyşlaryny hem-de iň goy täze ýyl arzularyny tomaşaçylara bagyşlap, olaryň şowhunly elçarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Baýramçylyk konsertine gatnaşýanlaryň bilelikdäki ýerine ýetirmeginde “Arkadagly ýurda hoş geldiň sen Täze ýyl!” diýen watançylyk aýdymy ýaňlandy, ol dabara aýratyn ruhubelentlik we raýatlyk joşgunyny çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz döreden eserlerini – döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýakynda ýazylan aýdymlary öz ýakymly heňi, tolgundyryjy sözleri bilen ýerine ýetirmegi diňleýjileriň ählisiniň kalbynda orun alyp, ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, ýygananlarda aýratyn ruhubelentlik joşgunyny emele getirdi, munuň şeýledigini şowhunly elçarpyşmalar hem tassyklady.

Täze ýyl çärelerinipň çäklerinde gysgaça çykyşlardan ybarat döredijilik bäsleşigi hem geçirildi, onda ýygnananlar öz sazandalyk we artistlik başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Bäsleşigiň jemleriniň jemlenmegi hem-de ýeňijileriň sylaglanylmagy baýramçylyk tomaşasynyň jemleýji bölegine öwrülip, 2017-nji ýyly garşylamak mynasybetli guraljak esasy dabaralaryň öň ýanynda tamamlanyp barýan ýyla bagyşlanan köpsanly çäreleriň biri boldy. Täze ýyly garşylamak dabarasy 31-nji dekabryndan 1-nji ýanwara geçilýän gije paýtagtymyzdaky “Älem” medeni – dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralar.

Meňzeş Täzelikler

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

Siziň oglyňyz ýa-da gyzyňyz daşary ýurtda okaýarmy? Siz olar barada binjalyk bolýarsyňyzmy? Siz olara pul …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir