Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa Goýum Edarasynyň Baştutany Özara Gatnaşyk Etmegiň Mümkinçiliklerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa Goýum Edarasynyň Baştutany Özara Gatnaşyk Etmegiň Mümkinçiliklerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa Goýum Edarasynyň Baştutany Özara Gatnaşyk Etmegiň Mümkinçiliklerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa Goýum Edarasynyň Baştutany Özara Gatnaşyk Etmegiň Mümkinçiliklerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani bilen duşuşdy.

Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani türkmen Liderini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň hem-de 15-nji martda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyryp, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Katarda Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn özgertmeler ýolunda gazanan haýran galdyryjy üstünlikleri ruhubelentlik bilen kabul edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Katar Döwleti bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa okgunly ösýär hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Duşuşygyň barşynda diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýörelgeleri esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalary nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Kataryň Maýa goýum edarasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän iki ýurt üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika ulgamy, ýokary tehnologiýaly nebit we gazhimiýa önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başyny başlaýan, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalaryň maýa goýum ulgamynda netijeli gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýär. Olaryň hatarynda kuwwaty ýylda “mawy ýangyjyň” 33 milliard kub metrine barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça halkara energiýa taslamasy bar.

Bu taslamany iş ýzünde amala aşyrmak maksady bilen, “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumy döredildi. “Türkmengaz” döwlet konserni onuň öňbaşçysy bolup durýar. Meşhur daşary ýurt kompaniýalary Aziýanyň ösüş banky ýaly abraýly halkara düzümiň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän bu giň möçberli taslama uly gyzyklanma bildirýärler.

“Galkynyş” iri gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek, Hazaryň türkmen ýalpaklygynda ýangyç serişdelerini işläp geçmek boýunça taslamalaryň hem hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly hasaplanylýar.

Ulag ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, bu babatda halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda ozal gol çekilen Ylalaşygy nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu geçelge Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz aralarynda baglanyşdyryp, sebitara we kontinental ähmiýetli multimodal ulag düzüminiň möhüm bölegi bolmalydyr.

Ulag-kommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan giň möçberli toplumlaýyn işleri geçirýär, şol sanda döwrebap awtomobil we demir ýollary, degişli inžener-tehniki desgalary gurýar, bu ugurda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşýar. Ýakynda Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap demir we awtomobil ýollarynyň açylyş dabarasy boldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry – ýurdumyzy goňşy Owganystan bilen baglanyşdyran polat ýol işe girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan ulag ýaly strategiki ulgamda netijeli hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygy nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, beýleki ulgamlarda, şol sanda dokma senagaty ugry boýunça hyzmatdaşlyk üçin hem amatly şertler bar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ýerli çig maldan öndürilýän, daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli ýokary hilli önümleri çykarýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap dokma önümçilikleriniň onlarçasy hereket edýär.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmakda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet saparyna gabatlanylyp Dohada geçirilen türkmen-katar işewürler maslahatynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu maslahat taraplaryň uzakmöhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Mundan başga-da, Kataryň paýtagtynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän türkmen eksport harytlarynyň sergisi guraldy.

Bellenilişi ýaly, Katar Döwletiniň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Bu ýerde üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin ähli zerur şertler döredildi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny hem-de ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da belende galdyrandygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýeti döretmäge alan ugry, daşary ýurtly maýadarlar üçin has amatly ýagdaýlaryň döredilmegi, daşary ýurt maýalarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegi özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna çykmak hem-de maýa goýum taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň katarly hyzmatdaşlaryň hyzmatdaşlyk etmegi boýunça ähli tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklap, Kataryň Maýa goýum edarasynyň ýolbaşçysyny hem-de wekillerini ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy. Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani türkmen Liderine çakylygy hem-de türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, katar tarapynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory däp bolan döwletara gatnaşyklaryň dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir