Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Maksatnamalary
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Maksatnamalary
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Maksatnamalary

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Maksatnamalary

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Maksatnamasy.

Üçünji müňýyllykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmegi öz öňümde baş maksat edip goýdum.

Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda ähli tagallalary edip, il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrmak abraý-mertebedir.

Bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanyna öwrülmegini, kämil jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň has-da jebisleşmegini hem-de mähriban halkymyzyň öňküden-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eder.

Pederlerimizden miras galan iň beýik demokratik gymmatlyklaryň biri-de il-günümiz, parasatly ýaşulularymyz bilen geňeşip, ýurdumyzy ösdürmegiň anyk çözgütlerini tapmakdyr. Öz alyp barýan syýasatymda ata-babalarymyzdan galan bu ýörelgä hemişe eýerip geldim we oňa geljekde-de pugta eýermegi maksat edindim!

Şan-şöhrata beslenen ýyllaryň dowamynda biz dilleri senaly ýaşulularymyz bilen geňeşip-maslahatlaşyp, il bähbitli işleri amala aşyrdyk. Döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrjak, zähmetsöýer halkymyzy beýik maksatlara ýetirjek tutumly işleri biz geljekde-de merdana raýatlarymyz bilen el-ele berip amala aşyrarys.

Biz pederlerimizden miras galan şöhratly ýolumyz bilen bagtyýar geljege tarap ynamly hereket ederis. Beýik döwletleri guran türkmen ilimiziň bu günki nesilleri üçin ösen dünýäniň derwezelerini giňden açyp, gözel Diýarymyzy dünýäde nusgalyk döwletleriň derejesine götereris. Onuň üçin ähli mümkinçilikler bar.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýip jaýdar aýdyşy ýaly, biziň bagtyýar döwletimizde il-ýurt bähbitli ähli işleriň rowaç aljakdygyna berk ynanýaryn!

Gözel Diýarymyzy asudalygyň, bagtyýarlygyň, abadançylygyň mekanyna öwürmek, eziz Watanymyzda obadyr ak şäherleri bina etmek, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini iň ýokary dünýä ölçeglerine ýetirmek biziň maksatnamamyzyň asyl mazmunyny düzýär.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Döwlet gonsa goç ýigidiň başyna, hemaýatly ili gerek daşynda» diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, biz ähli raýatlarymyz bilen jebisleşip, bir jan-bir ten bolup, bagtly geljegi gurmaga galkynmalydyrys.

Kabul eden Maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak üçin meniň öňde goýan baş wezipelerim şulardan ybaratdyr:

— türkmeniň baky sarsmaz döwletiniň binýatlyk esaslaryny öňküden-de has berkideris, onuň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrarys. Bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys, milletimiziň ruhy kämilligini, galkynyşyny öňküden-de ýokary derejelere götereris;

— ýurdumyzda senagatda we oba hojalygynda, telekeçilikde ýokary zähmet öndürijiligini gazanyp, bäsleşige ukyply türkmen harytlaryny halkara bazarlaryna öňküden-de has köp çykarmagyň ykdysady usullaryny durmuşa ornaşdyrarys we ilatymyzyň jan başyna düşýän girdejisiniň öňdebaryjy döwletleriň görkezijileriniň derejesine ýetirilmegini gazanarys;

— ylmyň we bilimiň, medeniýetiň, ynsanperwer ulgamyň ösüşine giň ýol açjak ähli şertleri döretmek, şeýle hem milletimiziň baý ruhy we medeni mirasyna esaslanmak arkaly, türkmen halkynyň dünýäde dörediji we gurujy, oýlap tapyjy halk hökmünde giňden tanalmagyny gazanarys;

— halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkideris, bu ugurda kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdireris. Şeýle hem, «Saglyk» döwlet maksatnamamyza laýyklykda raýatlarymyz üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede bolmagyny üpjün ederis. Saglyk öýlerini, saglygy goraýyş merkezlerini, hassahanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini gurmak boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris;

— Oba Milli maksatnamamyzy üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçireris. Ekerançylyk ýerlerimiziň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrarys. «Suw damjasy — altyn dänesi» diýip, suwa belent sarpa goýýan pederlerimiziň ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny gazanarys we suwuň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen gidroirrigasion desgalary gurarys. Ýurdumyzyň ekerançylyk ýerlerini suw bilen doly üpjün etmek boýunça ähli zerur işleri durmuşa geçireris. Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyna iň öňdebaryjy usullary ornaşdyrarys;

— «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan akabalaryň boýunda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan ilatly ýerleri dörederis hem-de özboluşly tebigy we ösümlik dünýäsi emele gelen bu suw akabalarynyň ýakalarynda şor suwda bol, süýji önümleri berýän ösümlikleriň — galofitleriň giň ekerançylyk meýdanlaryny dörederis;

— ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmäge, bu ugurda kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, elektron senagaty döretmäge, döwletimizi senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge aýratyn üns bereris;

— şäherlerde, etraplarda ýaşaýan raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini dörederis hem-de ýerlerdäki ähli köçeleriň asfaltlanyp, yşyklandyrylyp, obalarymyzda şäherlerden pes bolmadyk şertleriň döredilmegi üçin ähli tagallalary ederis;

— şäherara we obara ýollarynyň, köprüleriň durkuny täzeläris hem-de ilatly nokatlaryň arasynda ýolagçy awtobuslaryň yzygiderli gatnawyny ýola goýarys;

— ilatly nokatlaryň ählisinde halka durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri döredip, olarda häzirki zaman hammamlarynyň, ýaşlar we çagalar üçin sport meýdançalarynyň, saglygy goraýyş, şeýle hem kino-konsert merkezleriniň, halk senetçilik önümçiliginiň, şeýle hem ulaglara tehniki hyzmat ediş nokatlaryň işlerini ýola goýarys;

— ilatymyzyň girdejileriniň yzygiderli artmagyny gazanarys;

— zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny köpeltmegi, raýatlarymyza niýetlenen ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üns merkezinde saklarys;

— ýurdumyzyň raýatlaryny, aýratyn hem, ýaşlarymyzy iş bilen üpjün etmek, olaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçireris;

— ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, bilim, sport, şypahana-bejeriş, sagaldyş we saglyk merkezlerini, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmagy dowam etdireris;

— maşgalany maddy taýdan goldamagy dowam etdireris, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleriň zerur möçberlerde goýberilmegini gazanyp, jemgyýetimiziň binýady hasaplanýan maşgalanyň, şeýle hem eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam bereris.

— syýahatçylygy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmegi göz öňünde tutýarys, sagaldyş-şypahana ulgamyny hem düýpli özgertmegi döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň birine öwreris;

— jemgyýetimiziň syýasy ulgamynyň işini has-da kämilleşdireris. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti pugtalandyrarys, jemgyýetçilik durmuşyny hem mundan beýläk-de çuň demokratiýalaşdyrarys;

— senagatda we oba hojalygynda telekeçiligiň has-da ösdürilmegi üçin oňyn, amatly şertleri dörederis;

— azyk önümleriniň arzan bahadan, elýeterli bolmagyny ygtybarly üpjün etmek üçin, dowarlaryň we iri şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, oba hojalyk önümlerini köp möçberde öndürmäge gönükdirilen zerur çäreleri durmuşa geçireris;

— saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň — welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrarys, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň — Geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy ulgamdaky ornuny has-da ýokarlandyrarys;

— täze döredilen partiýalaryň işiniň kämilleşdirilmegi üçin zerur şertleri mundan beýläk-de üpjün ederis;

— halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, parahorluga garşy alnyp barylýan göreşi halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly dowam etdireris;

— Milli goşunymyzyň, Harby-deňiz güýçlerimiziň, daşymyza mizemez gala bolup duran serhet birikmelerimiziň kuwwatyny artdyrarys, hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdireris, şeýle hem Ýaragly Güýçlerimiziň häzirki zaman ýaraglary bilen yzygiderli üpjün edilmegini, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny gazanarys;

— häzirki zamanyň ähli kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalaryny kämil derejede ele alan işgärleriň we hünärmenleriň täze nesliniň kemala getirilmegine aýratyn üns bereris;

— ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň raýatlarymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegi üçin, nebitgaz önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň kämilleşdirilmegini, hususan-da, uglewodorod serişdelerini iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işlemegi, benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi ýola goýmagy gazanarys;

— Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanyň halkara sport äleminde uly abraýa eýe bolan döwletdigini Ýer ýüzüne subut etmegi ugrunda ähli tagallalary ederis;

— geljekde aragatnaşyk hem-de teleradio ulgamlarymyzyň işini kämilleşdirmegi, şeýle hem tutuş halk hojalygymyzyň zerurlyklary üçin hyzmat etjek täze hemralary älem giňişligine çykarmagy dowam etdireris;

— Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da ösdürip, ony dünýäniň iň meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň birine öwreris;

— energiýa çeşmeleriniň adaty däl görnüşlerini, ýagny gün we ýel energiýasyny öndürmek we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu ulgamyň ösüşine uly goldaw bereris;

— Türkmenistanyň älem giňişligini öwrenmek üçin ajaýyp howa we tebigy şertlerini nazarda tutup, türkmen we daşary ýurtly älemşynaslaryň älemi synlap bilmekleri üçin dürli ululykdaky teleskoplardan ybarat bolan hem-de zerur ýaşaýyş jaýlary we iş otaglary bilen üpjün edilen kämil obserwatoriýalar merkezini dörederis;

— ajaýyp kenarly türkmen derýalarynyň ýakalarynda maşgala bolup dynç almagy söýýänler, suwda gaýykda syýahat etmegi halaýanlar üçin dynç alyş merkezlerini, ýagny her 40–50 kilometr aralykdan ähli şertleri bolan giň meýdançaly ýaşyl zolaklary döretmek işini ýaýbaňlandyrarys;

— Köpetdagyň, Köýtendagyň, Sumbaryň şypaly jülgelerinde, Bathyzyň täsin ýaýlalarynda, Amyderýanyň we Murgap hem-de Garagum derýalarynyň kenarlarynda türkmen gurluşykçylarynyň bina etmeginde köp sanly dynç alyş merkezlerini gurup, olarda türkmen we daşary ýurtly jahankeşdeleriň dynç alyp bilmekleri üçin ähli şertleri dörederis;

— welaýat merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda her 40–50 kilometr aralykda ähli şertleri bolan dynç alyş merkezlerini — gür baglyga bürenen, töweregi abadanlaşdyrylan giň meýdançaly çaýhanalary, özboluşly kempingleri – çaklaň myhmanhanalary, şeýle hem awtoulag serişdelerine hyzmat edýän häzirki zaman hyzmat merkezlerini gurmak işini ýaýbaňlandyrarys;

— oguzlaryň döreden şöhratly döwletlerinden bize — bu günki nesillere miras galan baý däp-dessurlary şu günki azananlarymyz bilen utgaşdyryp, beýik ruhy galkynyşy gazanarys we ösüşiň belentliklerine tarap öňe, diňe öňe ynamly gideris.
Ata-babalarymyzdan bize miras galan bu mukaddes Diýary jenneti mekana öwürmekde mähriban halkymyzyň aň-bilim, ruhy kuwwatyna bil baglarys.

Bu haýyrly işleri amala aşyrmakda, bize, goý, Beýik Biribar güýç-kuwwat bersin, işlerimizi rowaç etsin!

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň terjimehal

1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat oblastynyň Gökdepe raýonynyň Babarap obasynda doguldy.

1979-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlady.

1979-njy ýyldan 1997-nji ýyllary aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mugallymy, terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň dosenti, stomatologiýa fakultetiniň dekany, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Stomatologiýa merkeziniň direktory wezipelerinde işledi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen alymlyk derejeleri we atlary bar.

1997-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellendi. Bu wezipe bilen birlikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýşy ösdürmek gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory we Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.

Şeýle hem, 2001-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi bilen 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlarynda alty dalaşgäriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanda iň ýokary häkimiýet edarasy bolan Halk Maslahatynyň XIX mejlisiniň barşynda Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi girişdi.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan dalaşgärleriň 8-sinden bu wezipä Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine gaýtadan saýlanyldy.

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.

Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. Rus we nemes dillerini bilýär.

Maşgalaly, bir ogly we iki gyzy bar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesowyň Maksatnamasy.

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde abraý hem-de uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Nobatdaky Prezident saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli demokratiýanyň, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär.

Döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde gazanylýan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler berkarar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we durmuş binýadyny has-da berkidýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygy tutuş täzelenip, düýpgöter özgerdi, täze önümçilik kuwwatlyklary ornaşdyrylyp, ägirt uly desgalar, göreni haýran edýän binalar guruldy.

Bagtyýar halkymyzyň her bir güni şanly wakalara hem-de ajaýyp üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň asuda, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmekde öňe sürýän başlangyçlary, Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz ajaýyp miwelerini berýär.

Bu gün türkmen halky asuda durmuşy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri bütinleý we dolulygyna makullaýar, ýurtda gazanylýan ajaýyp ösüşlere we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanýar, bu ajaýyp ýeňişlere özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, milli ideologiýa, şonuň ýaly hem jemgyýetiň durmuş şertlerini kämilleşdirmek, halk hojalygyny ösdürmek, obadyr şäherlerimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyna şaýatlyk edýär.

Eger-de, Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesine saýlanylsam, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny gazanaryn:

Ýurdumyzyň durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebit-gaz hem-de beýleki ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri has-da çuňlaşdyrarys, gurulýan zawoddyr-fabrikleriň we önümçilik desgalarynyň, geçirilýän halkara forumlarydyr sergileriň we ylmy maslahatlaryň netijeliligini artdyrarys.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda iş alnyp barlar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan stadionlaryň we atçylyk sport toplumlarynyň, Merkezi Aziýada iň iri desgalaryň biri bolan Amyderýanyň üstünden geçirilen demir ýol köprüsiniň, Balkan sement zawodynyň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösmeginiň berk binýady boldy we geljekde biz olaryň halk hojalygyna getirýän peýdasynyň has-da ýokary bolmagyny üns merkezimizde saklarys. Munuň özi Türkmenistan döwletimizi gerimi we okgunlylygy boýunça görlüp-eşidilmedik ösüşlere we öňegidişliklere iterer.

Oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegi dowam ederis, täze önümçilik gatnaşyklarynyň emele gelmegi üçin zerur şertler dörediler, ýeriň hakyky eýesine — daýhanlara gowuşmagyna gönükdirilen çäreler kabul ediler.

Ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni önümçilige has giňden ornaşdyrarys we daýhanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçireris. Pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyny gazanarys.

Oba hojalyk pudagynda çuň özgerişleriň geçirilmegini üpjün ederis. Suwy tygşytly peýdalanmak meselesine hem uly ähmiýet bereris.

Döwletimiziň suw hojalyk ulgamyny ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalar, suw sorujy enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, ýeterlik möçberlerde maliýe serişdelerini goýbermek bilen bagly tagallalary döwletimiziň üns merkezinde saklarys.

Oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gurulýan täze zawodlaryň önümçilik kuwwatynyň has-da artdyrylmagyny gazanarys. Dökün öndürýän zawodlaryň gurulmagy bu pudagyň düşewüntliliginiň artdyrylmagyna ýardam eder. Ýurdumyzyň oba we suw hojalyk ulgamlaryny ösdürmekde häzirki zaman ylmynyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaklyga uly üns berler.

Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn işleri amala aşyrarys. Şäher ilaty bilen bir hatarda oba ilatynyň hem ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter ýokarlanmagyna mümkinçilik dörediler. Bu wajyp işler geljekde biziň öňde goýan baş wezipelerimiziň biri bolar.

Her bir ýurduň ösüş derejesi onuň raýatlarynyň we maşgalalarynyň durmuş taýdan üpjünçiligi bilen kesgitlenilýär. Biziň döwletimizde bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda yglan edilen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge her bir raýatyň durmuş üpjünçiligine gönükdirilendir. Raýatlarymyzyň iş orunlary bilen üpjün edilmegini, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylyp durulmagyny üpjün ederis.

Ýeňillikli karz pullaryň hasabyna ähli amatlyklary bolan öýleri satyn almak, ýaş çatynjalara öý goşlaryny edinmek üçin berilýän durmuş ýeňillikleri hem yzygiderli artdyrylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, onuň düzüminde täze institutlaryň açylmagy ýaş alymlara döredijilikli işlemäge, täze açyşlary etmäge, türkmen ylmyny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş wezipelerimiziň biri bolar.

Ýurdumyzda täze orta mekdepleri gurarys, ýokary okuw mekdeplerini açarys. Bu bilim ojaklarynyň gurluşy, olaryň enjamlaşdyrylyşy hil taýdan dünýä talaplaryna doly gabat geler.

Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň döwlet tarapyndan üpjün edilmegine yzygiderli goldaw berler. Talyplar diňe zerur bolan okuw esbaplary bilen däl-de, eýsem mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün ediler.

Durmuşa geçirilýän bu işler, raýatlarymyz üçin döredilýän amatlyklar ýaş neslimiziň sagdyn bedenli, bilimli, sowatly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döreder.

Milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, olary dowam etdirmek üçin hem döwletimiz uly işleri durmuşa geçirer. Her bir welaýatda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, kitaphanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, gadymy ýadygärliklerimiziň ylmy taýdan öwrenilip, täze açyşlaryň edilmegi, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi ýaly meseleler üns merkezinde bolar.

Milli medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz biziň geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi kesgitleýär. Şonuň üçin hem milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwreris.

Şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bereris. Sebäbi, bu pudak ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, oňa döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini üpjün etmekde kesgitleýji orun degişlidir. Bu ulgamda işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylar, olaryň önümçiligine täze tehnologiýalar ornaşdyrylar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň içerki ösüşlerine laýyk gelýän mynasyp daşary syýasatyny üstünlikli dowam etdirer. Dünýäniň dürli döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyklar ýoly bilen öňe gidip, ýurdumyzyň halkara abraýyny geljekde hem artdyrarys.

Ýurdumyzyň üçünji müňýyllykda has-da gülläp ösmegini üpjün etmek üçin şu aşakdakylary üstünlikli durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys:

– oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümini kämilleşdirmek, obahojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak;

– azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýokary depginler bilen alnyp barylmagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak;

– oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekligi we azyk önümlerini öndürmekligi ekologiki taýdan howpsuz şertlerde alyp barmak;

– azyk önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek we ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň içerki bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;

– azyk önümlerini, ilkinji nobatda ter görnüşindäki gök önümleri we miweleri uzak möhletleýin saklamak, döwrebap gaplara gaplamak, daşamak we ýerlemek ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek;

– azyk önümlerini öndürmekde iri möçberli haryt öndürijileri, daýhan hojalyklaryny döretmekligi döwlet tarapyndan goldamak;

– gök önümleri, azyklyk bakjany, kartoşkany ösdürip ýetişdirýän, ýylda 2-3 hasyl alýan, daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler bilen bäsleşige ukyply önümleri öndürýän daýhan hojalyklaryny giňişleýin döretmekligi ýola goýmak we olara döwlet tarapyndan goldaw bermek;

– gök önümleriň möçberlerini artdyrmak üçin hususy eýeçilikde dürli kysymly ýyladyşhanalary döretmek;

– ýurdumyzda miweçiligiň we üzümçiligiň tutýan meýdanlaryny giňeltmekligi ýola goýmak;

– gök-bakja önümleriniň, üzümiň eksport edilmeginiň hojalyk gurluşygyny işläp taýýarlamak;

– Türkmenistanyň subtropik ýerlerinde çigitli we şänikli miweleri, zeýtuny, nary, injiri, üzümi ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklaryny döretmek;

– ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak;

– ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary netijeli ulanmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, täze döwrebap enjamlaşdyrylan iş orunlaryny döretmek.

Häzirki döwürde dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň biri bolan Türkmenistanda asyrlara barabar ägirt uly işleri amala aşyrmak üçin örän kämil, sazlaşykly işleýän ykdysady özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şol sebäpli-de bize bu işleri amala aşyrmak üçin işe ukyply, aýgytly çözgütleri hödürläp bilýän hünärmenleri ýetişdirmek ýaly möhüm wezipe garaşýar. Munuň özi Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etjek möhüm çözgütdir.

Döwürdeşlerimiziň we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik Maksatnamalary amala aşyrmakda biziň her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar. Bu wajyp wezipeleri agzybirlik bilen ýerine ýetirmekde mähriban halkymyza uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ähli dalaşgärlere üstünlik arzuw edýärin.

Pursatdan pýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, dalaşgärleri we türkmen halkyny ýetip gelýän 2017-nji Täze ýyl bilen gutlaýaryn. Türkmen halkyna rowaçlyk, maşgala ojaklarynda abadançylyk, Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň Maksatnamasy.

Meni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi bäş ýylynyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňyýetiniň ýokarlanmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi. Milli däp-dessurlarymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dikeldilmegine we artdyrylmagyna giň ýol açyldy.

Ýurdumyzyň halkara abraýy has-da artyp, onuň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen hoşmeýilli gatnaşyklary ýola goýulmagyna mümkinçilik berdi.

Ata Watanymyzyň pajarlap ösmegi, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan giň möçberli tutumly işler, gurlan we gurulýan häzirki zaman zawodlardyr fabrikler, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, ylmy we lukmançylyk merkezleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, awtomobil we demir ýollary, täze döwrebap şäherçelerdir obalaryň döremegi Türkmenistanyň dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň birine öwrülendiginiň nyşanydyr.

Gözel ýurdumyzyň üçünji müňýyllykda hem has-da rowaçlanyp ösmegi, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ýadawsyz zähmet çekmegimiz gerekdir.

Munuň üçin men geljekde ulgamlaýyn işleriň ençemesini durmuşa geçirmegi we öz öňümde şulary maksat edip goýdum:

Milli demokratiýamyzy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, jemgyýetimiziň jebisligi, medeni-mirasymyzyň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ruhy gymmatlyklara daýanmak bilen, ähli bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin güýç-gaýratymy aýamajakdygyma saýlawçylary ynandyrýaryn.

Daşary syýasatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, döwletimiziň parahatçylygy, dost-doganlygy, ähli ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy öňe sürýän ýurt hökmünde halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen işleri amala aşyrarys.

Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da giňelderis, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrarys, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen özara bähbitli köpýyllyk tejribäni hil taýdan täze derejä çykarmak bilen parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokary götereris.

Oba hojalygyny ösdürmek ýaly möhüm meselä aýratyn ähmiýet bereris. Ekin meýdanlarynyň şorlaşmagynyň öňüni almak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwy tygşytly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny girizmek bilen bagly amala aşyryljak işleri dünýä we ýerli tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ýerine ýetireris.

Ekin meýdanlarynyň suwarymly ýerlerdigini nazarda tutup, suw howdanlarynyň, derýalaryň, ýaplaryň suwlarynyň ýitgisiz ulanylmagyny üpjün etjek gidroirrigasion desgalaryny bina etmek işlerine uly ähmiýet bereris.

Obasenagat ulgamynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň emele gelmegini gazanarys. Munuň özi, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanyň arasyndaky ykdysady gatnaşygyň sazlaşykly ýola goýulmagy oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, senagatyň çig mal bilen üpjün edilmegine, şeýle hem önümleriň gaýtadan işlenilmegine, obalarda telekeçiligiň mundan beýläk hem ösdürilmegine yzygiderli goldaw bereris.

Gowaçanyň we bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgul bolýan ylmy-barlag institutlarymyzyň işiniň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede bolmagyny gazanarys. Bu bolsa, ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaga mümkinçilik berer. Olaryň hili we düşewüntliligi ýokary derejä çykarylar.

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan oba hojalyk hem azyk syýasaty ilatyň esasy azyk önümlerine bolan isleglerini öz önümçiligimiziň hasabyna doly kanagatlandyrmagy göz öňünde tutmak bilen, döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin gönükdirilýän maýa goýumlary bu wezipäniň çözülmegine doly mümkinçilik berýär. Maýa goýumlary bu pudagyň toplumlaýyn özgerdilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdiriler.

Ýurtda dowarlaryň we gara mallaryň baş sanyny köpeltmek göz öňünde tutulýar. Şunda, maldarçylykda hususyýetçilige-kärendeçilige uly orun berler. Bu bolsa ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň elýeterli bahadan et we et önümleri bilen mundan beýläk-de doly üpjün edilmegine ýardam berer.

Türkmenistan iri energetika döwletidir. Biziň ýurdumyzyň nebit we gaz gorlarynyň möçberi örän uludyr. Türkmen gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň çäklerinde geljegi uly nebitgaz ýataklarynyň köp sanlysy ýüze çykaryldy. Olaryň özleşdirilmegi üçin maýa goýumlary zerurdyr. Hereket edýän gaz geçirijileriniň abat we netijeli işlemegini üpjün edip, türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak boýunça işleri dowam ederis.

Daşky gurşawy goramak işlerini üns merkezimizde saklarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly alnyp barylýan işleri dowam etdireris. Zawod-fabrikleriň atmosferany hapalamazlygy üçin zerur bolan ekologiýa tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagyny üns merkezimizde saklarys.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdireris. Gurluşyk toplumynyň güýçli depginler bilen ösdürilmegini gazanarys. Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine uly orun bereris.

Dokma toplumynyň gurluşygyna hem aýratyn ähmiýet bereris. Şeýle hem bu pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün ederis. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze fabrikleri gurarys we öň bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrarys.

Daşary ýurtlarda gazanylan ýokary halkara tejribesini ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna ornaşdyryp, dokma önümleriniň hiliniň has-da ýokary bolmagyny we geçginliligini gazanmak ugrunda işleri ýaýbaňlandyrarys. Bu pudagy ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar. Türkmenistanyň dokma senagaty ösen pudaklaryň biri hökmünde bellidir we bu pudagy dünýä ülňülerine çykarmak üçin zerur işler geçiriler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň iň täze, ýokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylyp, daşary ýurt bazarlarynda ýokary isleg bilen alynýan dürli görnüşli harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Birnäçe täze fabrikler gurlup ulanmaga berildi we milli ykdysadyýetimiziň ösdürmegine mynasyp goşant goşuldy.

Önümçilik desgalaryndan başga-da, pudakda zähmet çekýän işgärleriň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlary we söwda merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Pagtaçylyk bilen meşgullanýan her bir etrabyň ilaty üçin goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen, kuwwatlylygy şol etrapda öndürilýän pagta süýüminiň möçberine laýyklykda kesgitlenen, pagta egriji fabriklerini gurmaklygy häzirki döwürde maksadalaýyk hasaplanýar. Pudagy mundan beýläk hem ösdürmegiň Maksatnamada dokma önümleriniň önümçiligini artdyrmak we şonuň bilen birlikde içerki hem-de daşarky bazarlara taýýar dokma önümlerini ýerlemegiň möçberlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işleriň amala aşyrylmagy pudagyň ykdysady ýagdaýyny has-da berkitmäge ýardam berer.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň içindäki awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň çalt depginler bilen alnyp barylmagyny, şol sanda halkara ülňülerine laýyk derejede bolmagyny gazanarys.

Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamy milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän we geljegi uly bolan pudaklarynyň biridir. Bu ulgama goýlan maýa goýumlary geljegi uly bolan halkara ulag geçelgelerini döretmäge gönükdirilendir. Içerki hem daşarky gatnawlara hyzmat edýän awtomobil, demir hem-de howaýollarynyň parklarynyň häzirkizaman ulag serişdeleri bilen üsti ýetiriler.

Halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, pensiýa, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň ýyl-ýyldan ýokarlandyrylmagy, “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygara ýugrulan, oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasatymyz mähriban halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdiriler.

Ýaş nesil baradaky alada hem elmydama ýurdumyzyň baş aladasy bolmagynda galar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada kabul edilen kararlardyr kanunlary, maksatnamalary, amala aşyrylýan uly özgertmeleri mynasyp ýerine ýetirmek we mundan beýläk hem dowam etdirmek biziň baş maksadymyz bolar.

Beýik özgertmeler eýýamynda ýurduň sport, saglyk we syýahatçylyk ulgamlary düýpgöter täze keşbe girýär. Welaýatlaryň ählisinde täze stadionlar, hassahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar, etrapdyr şäherlerde sport mekdepleri we sport desgalary, oba saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde bina edilen halkara lukmançylyk merkezlerinde diňe bir ýurdumyzyň raýatlary däl-de, beýleki döwletleriň raýatlary hem gelip saglyklaryny bejerdýärler.

Mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylyp alynmagy, ýurdumyzyň sport babatda abraýynyň has-da ýokarydygyny subut edýär. Bu iri möçberli halkara çärä şu wagtdan giňden taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän şypahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkymyzyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miweleridir. Bu ugurlarda alnyp barylýan işleri mynasyp dowam etdirmekden uly bagt ýokdur.

Güneşli ýurdumyzy mundan beýläk hem has-da ösdürmek, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak üçin ähli zähmetimi gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdigime sizi ynandyrasym gelýär.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, işleriňiziň elmydama rowaçlanmagyny arzuw edýärin!

Hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze, 2017-nji ýyl bagt we abadançylyk getirsin!

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annaýew Jumanazaryň terjimehaly

1966-njy ýylyň 26-njy awgustynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” geňeşliginde doguldy.

1995-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.

1983-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” daýhan birleşiginde işçi bolup zähmet ýoluna başlady we ol ýerde 1992-nji ýyla çenli işledi. 1985-1987-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

1992-1993-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” daýhan birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.

1993-1998-nji ýyllarda “Sakarçäge” geňeşliginiň arçynynyň orunbasary wezipesinde işledi. 1998-1999-njy ýyllarda Sakarçäge etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň hil barlaýjy inženeri boldy.

1999-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.

2000-2001-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň başlygy, 2001-2005-nji ýyllarda Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” daýhan birleşiginiň kärendeçisi bolup zähmet çekdi.

2005-2007-nji ýyllarda Mary welaýatynyň “Gallahyzmat” gullugynyň inženeri, 2007-2009-njy ýyllarda Sakarçäge etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni, soňra baş inženeri wezipelerinde işledi.

2009-2013-nji ýyllarda Sakarçäge etrap häkimliginiň oba hojalyk toplumy bölüminiň müdiri, häkimiň orunbasary, soňra Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2013-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Türkmenistanyň «Rysgal» PJ bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň Maksatnamasy.

Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn hem-de olara işlerinde üstünlikler arzuw edýärin.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ägirt uly, il-ýurt bähbitli taryhy wakalar bolup geçýär. Ýakyn wagtda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem ýurdumyzyň geljegi bilen bagly möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçiriljek Prezident saýlawlary türkmen jemgyýetimizde demokratiýanyň dabaralanýandygyna we halkymyzyň hukuk medeniýetiniň kämilleşýändigine doly şaýatlyk edýär.

2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip atlandyrylmagynyň çuň many-mazmuny bar. Türkmen halky milli bähbitlerini we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, her raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, jemgyýetimiziň asudalygyny hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etmekde, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkymyzyň ýokary ruhubelentlige hem-de täze ösüşlere eýe bolmagyna itergi berýän milli däp-dessurlarymyza esaslanýar we baş ýörelge edinýär.

Ata-babalarymyz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, demokratiýanyň özboluşly mekdebini kemala getirip, jemgyýete daýanyp iş tutupdyr. Esasy Kanunyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýlip bellenilýär. Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň birleşmegi, kanun esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döredýär.

Men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan halatymda, ýurdumyzda asudalygyň hem-de raýatlaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şu düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny öz öňümde maksat edip goýdum:

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de telekeçiligi goldamak we ösdürmek meniň maksatnamamda ileri tutulýan ugur hökmünde orun alýar. Çünki Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösmeginde we kuwwatlanmagynda, dünýä bazaryna bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa harytlaryň çykarylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandy bar. Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekillerine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Telekeçilik işiniň mäkäm hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna täze, VII bölüm – “Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy” diýen bölüm girizildi. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda “Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär” diýlip bellenilýär.

Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz almaga, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary satyn almaga şert döretmekde, täze önümçilik hem-de medeni-durmuş desgalaryny gurmakda, salgytlaryň möçberini azaltmakda, algy-bergi işini kämilleşdirmekde döwlet derejesinde goldaw berilmegi hususyýetçileriň işiniň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bolsa, bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin, şeýle hem işewürligiň ösmegine yzygiderli ýardam berer.

Türkmen telekeçileri şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbini özgertmek işine uly goşant goşarlar. Ekologiýa taýdan howpsuz, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrarlar. Işewürler mebel, haly, gurluşyk, öý-hojalyk harytlaryny we azyk önümlerini öndürerler we halkymyza dürli görnüşdäki hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirerler.

Telekeçileriň öndürýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri ýeke bir içerki bazara däl, eýsem, daşary ýurtlara çykarylar we Türkmenistanda öndürilýän harytlara bolan islegi artdyrar. Halal zähmet çekmek hem-de baýamak üçin zerur şertleriň döredilmegi, ilatyň durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagy, adamlaryň zähmete bolan höwesini, ertirki güne bolan ynamyny artdyrar. Işewürler tarapyndan ýurdumyzda kiçi kärhanalaryň ýüzlerçesi dörediler we olarda ýaşlar üçin täze iş orunlary açylar. Geljekde döwletimizde telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň, hususy kärhanalaryň sany barha artar.

Türkmenistan dünýäniň hukuk tejribesinde hemişelik bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwletdir, munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky iki sany kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara guramalar bilen gepleşiklere hemişe taýýardyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz ata-babalarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklarynda ýaşamagy ündeýän wesýetlerine ygrarly bolup, hemişelik bitaraplyk syýasatyny maksadalaýyk amala aşyryp, dünýäniň ösen döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürer.

Ata Watanymyz Türkmenistan özygtyýarly ösüşiniň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda hemişelik we oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlady. Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik maksatlaryna hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryna esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan özüniň Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy, hususan-da, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini hormatlamak, deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak, halkara harby guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk, halkara meselelerini çözmekde syýasy hem-de diplomatiki serişdeleri ulanmak arkaly çözmek ýaly ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galar.

Döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyz abraýly halkara guramalary, daşary döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli alyp barar. Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmek, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, milli bähbitlere laýyk gelýän köp ýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde at-abraýynyň mundan beýläk-de artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Türkmenistan geljekde-de parahatçylygy, asudalygy söýýän we olary gorap saklamak babatynda täze maksatnamalary amala aşyrýan garaşsyz döwlet hökmünde dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolar. Biziň ýurdumyz adamzadyň öňe sürýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk syýasatyny dabaralandyryp, “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, ykdysady, halkara-hukuk, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça alyp barar.

Biziň ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzyň işlenip taýýarlanylmagy we ýerlenilmegi diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirer. Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän yklym ähmiýetli taslamalaryň biri-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisidir. Biz TOPH taslamasy ýaly sebitde möhüm ykdysady, ulag-aragatnaşyk, durmuş we ynsanperwer wezipeleri çözmäge ýardam berýän ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdireris.

Türkmenistanyň Aziýa sebitinde halkara ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde öňe sürüldi. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň geçirilmegi ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmekde biziň tekliplerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistan döwletimiziň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolan şeýle giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de dowam etdireris we ösdüreris. Ýurdumyzyň ykdysady ulgamyna we önümçilige täze innowasiýalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmakda aýgytly çözgütler kabul ediler.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirjek taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçireris.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Munuň öz düýbünden täze önümçilik we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwür bizden şeýle şertlerde işläp, döredip, gurup, dolandyryp bilýän zehinli hünärmenleriň täze nesliniň ýetişdirilmegini talap edýär. Türkmenistanyň täze taryhyny başdan geçirýän döwründe eziz Diýarymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda Türkmenistanyň her bir raýatynyň ägirt uly döredijilikli zähmeti zerurdyr. Çünki ýurduň gülläp ösüşiniň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşynyň açary päk zähmetdedir. Biziň baş maksadymyz her bir zähmetkeşiň bagtyýar, gurply ýaşamagy bolup durýar.

Ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet maksatnamalarymyzda şäherler bilen bir hatarda, sebitleri ösdürmäge aýratyn orun berler. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar.

Türkmenistan döwletimizi gülşen Diýara öwürmek boýunça ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagyny çaltlandyrarys. Netijede, obalarymyz, şäherçelerimiz we etrap merkezlerimiz gözel mekana öwrüler. Täze-täze etraplar açylar, döwrebap kärhanalar, iri zawod-fabrikler gurlar, türkmen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi öňküden has-da ýokarlanar, adamlaryň iş bilen üpjünçiligi düýpli çözüler. Bu bolsa ýurdumyzda her bir adamyň bagtly ýaşamagyny üpjün eder.

Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň dünýäde kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ykrar edilmegine getirer. Geljekde-de milli demokratiýanyň esaslaryna, jemgyýetimiziň jebisligine, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime men saýlawçylary ynandyrýaryn.

Men Watana dereje berjek, onuň dünýä içre şan-şöhratyny artdyrjak, türkmen topragyny bagt mekanyna öwürjek düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyz bilen bilelikde egin-egne berip zähmet çekerin.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň her bir raýatyna asudalyk, uzak ömür, jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň TERJIMEHALY

1976-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde doguldy.

1997-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.

1997-nji ýylda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Karz beriş müdirliginiň ykdysatçysy bolup zähmet ýoluna başlady we 2003-nji ýyla çenli şol bankyň Berkararlyk etrabyndaky şahamçasynyň karz beriş bölüminiň müdiri, Karz beriş müdirliginiň uly ykdysatçysy, Müdiriýetiň başlygynyň kömekçisi, Halkara hasaplaşyk we walýuta amallary müdirliginiň başlygy, Pul dolanyşygy, zähmet haklaryna we kassa amallaryna gözegçilik müdirliginiň başlygy, Berkararlyk etrabyndaky şahamçasynyň dolandyryjysy wezipelerinde zähmet çekdi.

2003-2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Diýar” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işledi.

2011-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Maksatnamasy.

Meni jogapkärli döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna çuňňur hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünliklerarzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň her bir güni şanly we taryhy wakalara beslenýär, ruhy gymmatlyklarymyz täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary, baý milli tejribeleri gaýtadan dikeldilýär.

Döwletimiziň rowaçlanmagy üçin jemgyýetimiziň has-da jebisleşmegi, milletiň agzybirligini, halkyň döredijilikli zähmetini höweslendirmek zerurdyr. Agzybirlik, asudalyk we jebislik biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan batlydepginler bilen ösdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, onuň demokratik esaslaryny has-da giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen birlikde, ýurdumyzy ösdürmek babatda uzak möhletleýin, toplumlaýyn maksatlary we özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistan öz daşary syýasatyny ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda alyp barýar.Döwletimiz parahatçylygy öňe sürýän ýurt hökmünde özüni halkara derejesinde tanatdy. Munuň özi saýlanylyp alnan ýoluň dogrudygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, innowasiýa tehnologiýalarynyň, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlarynyň iş tejribesine ornaşdyrmagyna aýratyn üns berler.

Gara we demir ýollaryň, gaz we elektrik geçirijileriň gurluşygy dowam etdiriler.Olar döwletimiziň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Mundan başga-da, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen türkmen gazyny, elektrik energiýasyny daşarky bazarlara eksport etmegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwreniler.

Türkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýda ýerleşýän,baý uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurtdyr. Şuny nazarda tutup, biz geljekde hemägirt uly ykdysady we tebigy mümkinçilikleri türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbitlerineüstünlikli durmuşa geçirmekde iri möçberli işleri amala aşyrarys.
Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň geljegi uly amatly ýollaryny we usullaryny kesgitläris.

Ýurdumyzyňörän baý tebigy ýataklarynyň onlarçasyny özleşdirmegi dowam etdireris.

Hereket edýän we täze gaz geçirijileriniň ulanylyşyny has-da kämilleşdirmegi maksat edinýäris.

“Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwürde ösdürmegiň milli Maksatnamasynda” nebitiň we gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini birnäçe esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Geljekde biz bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirmegi göz öňünde tutýarys.

Gury ýerde, uglewodorod çig malynyň ýataklaryny gözlemek hem-de olary çykarmak, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmegi dowam etdireris.

Turba geçirijiler, desgalar we kommunikasiýalar ulgamynda nebitgaz toplumynyň kämil düzümini dörederis. Nebiti gaýtadan işlemek we nebitgaz hem-de himiýa pudaklaryny ösdürmek bu ulgamyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň içerki syýasatynyň esasy ugry bolar.

Ýurdumyzda dürli maksatly binalary gurmak boýunça uly möçberli işler ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, ilatyň bagtly we eşretli ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna berjaý edilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurulýan ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, obadyr-şäherleriň gurluşygyny batly depginler bilen dowam etmek esasy wezipe bolar.

Bilim hem-de saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bereris. Täze mekdepleri we çagalar baglaryny, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň binalaryny, täze hassahanalary we bejeriş-dynç alyş öýlerini we merkezlerini, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak we olary häzirkizaman enjamlary bilen üpjün etmek çaltlandyrylan depginlerde dowam etdiriler.

Oba ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw arassalaýjy desgalary, suw geçirijileri gurmak işleri alnyp barlar.

Ýaşaýyş jaýyny satyn almak we hususy jaý gurmak isleýänlere ipoteka karzlaryny bermegiň tertibi saklanyp galar, gurluşyk guramalaryna ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin karzlaryň möçberlerini her ýyl artdyrarys. Şäherlerde, şäherçelerde we obalarda durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygy barada kabul edilen maksatnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi dowam etdiriler.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde daýhanlara oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin öndürijilikli işlemäge, yhlasly zähmeti bilen öz maddy ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ähli şertler dörediler, obasenagat toplumynyň maddy-tehniki binýady has-da pugtalandyrylar.

Oba hojalyk pudagynda pagta we bugdaý hasylyny ýetişdirmekden başga-da, ýyladyşhanalaryň, guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygyny dowam etdireris. Gök we bakja ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns bereris.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine aýratyn üns bermek bilen birlikde daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet bereris.

Obasenagat toplumyna maýa goýumlaryň möçberi artdyrylar, olar täze ýerleri özleşdirmäge, suw howdanlarynyň kuwwatlylygyny artdyrmaga, zerur oba hojalyk tehnikasyny, ösümlikleri goraýan himiki serişdeleri satyn almaga gönükdiriler. Tohumçylyk, seleksiýa işi we ösen tehnologiýany önümçilige ornaşdyrmak hem pudagy ösdürmegiň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi hususy telekeçiligiň ösdürilmegine uly itergi berdi. Biziň işewürlerimiz daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň iş ýörediş usulyny öwrenmek bilen, özleriniň iş tejribelerini barha kämilleşdirýärler. Halkymyzyň “Ökdeden öwrenmek aýyp däl” diýen pähimi bar. Häzir olar köp sanly senagat, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barýarlar. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, olara ýeňillikli karzlaryň berilmegi dowam etdiriler.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu syýasat milletiň saglygynyň berkidilmegine, düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň geljegi bolan, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesliň terbiýelenilmegine gönükdirilendir.

Şu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine häzirki wagtda ähli welaýatlarda stadionlaryň, sport toplumlarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy hem aýdyň subutnamadyr. Paýtagtymyzda Merkezi Aziýada iň iri sport toplumy – Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 2017-nji ýylda AşgabatdaÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu iri sport çäresiniň ýokaryderejede geçirilmeginiň ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny belende göterjekdigine ynanýarys.

Sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek biziň esasy wezipämize öwrüler.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden özleşdirmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, syýahatçylara döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmek, ulgamy ykdysady taýdan berkitmek döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugry bolar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezleriniň we ýokary derejeli myhmanhanalaryň gurluşygyny dowam etdireres. Ýurdumyza dünýäniň çar künjeginden gelýän syýahatçylaryň sanynyň has-da artdyrylmagy üçin Watanymyzyň dikeldiş-sagaldyş mümkinçiliklerini wagyz etmek biziň baş wezipämiz bolar.

Türkmenistanda her bir raýatyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, dynç almaga, saglygyny goramaga, bilim almaga, maşgala gurmaga, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny edinmäge, ylmy-döredijilik bilen meşgullanmaga Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilen hukuklaryny goramagy dowam etdireris. Bu wezipeler ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmakdan, zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullarynyň möçberini artdyrmakdan, durmuş ýeňilliklerini saklap galmakdan, maşgalany maddy taýdan goldamakdan ybaratdyr.

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň göni görnüşinde hususylaşdyrylmagyny-muzdsuz berilmegini, raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyna ýardam bermegi dowam etdireris.

Halkymyzyň abadan durmuşy, döwletimiziň kuwwatynyň berkemegi, mähriban Watanymyzyň abraýynyň dünýäde mundan beýläk hem artmagy ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekeris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşýan saýlawçylaryň Watanymyzyň mundan beýläk hem rowaçlanmagy ugrunda alnyp barylýan işleri mynasyp dowam etdirip biljek dalaşgäre öz seslerini berjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiçiň terjimehaly

1963-nji ýylyň 18-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynda doguldy.

1985-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener himik-tehnolog hünäri boýunça tamamlady.

1985-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň enjamlar bilen abzallaşdyrmak bölüminiň inženeri wezipesinde zähmet ýoluna başlady.

1989-1998-nji ýyllar aralygynda bu zawodyň haryt çig-mal sehiniň haryt çig-mal uçastogynyň başlygy, haryt çig-mal sehiniň başlygy, maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy, direktoryň täjirçilik işleri boýunça orunbasary, şeýle hem ulaglar bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi.

1998-2000-nji ýyllarda “Türkmendökünhimiýa” döwlet konserniniň Lebap welaýatyndaky Galkynyş etrap bazasynyň direktory wezipesinde işledi.

2001-2014-nji ýyllarda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary, maddy-tehniki üpjünçilik we enjamlary taýýarlamak bölüminiň başlygy, ulaglar we umumy meseleler boýunça direktoryň orunbasary boldy.

2014-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň Maksatnamasy.

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Halkymyz taryh üçin örän gysga döwürde özüniň döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ägirt uly ähmiýetli üstünlikleri gazandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistan beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny berkidip, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ajaýyp hem nurana geljeginiň hatyrasyna ägirt uly maksatnamalar toplumlaýyn amala aşyrylýar, ykdysadyýeti ösdürmegiň milli nusgasy durmuşa geçirilýär.

Geçen döwrüň içinde ulag we aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. 2015-nji ýylda milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen üpjün edildi.

Esasy Kanunyň hukuk kadalary diňe bir şu günki günüň syýasy, ykdysady we durmuş meselelerini gozgamak bilen çäklenmän, eýsem, ýakyn we uzak geljegi ugur edinýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkymyzyň milli däp-dessurlary we durmuş tejribesi, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan halatymda, men özüm üçin halkymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini kepillendirýän esasy maksatlary kesgitledim.

Döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde demokratik esaslary ösdürmäge gönükdirilen işleri giň gerimde alyp barmak üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň gülläp ösmegini ugur edinýän durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak dowam eder.

Men köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekligi dowam ederin.

Bitaraplyk derejesine, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda halkara gatnaşyklarynyň çee we sazlaşykly ulgamynyň döredilmegine esaslanan parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny giňeldip, ylalaşdyryjylyk işlerine işjeň ýardam etmek bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda
zerur işleri durmuşa geçirjekdigimize saýlawçylary ynandyrýaryn.

Eziz Watanymyz bu gün ykdysady taýdan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny innowasion esasda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu babatda, ilki bilen:
– dünýäniň öňdebaryjy tejribesini peýdalanmak bilen, oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;
– ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş orunlaryny döretmek ýoly bilen, ilatyň iş üpjünçilik meselesini çözmek;
– ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak, nyrhlary elýeterli derejelerde saklamak maksady bilen, zähmet haklaryny ýokarlandyrmak;
– pensiýa üpjünçiligini dünýä derejesine ýetirmek, döwlet kömek pullarynyň we ýeňillikler ulgamynyň ilatyň zähmete ukypsyz bölegi üçin salgytlary azaltmak, durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
– ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary döwletlere ibermek, daşary ýurtlardan getirilýän çig maly gaýtadan işleýän täze kärhanalary açmak syýasatyny ýöretmek,
-ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmek maksady bilen, oba hojalygynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek.
– oba ýerlerinde senagat kärhanalarynyň, agrosenagat birleşiginiň önümçiliklerini döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek;
– taýýar azyk önümleriniň ähli basgançaklaryny özünde jemleýän döwrebap agrofirmalary we agrokombinatlary gurup, işe girizmek bilen bagly işlere hem giň gerim bereris.

Pagtaçylyk pudagynyň ösmegine hem uly goldaw bereris. Pagtanyň satyn alnyş nyrhlarynyň artdyrylmagyny gazanarys. Şeýlelikde, daýhanlaryň pagta çig malyny ýetişdirmäge bolan höwesiniň artdyrylmagyna gönükdirilen zerur şertleri dörederis.

Oba hojalygy üçin bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşyna uly ähmiýet bereris.

Tejribeli daýhanlaryň ýaşlara hünär öwretmekleriniň ýörite mekdebini, daýhan birleşiklerinde maglumatlar merkezini dörederis.

Ähli tapgyrlarda hünärmen-tehniki mekdepleriň we oba hojalyk ugry boýunça okuw merkezlerini gurarys.

Topragy we tehnikany içgin bilýän hakyky hünärmenleriň gatlagynyň emele gelmegi üçin zerur şertleri dörederis.

Oba hojalyk ulgamynda işlejek kämil hünärmenleri ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerimiziň ýanyndaky okuw-tejribe hojalyklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bereris.

Hereket edýän ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň ylmy işlerini we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek ýaly anyk çäreleriň amala aşyrylmagynyň geljegi uly bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak, adamyň saglygyny goramagyň möhüm bölegi bolan azyk önümleriniň hiline berk gözegçilik etmek, ilatyň durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty adamlaryň durmuşyna köpçülikleýin ornaşdyrmak barada yzygiderli alada ederis. Bu meselede beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet bererin.

Azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini artdyrmagyň, olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň hem-de oba senagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen oba senagat syýasatyny alyp barmak meniň esasy wezipelerimiň biri bolar.

Ylym we bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleri geçirmegi dowam ederis. Bilim ýurduň geljegini, jemgyýetimiziň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýar.

Hut şonuň üçin ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri dowam ederis.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny hemmetaraplaýyn öwrenip, bu hazynany täze nesli terbiýelemekde giňden ulanmagyň usullaryny işläp düzeris.

Ideologiýa işini kämilleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamyň işini hem dünýä derejesine ýetirmek boýunça işler geçiriler.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenary bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri kesgitläris.
Türkmenistanyň beýleki gözel künjeklerinde saglygy dikeldiş we dynç alyş maksatly binalaryň ulgamyny döredip, olarda diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem ýer ýüzüniň ähli yklymlarynyň ynsanlarynyň dynç almaklary, syýahat etmekleri üçin oňyn şertleri dörederis.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn doly bilim alyp bilmekleri üçin orta we ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hünär derejesiniň ýokarlanmak boýunça işler geçiriler.

Ilatyň saglygy baradaky aladany üns merkezimizde saklarys we lukmançylyk edaralarynyň täze-täze binalaryny gurup, olary dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ederis we saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri alyp bararys.

Köpçülikleýin sporty we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça çäreler milletiň geljegi baradaky alada bilen baglydyr. Bu meselede ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sport mekdepleriniň, sport merkezleriniň, türgenleşik zallarynyň ulgamyny döretmäge uly ähmiýet bereris.

Döwletimiz geljekde hem oba zähmetkeşlerini hemmetaraplaýyn goldar.

Oba hojalygynyň hajatlary üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnikalaryny satyn almagy dowam ederis, her bir etrabyň obalaryny we şäherçelerini ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin maliýe serişdelerini gönükdireris.

Welaýatlarda, şäherlerde, etrap merkezlerinde, obalarda we şäherçelerde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagyna, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösmegine aýratyn üns bereris. Munuň üçin goşmaça şertleri dörederis.

Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurtlaryň we halklaryň durnukly we ygtybarly ösmegini, giň we netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Ol birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar.

Biz geljekde hem ýakyn goňşularymyz we dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlyk ederis.

Türkmenistan döwletimiziň öz ösüşiniň täze tapgyryny başdan geçirýän döwründe eziz Diýarymyzyň we merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň we erkana durmuşynyň hatyrasyna, ýurdumyzy syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, ata Watanymyzyň halkara abraýyny we mertebesini beýgeltmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekmek ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjy hasaplanylýar.

Ata Watanymyzda asly halallyga ýugrulan, zähmetsöýer we agzybir halkymyz bilen bilelikde, döwletimiziň mundan beýläk hem has-da gülläp ösmegi ugrunda özümiň ähli başarnygymy, tagallalarymy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda size berk jan saglyk, işde üstünlik, şeýle hem abadançylyk arzuw edýärin!

***

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiçiň T E R J I M E H A LY

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiç 1976-njy ýylyň 11-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde doguldy.

1983-1993-nji ýyllarda Köneürgenç şäheriniň 1-nji orta mekdebinde okady. 1994-1998-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, şol uniwersiteti alym agronom hünäri boýunça tamamlady.

1999-2000-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Köneürgenç pagta arassalaýjy kärhanasynyň “Akgala” daýhan birleşigine berkidilen agronomy bolup işledi.

2000-2004-nji ýyllar aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Köneürgenç pagta arassalaýjy kärhanasynyň baş agronomy, pagta çigidi boýunça haryt hünärmeni, 20-nji pagta kabul ediş harmanhanasynyň pagta sortlaýjysy wezipelerinde işledi.

2004-2009-njy ýyllarda Köneürgenç etrap häkiminiň kömekçisi bolup işledi. 2009-2012-njy ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň Oba hojalyk toplumy bölüminiň baş hünärmeni, häkimiň kömekçisi, welaýat häkimliginiň iş dolandyryjysy, 2012-2015-nji ýyllarda Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2015-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Maksatnamasy.

Meni ýokary döwlet wezipesine hödürlän raýatlaryň teklipçi toparlaryna ägirt uly hoşallygymy bildiýärin we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeler we ösüşler ýoly bilen öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde ajaýyp üstünliklere beslendi. Bu gün hem ata Watanymyz ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Sazlaşykly ösýän Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasaty mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýarymyzda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde türkmen halky ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeleri dolulygyna makullaýar, ýurtda gazanylýan ajaýyp ösüşlere we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanyp, bu beýik özgertmelere, ajaýyp ýeňişlere özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar.

Ýurdumyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek üçin ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmak, çig mallary we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýangyç-energetika, himiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryny has-da ösdürmek, hususy telekeçiligi we işewürligi goldamak, ykdysadyýetimiziň dünýäniň hojalyk ulgamyna giňden goşulmagyny üpjün etmek, daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, ýetmezçiliksiz ýokary girdejili býujeti düzmek, milli puluň hümmetini saklamak, dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän mahalynda ähli pudaklaryň durnukly ösüşini, adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ýaly meseleler döwletiň üns merkezinde bolmalydyr diýip hasaplaýaryn.

Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagy ozaly bilen, binýatlyk pudaklary, ýagny nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny sazlaşykly ösdürmekde görýäris. Bu pudaklaryň çalt depginlerde ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny kesgitleýär.

Türkmenistan tebigy baýlyklara we energiýa çeşmelerine baý, kuwwatly döwletleriň biridir. Häzirki wagtda, biziň döwletimiz iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun aldy we özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazy ulanmak arkaly işleýän energiýa öndüriji kuwwatlyklar ýokary depginlerde ösdürilýär, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek esasy wezipeler bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň, halkara arenasyndaky ornunyň pugtalanmagynyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleri mundan beýläk hem dowam etdireris. Milli baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, halkymyzyň, Watanymyzyň bähbitlerine ulanmak biziň baş wezipämiz bolar.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Biziň ýurdumyzda kuwwatly, okgunly ösýän energetika senagaty döredilendir, ol okgunly depginler bilen ösýär. Bu pudak biziň ähli ösüşlerimiziň girewidir. Geljekde elektrik energiýasyny daşary döwletlere ibermek işleri güýçli depginler bilen dowam etdiriler. Bu babatda, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak ugrunda ähli tagallalary alyp bararys.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, biz bazar gatnaşyklaryna kem-kemden geçmek bilen, ykdysadyýetiň durmuş ugurly nusgasyny saýlap aldyk. Bu eýýäm öz anyk netijelerini berýär. Ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösýär, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň eksport-import gatnaşyklary yzygiderli ösýär we kämilleşýär.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, geljekde ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan nebitden, tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan başga-da himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy pudaklarynyň önümleri we olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenen harytlyk taýýar önümlerini daşary döwletlere eksport etmegi üns merkezinde saklarys. Bu işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin degişli ulgamlary ösdürmek, şeýle hem gurluşyk materiallarynyň önümçiligini artdyrmak döwletimiziň baş wezipesi bolar. Ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk hem-de beýleki ulgamlarda hem düýpli özgertmeleri amala aşyrarys, bu ulgamlarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri bardyr.

Türkmenistan-Gazagystan-Eýran, Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) -Akina (Owganystan) demir ýollarynyň gurluşygy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygynyň alnyp barylmagy ulag ulgamynda ýetilen uly üstünlik bolmak bilen, ýurdumyzyň haýran galdyryjy ösüşleriniň subutnamasydyr. Hut şunuň üçin hem bu ulgamyň ösüşine döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garamagy göz öňünde tutýarys.

Paýtagtymyzda täze Halkara howa menziliniň gurlup ulanylmaga berilmegi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalaryň gurulmagy ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige giň mümkinçilikleri berýär. Şol sebäpli-de bu ugurda hem dünýä ülňülerine laýyk derejede zerur işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi Watanymyzyň belent abraýynyň ykrar edilmeginiň hem-de paýtagtymyzyň halkara sport mekrezi hökmünde mynasyp orun eýeleýändiginiň subutnamasy bolar. Biz geljekde hem sporty ösdürmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini goldamak boýunça işleri dowam etdireris.

Obalary özgertmek, oba ýaşaýjylarynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen obasyny galkyndyrmagyň uzak möhletleýin maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde, biz tagallalary birleşdirip, oba ýerlerinde ilatyň öz serişdeleriniň we döwletiň ýeňillikli karzlarynyň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap durmuş-medeni desgalarynyň gurluşygynyň has çalt depginlerde alnyp barylmagyny, awtomobil ýollarynyň, elektrik, gaz, suw geçirijileriň durkuny täzelemek we beýleki amatlyklary döretmek, oba bilen şäheriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýakynlaşdyrmak barada ähli çäreleriň alnyp barylmagyny üpjün ederis.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek, daýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl hem-de ýokary girdeji almaklary, alyjylaryň bolsa ýokary hilli önümleri elýeter bahadan satyn alyp bilmekleri üçin şertleri döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri oba hojalyk önümleriniň köp görnüşlerini-ekologiýa taýdan arassa gök önümlerden we miwelerden başlap, dokma senagaty we senagatyň beýleki pudaklary üçin gymmatly çig mala çenli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Obalarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň öndüren oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna taýýar harytlary çykarmagyň giňden ýola goýulmagy, önümleri gaýtadan işleýän hususy kärhanalary döretmek baradaky raýatlaryň islegleriniň ähli çäreler arkaly goldanylmagy, şeýle hem täze döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy azyk bolçulygyny döretmäge goşulan uly goşant bolar.

Ilatyň iş bilen üpjünlik meselesini hem hemişe üns merkezinde saklamak bilen, biz ýerlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň işe girizilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, gysga möhletde önüm öndürmek mümkinçilikli kärhanalaryň işini ýola goýmak ugrunda orta we kiçi telekeçiligi hemişe goldamagy dowam etdireris.

Ilatyň saglygyny goramak, ber bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet sýasatynyň ileri tutulýan ugry boulp durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda öz mynasyp ornuny tapdy. Aşgabatda we ähli welaýatlarda halkara derejesindäki, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar we sagaldyş desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle desgalaryň gurluşygyny geljekde-de giň gerim bilen ýaýbaňlandyrarys.

Ilata edilýän lukmançylyk we beýleki hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygy hakdaky aladalar, halkymyzyň zähmet hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak meseleleri bilen meşgullanýan ähli edaralaryň we gulluklaryň işini ýokary derejede guramak hemişe üns merkezinde saklanar.

Ylmy we bilimi üstünlikli ösdürmek her bir döwletiň öňe gitmeginiň we pajarlap ösmeginiň esasy şertidir. Şundan ugur alnyp, bu ugra geljekde hem möhüm ähmiýet berler. Ösüp gelýän ýaş nesil uly alada bilen gurşalar. Hemmetaraplaýyn sowatly, ýokary hünärli, iş başarjaň, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ösdürip ýetişdirmek döwletiň esasy aladalarynyň biri bolar.

Bilimi we ylmy ösdürmek, ýurdumyzyň alymlarynyň täze neslini kemala getirmek boýunça toplumlaýyn işleri geçireris.

Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistanda halkymyzyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Milli medeniýeti ösdürmek, mirasa sarpa goýmak, milli gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we üstüni ýetirmek, adamlarda ruhubelentligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemek meseleleri hemişe üns merkezinde bolar. Munuň özi türkmen halkynyň geçmişdäki baý medeni mirasy bilen şu günki bagtyýar durmuşynyň bir bitewilige jemlenmegini we milletiň ruhy galkynyşynyň, gaýtadan döreýşiniň emele gelmegini üpjün eder.

Hemişelik bataraplyk derejesine esaslanmak bilen sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, dostlugy we oşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak boýunça daşary syýasatymyzy dowam etdireris, dürli döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä götereris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmakda her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen agzybirlikde, döredijilikli, joşgunly zähmet çekip, uly üstünlikler gazanjakdygymyza pugta ynanýaryn.

Beýleki dalaşgärlere öňde boljak saýlawlarda üstünlikler arzuw edýärin.

Goý, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýyl ýurdumyzyň täze üstünlikleine we ösüşlere beslensin!

Goý, dünýä dursun, türkmen halkymyz dursun! Goý, dünýä dursun, mukaddes Watanymyz — Türkmenistan döwletimiz dursun!

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň terjimehaly

1965-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1991-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.

1980-nji ýylda “Garagumsenagatgurluşykmateriallary” trestiniň abatlaýyş-gurluşyk edarasynyň möwsümleýin işçisi bolup zähmet ýoluna başlady. 1982-1983-nji ýyllarda bu edaranyň kömekçi hojalyk boýunça uly buhgalteri wezipesinde işledi.

1985-nji ýylda “Garagumsenagatgurluşykmateriallary” trestiniň kömekçi hojalyk boýunça uly buhgalteri wezipesinde işledi.

1985-1993-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň senagat gurluşyk materiallary kombinatynyň uly buhgalteri, baş buhgalteriň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi.

1993-1994-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiň meýilleşdiriş maliýe bölüminiň başlygy.

1994-2005-nji ýyllarda Ahal welaýaty häkimliginiň baş buhgalteri bolup işledi. 2005-2009-njy ýyllarda Ahal welaýat häkimliginiň Ykdysadyýet, söwda we telekeçilik bölüminiň başlygy, baş buhgalteri wezipelerinde işledi.

2009-2011-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň maliýe bölüminiň başlygy.

2011-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň obasenagat toplumynyň maliýe müdirliginiň başlygy.

2013-nji ýylyň maý aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň Maksatnamasy.

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde hödürländigi üçin raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda çuň özgertmeler amala aşyrylýar we welaýatlarda, etrapdyr şäherlerde, obalarda ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, döwlet gurluşy, hukuk ulgamy we saýlaw ulgamy hem umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Eger-de, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylsam, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny gazanaryn.

Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek maksady bilen, pudaklaýyn senagat desgalaryň, zawod-fabrikleriň gurluşygyny dowam etdireris.

Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly işleriň uly toplumyny amala aşyrarys. Hususan-da, gowaçanyň tiz ýetişýän, bol hasyl berýän, inçe süýümli, dünýä bazarynda ýokary bahalandyrylýan täze sortlaryny oýlap tapmak maksady bilen seçgiçilik işlerini dowam ederis. Şeýle hem bugdaý ekilýän meýdanlary has-da giňeldip, onuň hasylynyň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrarys.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny dörederis, döwlet tarapyndan daýhan birleşiklerini, kärendeçileri, şeýle hem obasenagat toplumynyň ähli üpjünçilik edaralarynyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny we döwrebaplaşdyrylmagyny goldamagy dowam etdireris, hususy telekeçileriň başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendireris.

Ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň täze usullaryny özleşdireris, şalynyň, künjiniň we beýleki ekinleriň ekin meýdanlaryny giňelderis. Gök ekinleriň we bakjanyň, miweli agaçlaryň hasyllylygyny artdyryp, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge ýagdaý dörederis.

Milli ykdysadyýetiň ösüş depgini maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine hem baglydyr, şunuň bilen baglylykda, muňa aýratyn üns bereris.

Ýurduň nebitgaz känlerini netijeli özleşdirip, olaryň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberlerini artdyrarys. Şol bir wagtyň özünde-de ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleri, şol sanda önümçiligiň köp görnüşliligini üpjün etmegiň hasabyna dowam ederis.

Himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze zawodlar toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegini we öň bar bolanlarynyň hem durkunyň täzelenilmegini üpjün ederis.

Oba hojalygyny mineral dökünler bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly yzygiderli işleri dowam ederis. Şol bir wagtyň özünde-de gurulýan himiýa kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlamagy guramak boýunça zerur işleri alyp bararys.

Türkmenistanda tebigy gazyň uly ätiýaçlyklarynyň bolmagy azotly dökünleriň, hususan-da, karbamid önümçiliginiň täze kuwwatlyklarynyňi işe girizilmegini talap edýär. Şuny nazarda tutup, ýurdumyzda ammiak-karbamid önümçiliginiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bereris.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde möhüm ähmiýetli täze uly himiýa kärhanasy bolan kuwwaty ýylda 1155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen “Garabogazkarbamid” himiýa zawodynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet bereris. Bu kärhananyň öndürjek önümlerini dolulygyna eksporta gönükdireris.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini artdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça meýilnamalary üstünlikli amala aşyrarys.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalaryň biri bolan, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda öndürijilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna barabar bolan kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen täze desganyň gurluşygy hem güýçli depginler bilen dowam etdiriler.

Täze senagat toplumlaryny ulanmaga bermegiň hasabyna biz azotly dökünleriň önümçiligini has-da artdyrarys. Şu maksat bilen, kaliý dökünleriniň önümçiligini özleşdirmek boýunça hem işler çaltlandyrylar. Çünki, ýurdumyzda kaliý duzlarynyň alamatlary bolan birnäçe ýataklaryň bardygy anyklanyldy. Olar kaliý magdanlarynyň gorlary bolan Garlyk, Garabil we Týubegetan ýataklarydyr. Tebigy gazyň gaýtadan işlenmeginden ýokary netijeli önümiň alynmagy bilen birlikde dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän kaliý dökünleriniň önümçiliklerini özleşdirmek hem esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar.

Türkmenistan gidromineral çig-mal baýlyklarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda olaryň esasynda dürli mineral duzlar, ýod we onuň önümleri öndürilýär. Bu ulgamyň ösüşine örän uly ähmiýet bereris.

Dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly minerallaryň iň iri gorlarynyň biri bolan Garabogazköl aýlagynyň senagat önümçiliginiň ösüşini üns merkezimizde saklarys. Sebäbi, bu ýer adaty tebigy şertlerde dürli duzlaryň senagat möçberinde kristallaşmasynyň bolup geçýän ýeridir. Aýlagyň mineral baýlyklary gutarnyksyz çig-mal baýlygy bolup, magniý, natriý duzlarynyň çeşmesidir.

Häzirki wagtda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginde
dürli önümler, hususan-da, kükürt turşy natriý (sulfat natriý) hem-de kükürt turşy magniý (epsomit), şeýle hem hlorly magniý (bişofit) öndürilýär. Türkmenistanyň himiýa pudagynyň maksatnamasynda Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmek arkaly bu önümleriň önümçilik möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýarys.

Ýody we bromy öndürmek üçin nebit we gaz ýataklarynyň ugurdaş suwlaryny hem ulanyp bolýar, sebäbi bu suwlaryň himiki düzümi hem ýodly-bromly suwlaryňky ýalydyr. Şeýle hem ýoduň we bromyň organiki we organiki däl önümlerini öndürmegi guramagyň geljegi uludyr.

Häzirki wagtda himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze, ýokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylyp, daşary ýurt bazarlarynda ýokary isleg bilen alynýan dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Birnäçe täze zawodlar gurlup, ulanmaga berildi we olar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Balkan welaýatynda kaustik sodasyny, hlory we hlor önümlerini öndürýän zawodyň gurulmagyny ýerlikli hasap edýäris.

Ýurdumyzda elýeterli tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň bolmagy, bu önümleri içerki bazar we eksport üçin öndürmek ykdysady taýdan bähbitlidir. Türkmenistanyň ulag düzümlerini ösdürmek we ony, iri deňiz portlary hem goşmak bilen, halkara ýük daşmak ulgamyna birikdirmek boýunça alnyp barylýan syýasat uly möçberdäki himiýa önümleriniň eksportyna degerli ýardam berer.

Her bir raýat hakynda alada bu gün dowletimiziň, jemgyýetimiziň baş aladasydyr, “Dowlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň hakyky mazmuny hem şundan ybaratdyr. Döwletimiziň her bir raýaty hem bu alada jogap edip, Watanymyzyň rowaçlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşmalydyr.

Halkymyzyň abadan durmuşy, döwletimiziň kuwwatynyň berkemegi, onuň abraýynyň dünýäde mundan beýläk hem artmagy ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmegimiz gerek.

Türkmenistan döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanylýar we durmuş taýdan ösüş, ruhy hem-de medeni galkynyş ýoly bilen belent sepgitlere tarap ynamly gadam basylýar. Häzirki we geljekki nesillere bagtyýar durmuş üpjün edilýär.

Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini ep-esli artdyrmagy üpjün ederis. Täze ýokary woltly elektrik geçirijileriniň we kiçi beketleriň gurluşygyna, elektrik energiýasyny paýlaýyş ulgamyny ösdürmeklige, şäherleriň we obalaryň yşyklandyryş we ýaşaýyş jaýlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün ediş ulgamlarynyň hem durky täzelenilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Munuň özi ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesiniň doly çözülmegine mümkinçilik berer. Şeýle hem ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine, özara ynanyşmagyň derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat eder. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara arenasyndaky uzak möhletli energetika syýasatynyň özenini kesgitlär.

Ýurdumyzda mikro we makroykdysady amallaryň ylmy esasda dolandyrylmagyny ýola goýmak arkaly strategik meýilnamalaşdyryşyň bitewi we çeýe ulgamyny dörederis. Maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we baha syýasatyny kämilleşdireris, milli puluň hümmetini has-da ýokarlandyrarys.
Bank işini has-da kämilleşdirmegi dowam ederis, maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerini ornaşdyrarys, bank düzümlerini awtomatlaşdyrmagyň derejesini has-da ýokarlandyrarys.

Bilim we ylym ulgamynda hem giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny dowam etdireris. Ýurdumyzda ylmy we bilimi dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, gözýetimleriniň giňemegi üçin ähli şertleri dörederis.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de özgerdilmegine aýratyn ähmiýet berip, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň gurulmagyny, durmuşyň bu möhüm ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy üpjün ederis.

Sowatly, ýokary hünär derejeli nesilleri taýýarlamak maksady bilen, biz ýokary, ýörite we orta okuw mekdeplerinde ýaşlaryň hünärleri kämil özleşdirmekleri üçin hemme şertleri döretmegi göz öňünde tutýarys.

Daşary ýurtlarda bilim almaga höwesek ýaşlarymyz üçin bolsa, zerur bolan mümkinçilikler dörediler. Şeýle hem olaryň okuwlaryny tamamlap gelenlerinden soň, öz hünärlerine laýyk iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam bereris.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, biz ozalkylar ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny, dünýäniň dürli döwletleri, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri alyp bararys.

Ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, halkara arenasynda Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak üçin ähli güýjümi, bilimimi we tejribämi gaýgyrmajakdygyma sizi ynandyrasym gelýär.
Öňde boljak saýlawlarda beýleki dalaşgärlere üstünlikleri arzuw edýärin.

Biz Täze, 2017-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam goýdyk. Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, ähli beýleki dalaşgärleri hem-de Türkmenistanyň agzybir halkyny Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Täze, 2017-nji ýyl üstünlikli, abadan we bereketli ýyllaryň biri bolsun!

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Nurnepesow Süleýmannepes Oraznepesowiçiň TERJIMEHALY

1957-nji ýylyň 6-njy aprelinde Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde doguldy.

1980-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, inžener-mehanik hünärine eýe boldy.

1981-1988-nji ýyllarda “Balkansuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň Suwaryş ulgamlary müdirliginiň inžener-mehanigi bolup işledi.

1988-1993-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Demir ýolçularyň medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy, 1993-2000-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň “Guwlyduz” kombinatynyň üpjünçilik inženeri bolup işledi.

2001-2012-nji ýyllarda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň üpjünçilik bölüminiň hünärmeni, baş direktorynyň üpjünçilik boýunça orunbasary, soňra bolsa “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktoryň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.

2012-nji ýylyň fewral aýyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň Maksatnamasy.

Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürlän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalaryna sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde hemişe uly üstünlikler gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň ýadawsyz döredijilikli zähmeti netijesinde, gysga döwürde eziz Watanymyz ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy, onuň halkara abraýy has-da ýokarlandy.

Uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy ýurdumyzda durmuşa geçirilen beýik özgertmeleriň aýdyň beýany boldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny gördi. Häzirki döwürde amala aşyrylýan köp ugurly maksatnamalar, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýar.

Halkymyzyň gadymdan dowam edip gelýän özboluşly demokratik ýörelgeleri esasynda geçmişde-de pederlerimiz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, milli demokratiýanyň mekdebini kemala getirip, jemgyýete, halka daýanyp iş tutupdyrlar.

Milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adam hukuklary babatdaky halkara kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy döwletimizde türkmen jemgyýetiniň hukuk binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylan halatymda, men şu işleriň mundan beýläk-de ýokary derejede amala aşyrylmagyny maksat edinýärin:

Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň has ysnyşykly birleşmegi, kanuny esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine kuwwatly itergi berer.

Halkymyzyň jebisligine we ruhy gymmatlyklaryna daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, mähriban Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwrüniň içinde daşary syýasatda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara guramalaryň çäklerinde umumy maksada eýe bolan gatnaşyklar ýola goýuldy we yzygiderli ösdürilýär.

Parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmeniň ata-baba milli ýol-ýörelgesidir, halkymyzyň kalbynda ýaşaýan hemişelik hemrasydyr. Halkymyz hemişe öz mertebesini saklap, mydama hoşniýetli gatnaşyklaryň tarapdary bolupdyr. Şeýle gatnaşyklaryň geljekde hem ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine mynasyp goşandymy goşaryn.

Bitarap döwletimiz zerur bolan halatynda dünýä halklaryna hemişe kömek-goldaw bermäge taýýardygyny mydama mälim edýär we ony anyk işlerde durmuşa geçirýär. Dünýäniň köp ýurtlary bilen alnyp barylýan hoşniýetli diplomatik gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Geljekde bu meseleler hem daşary syýasatda öz beýanyny tapar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri, milli ruhy-ahlak gymmatlyklary, umumy adamzat ynsanperwerlik ýörelgeleri özboluşly filosofiýa eýedir. Şeýle baý filosofiýa daýanmak bilen, biz Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirip, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdireris.

Häzirki döwürde obany ösdürmek möhüm mesele bolup durýar. Ýerlerde ilatyň göwnejaý ýaşamagyny üpjün etmek üçin zerur bolan düzümi döretmegi maksat edinýäris. Oba ýaşaýjylaryny, şol sanda ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, eneler we çagalar hakynda alada etmek, urşa gatnaşan, ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç adamlara ýardam bermek üns merkezimizde bolar.

Pähim-parasatly ýaşulularymyzyň pentleri hem-de durmuş tejribesi türkmen halky üçin ahlak esasy bolup hyzmat edýär. Olaryň maslahatlary we teklipleri hemişe göz öňünde tutular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy hem düýpli özgertmeleriň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine gadam basdy. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň aýdyň, sazlaşykly we özara peýdaly esasda ýola goýulmagy daýhanyň hem, döwletiň hem bähbitlerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Bu pudak durmuş gatnaşyklaryna hem-de ykdysadyýete örän uly we köp taraplaýyn täsir edýär. Şonuň üçin obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek, şeýle hem hususy ulgamy, şol sanda kiçi we orta kärhanalary ösdürmek Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipesi bolup durýar.

“Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasy hem öz işlerini ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösdürilmegine gönükdirýär.

Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri nazara almak bilen, ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berilýär.

Obany özgertmek boýunça Milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýokary hasyl berýän, ýaramsyz şertlere-aýaza, gurakçylyga, toprak şorlaşmasyna, kesellere, zyýankeş mör-möjeklere, haşal otlara durnukly sortlary döretmek, gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gant şugundyryndan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasly ekin dolanşygy şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň tärleriniň, düzgünleriniň tehnologik kartasyny işläp düzmek barada düýpli ylmy-barlaglary geçirmek şu günüň örän derwaýys we wajyp meselesidir.

Ekinleriň, aýratyn hem gowaçanyň ir ýetişýän sortlaryny döretmek, ony çalt önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, ekin meýdanlaryny agrotehniki kadalara laýyklykda giňeltmek, pagtaçylykda el zähmetini kemeltmek, hasylyň esasy bölegini tehnikanyň güýji bilen ýygmak zerur bolup durýar.

Obalarda bagçylygy, gök we bakja ekerançylygyny netijeli ösdürmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmek möhümdir.

Daýhan birleşiklerine, mülkdarlara ýeňillikli karz serişdelerini bermek arkaly, olaryň öz maşyn-traktor parklarynyň döredilmegine ýardam ederis.

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak, türkmen atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek barada ähli tagallalary ederis.

Şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa uly sarpa goýup gelipdir. Ata-babalarymyzyň suwa aýawly garamak, ony tygşytly ulanmak baradaky sargytlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň baýlygy, onuň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň egsilmez gözbaşy, halkymyzyň eklenç hem ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşlarynyň biri bolan suwy ulanmak we ilaty suw bilen üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatyna öwrülip, milletiň durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we saglygyny berkitmekde esasy ýörelge boldy.

Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek üçin suwy arassalamagyň we baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda her şäherde we etrapda suw arassalaýjy desgalaryň, arassa agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalaryň gurulmagyny üpjün ederis.

Garagum çölüni gülzarlyga öwürjek, ýurdumyzyň ätiýaçlyk suwlaryny ep-esli artdyrmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň, suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berjek “Altyn asyr” Türkmen köli suw serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ygtybarly kepil döredýär.

Durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşymyzy gurşap alan tebigaty goramak we suwdan peýdalanmagyň ekologiýa meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça möhüm meselelere uly üns berip, zähmetsöýer halkymyz bilen suwuň her damjasyny tygşytly peýdalanyp, bereketli topragymyzdan gyzyla barabar hasyl öndürip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylykda, bolçulykda ýaşamagy üçin zerur işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçiriler.

Ýurdumyzyň täze taryhynyň döredilýän döwründe eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna, diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda her bir raýatdan ägirt uly tagallalar talap edilýär.

Hut şonuň üçin hem halkymyzyň ýolbaşçy saýlamakda gadymdan gelýän däp-dessurlaryna çuň eýerip, milli türkmen demokratiýasyny goldanyp, saýlawlara ýokary guramaçylykly barmak, saýlawçylaryň ýokary işjeňligini üpjün etmek bilen, ýurdumyza mynasyp baştutanyň saýlanylmagyna örän jogapkärli çemeleşmegimiz gerek.

Zähmetsöýer, agzybir halkymyz bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň mundan beýläk hem has kuwwatly ösmegini, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, türkmen halkynyň jebislikde, bolçulykda ýaşamagyny we işlemegini gazanmak, döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak ugrunda özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, maşgala abadançylygyny, işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we bütin türkmen halkymyzy Sagdynlyk we ruhybelentlik ýyly bolan Täze, 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze ýyl düşümli, rysgally, döwletli ýyl bolsun!

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazowyň terjimehaly

1956-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” geňeşliginde doguldy.

1978-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, matematika mugallymy hünärini ele aldy.

1978-1996-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdepde matematika mugallymy, soňra müdiriň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.

1996-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşiginiň dowardarçylyk fermasynyň müdiri, gara mallar fermasynyň kärendeçisi bolup işledi.

2000-2014-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşiginiň başlygy wezipesinde işledi.

2014-nji ýylyň dekabr aýyndan bari Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Мary welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, ýedi çagasy bar.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir