Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär M. Annanepesow Ahal Welaýatynda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär M. Annanepesow Ahal Welaýatynda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär M. Annanepesow Ahal Welaýatynda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär M. Annanepesow Ahal Welaýatynda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär – Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy.

Änew şäheriniň Medeniýet öýüne ýygnanan hormatly ýaşulular, ýerli häkimiýet edaralarynyň, sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryldy. Dalaşgäriň ynanylan wekili dalaşgäri abraýly, örän uly iş tejribesi hem-de bilimi bolan işbaşarjaň ýolbaşçy, ýurduna hem-de halkyna wepaly pähim-paýhasly adam hökmünde häsiýetlendirip, saýlawçylara saýlaw gününde M.Annanepesow üçin öz seslerini bermeklerini maslahat berdi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgär M.Annanepesow saýlaw maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, «açyk gapylar» syýasatyny dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegi, Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini nygtady. Içeri syýasatyň esasy ugurlary durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we beýleki pudaklarda, önümçilik desgalarynyň gurluşygynda özgertmeleri çuňlaşdyrmakdan, halkara forumlarynyň, sergileriniň, ylmy maslahatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

M. Annanepesow ýygnananlaryň köpsanly sowallaryna jogap berdi hem-de saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir bölümlerini anyklaşdyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir