Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň, Merkezi Saýlaw Toparynda Eden Çykyşlary
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň, Merkezi Saýlaw Toparynda Eden Çykyşlary
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň, Merkezi Saýlaw Toparynda Eden Çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň, Merkezi Saýlaw Toparynda Eden Çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň milli telewideniýe boýunça eden ÇYKYŞY.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli telewidiniýe boýunça çykyş edip, watandaşlarymza ýüzlenmek bilen, ýakynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda özüni dalaşgär hökmünde hasaba alandygyny aýtdy. Şu gün men sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde amala aşyrjak işlerimiň Maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu Maksatnamany amala aşyrmak üçin döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan baş wezipeleri şulardan ybarat:

– türkmeniň sarsmaz döwletiniň binýadyny öňküden-de berkitmekden, ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan;

– senagatda we oba hojalygynda, telekeçilik ulgamynda bäsleşige ukyply harytlary halkara bazarlaryna öňküden-de köp çykarmagyň ykdysady usullaryny ornaşdyrmakdan, ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmekden;

– «Bilimli nesil kuwwatly Watan!» diýen pähimden ugur alyp, ylmyň we bilimiň, ynsanperwer ulgamyň ösüşine giň ýol açmakdan ybaratdyr;

«Medeniýet halkyň kalbydyr!». Şoňa görä-de, biz baý ruhy we medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy halkdygyny bütin dünýä tanadarys diýip, ýurdumyzyň häzirki Prezidenti nygtaýar;
– ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmekden. «Il saglygy  ýurt baýlygy!» diýlişi ýaly, «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ösen talaplara laýyk guralmagyny üpjün etmekden. Saglyk öýlerini we merkezlerini, hassahanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini gurmagy dowam etmekden ybarat diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

– Döwlet Baştutanymyz oba Milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirer. Ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrar, altyn dänesine deňelýän suw gorlarymyzy tygşytly ulanmagy gazanar;

– «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan akabalaryň boýunda ähli şertleri bolan obadyr şäherleri gurmak meýilleşdirilýär. Bu akabalaryň ýakasynda bol we süýji önümleri berýän ösümlik meýdanlary dörediler;

– kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, elektron senagatyny döretmäge, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge aýratyn üns berler;

– şäherlerde we etraplarda raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün ediler. Obalarda şäheriňkiden kem bolmadyk mümkinçilikleri dörediler;

– ilatly ýerlerde durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri döredilip, olarda durmuş zerurlyklarynyň, halk senetçilik önümçiliginiň, şeýle hem ulaglara hyzmat edýän bölümleriň işi ýola goýlar;

– ilatyň girdejileriniň yzygiderli artmagyny gazanarys. Zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny köpeltmegi, beýleki ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üns merkezinden düşürmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady;

– raýatlarymyzy, aýratyn hem, ýaşlarymyzy iş bilen üpjün etmek, olaryň döwrebap bilim almaklary üçin zerur çäreler görler;

– ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, bilim we sport merkezlerini, medeni-durmuş maksatly beýleki desgalary gurmak dowam etdiriler;

– jemgyýetiň binýady bolan maşgalany maddy taýdan goldamaga, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen zerur serişdeler goýberiler;

– eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam berler;

– jemgyýetimiziň syýasy ulgamynyň işi hem kämilleşdiriler. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet pugtalandyrylar, jemgyýetçilik durmuşy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylar;

– saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeli bolmagy gazanylar. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň – Geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy ulgamdaky orny has-da ýokarlandyrylar;

– täze döredilen partiýalaryň işini kämilleşdirmek üçin zerur şertler mundan beýläk-de üpjün ediler;

– telekeçiligi has-da ösdürmek üçin amatly şertler dörediler;

– azyk önümleriniň arzan we bol öndürilmegini gazanmak üçin, dowarlaryň we iri şahly mallaryň, guşlaryň baş sany artdyrylar;

– halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, parahorluga garşy göreş halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdiriler;

– Milli goşunymyzyň, Harby-deňiz hem-de Harby-howa güýçlerimiziň we serhet birikmelerimiziň kuwwaty artdyrylar. Hukuk goraýjy edaralaryň işi has-da kämilleşdiriler. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylar;

– häzirki zamanyň ähli kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalaryny kämil derejede ele alan hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berler;

– ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny raýatlarymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirmek üçin uglewodorod serişdeleri kämil tehnologiýalar esasynda düýpli gaýtadan işleniler. Benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we nebit ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli önümler öndüriler;

– Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalar ediler;

– aragatnaşyk we teleradio ulgamlarynyň işini has-da ösdürjek, halk hojalygynyň zerurlyklaryna hyzmat etjek täze emeli hemralary älem giňişligine çykarmak dowam etdiriler;

– ýurdumyzyň älem giňişligini öwrenmek üçin kämil obserwatoriýalar merkezini döretmek meýilleşdirilýär;

– energiýa çeşmeleriniň adaty däl görnüşlerini, ýagny gün we ýel energiýasyny netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu ulgamyň ösüşine uly goldaw berler;

– Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň birine öwürler;

– Köpetdagyň we Köýtendagyň, Sumbaryň şypaly jülgelerinde, Bathyzyň ýaýlalarynda, Amyderýanyň, Murgap hem-de Garagum derýalarynyň boýlarynda dynç alyş merkezleri gurlup, adamlaryň syýahat edip, dynç almaklary üçin ähli şertler dörediler;

– welaýat merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda her 40–50 kilometrden ähli şertleri bolan dynç alyş merkezlerini – gür baglyga bürenen çaýhanalary, özboluşly kempingleri – çaklaň myhmanhanalary, awtoulaglar üçin hyzmat merkezleri gurlar;

– şeýlelikde, biz ata-babalarymyzdan miras galan medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyryp, beýik ruhy galkynyşy gazanarys we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynam bilen öňe, öňe, diňe öňe gideris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi!

Eziz watandaşlar!
Hormatly saýlawçylar!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

«Döwlet gonsa bolajagyň başynda,
Hemaýaty – ili gerek daşynda» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, men mähriban halkym bilen, siziň bilen el-ele berip, yhlasly zähmet çekip, bu belent wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn diýip, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti aýtdy!

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda özüne berlen wagty Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärlere paýlamagy Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan haýyş etdi hem-de dalaşgärleriň ählisine üstünlik arzuw etdi!

Hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyza, eziz watandaşlarymyza ýüzlenip, uly baýram – Täze ýyl baýramyň ýetip gelýändigini belläp, olary Täze – 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady!

Döwlet Baştutanymyz Täze ýylda hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi!

Goý, 2017-nji ýyl eziz Watanymyza abadançylyk, mähriban halkymyza rysgal-döwlet we rowaçlyklar getirsin diýip, hormatly Prezidentimiz arzuw edip sözüni jemledi!

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Merkezi saýlaw toparynda sözlän sözi.

Hormatly Merkezi saýlaw toparynyň agzalary!

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan üçünji müňýyllyga gadam basdy. Onuň ykdysadyýetiniň gowy ösmegi bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň aň-bilim düşünjesiniň kämilleşýändigini bellemek gerek. Şonuň üçin meniň size berjek esasy nesihatym, ol hem saýlaw meselesini has-da kämilleşdirmek bolup durýar.

Biz döwrebap asyrda ýaşaýarys. Şonuň üçin käbir mysallary beýleki ýurtlardan alsak, mysal üçin, elektron ulgamyna geçmeklikmi ýa-da beýleki käbir ýurtlarda ilki saýlawçylary, soňra dalaşgäri saýlaýarlar. Bulary men mysal hökmünde getirýärin, garaz, usulyýet kän, bu babatda Merkezi saýlaw toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmaly.

Türkmen halky ähli döwürlerde hem öz taryhyna uly sarpa goýan halk. Biziň halkymyz aýratyn-da demokratik esaslary barada ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýeripdirler. Olar hakynda men öz eserlerimde belläp geçdim.

Mysal üçin “Iliň güýji-siliň güýji”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Halk aýtsa, galp aýtmaz” ýa-da “Ýedi ölçäp, bir kes” diýilýär. Şonuň üçin şol döwürlerde hem demokratik sütünlere esaslanyp, hanlary, umuman kethudary, arçynlary, miraplary hem aýdyňlyk, aç-açanlyk, bäsdeşlik esasynda saýlapdyrlar. Şolara mynasyp adam bar bolsa, agzybirlik bilen saýlaw esasynda jemgyýetiň arasynda deňhukuklylyk we açyklyk esasynda saýlapdyrlar.

Men hem öz gezegimde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli agzalaryna, mähriban halkymyza Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hödürläni üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Ýakynda Aşgabatda ýokary derejede Ýaşulularyň maslahatyny geçirdik. Möhüm, taryhy ähmiýetli kada-kanunlary kabul etdik. Konstitusiýanyň täze, rejelenen görnüşiniň esasynda 2017-nji ýylda Prezident saýlawlaryny geçirmek barada hem Mejlis tarapyndan birnäçe kararlar, kanunlar kabul edildi.

Şonuň bilen birlikde, şu günki gün ýurdumyzyň durmuş-syýasy jemgyýetiniň täze döwrebap medeni tarapyndan hem ösýändigini bize has-da aýdyň görünýär. Onda-da durmuşymyzda ilkinji gezek üç sany partiýanyň — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň saýlawlara gatnaşmagyna, öz wekillerini hödürländigine begenýärin. Bu saýlawlar aç-açanlyk, aýdyňlyk hem-de deň hukuklylyk ýagdaýynda geçip, biz üçin möhüm syýasy waka bolar.

Men esasy Size, Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna öňümizdäki jemgyýetçilik–syýasy, taryhy ähmiýetli wakany-Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmekde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda saýlawlar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ata Watanymyzda saýlawlary dünýäde ykrar edilen ölçeglere laýyk geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmeklerine ähli mümkinçilikleri berýär. Saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde hem saýlawlara raýatlaryň teklipçi toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň gatnaşmagy, ýurdumyzyň öz milli demokratik ösüş ýoluny saýlap alandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Saýlaw kodeksi saýlawlary geçirmegiň demokratik kadalaryny özünde jemleýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde milli demokratiýa ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär. Döwletimiziň hukuk ýagdaýyny we onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzy ösdürmek babatynda uzak möhletleýin, toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň milli Maksatnamasynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini birnäçe esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Gury ýerde nebiti we gazy gözlemek hem-de olary çykarmak üçin tebigy ýataklary özleşdirmek işjeň ýola goýulýar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýangyç serişdeleriniň ýataklary hem özleşdirilýär.

Biz, elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmän, barha ösüşlere tarap öňe aýgytly hereket etmeli. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”.

Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige hödürlän teklipçi toparynyň hemme agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we ýurdumyzyň bagtyýar halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Hormatly adamlar!

Men şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndym.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri görkezmegiň we bellige almagyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigini hem-de ýurdumyzda halkara kadalaryna laýyk gelýän demokratik saýlawlary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýratyn bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige bellige alnanlaryň ählisi üçin milli saýlaw kanunçylyga laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak, telewideniýede, radioda, şeýle hem metbugatda çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz köp ugurly ösüşlere beslenýär, halkymyzyň ýokary durmuş derejesi üpjün edilýär. Demokratiýany ösdürmek, syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegi, bazar ykdysadyýetine geçilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen täze rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapýar.

Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige goldan teklipçi toparyň agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleriň ählisini, şeýle hem türkmenistanlylary ýetip gelýän Тäze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täze 2017-nji ýyl berkarar ýurdumyz, eziz watandaşlarymyz üçin täze ýeňişleriň, bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýyly bolsun!

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Hormatly adamlar!

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler.

Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, deň hukukly bäsleşik esasynda, demokratik ýörelgeler boýunça, açyklykda, aýanlykda geçirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň esasy Kanuny 2016-njy ýylda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda rejelenen gömüşinde kabul edilip, onda halk köpçüliginden, ýerlerden, syýasy partyýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen üýtgetmeler girizildi.

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlygyny artdyrmaklyga gönükdirilen Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde biziň her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar.

Döwletimiziň ösüşini üpjün etmek boýunça kabul edilen Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijelerini bagtyýar döwletimiziň her bir raýaty gündelik durmuşda görýär.

Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpgöter özgerdi, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi, senagat pudagynda täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi.

Şonuň netijesinde täze iş orunlary döredilip, bagtyýar raýatlarymyzyň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçiliklerde zähmet çekmegi we ýurdumyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmaklygy üçin zerur şertler döredildi.

Amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, daşary-ykdysady gatnaşyklarda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn netijelerini berýär.

Hormatly adamlar!

Meni jogapkärli wezipä dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparynyň agzalaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde bellige alan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we mähriban halkymyzy ýetip gelýän Täze 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze 2017-nji ýyl düşümli, rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolsun!

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Hormatly adamlar!

Meni uly döwlet baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlaryma, esasan hem raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Maňa şu gün Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň şahadatnamasy gowşuryldy. Pursatdan peýdalanyp, Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna hoşallygymy bildirýärin.

Ýurdumyzda uly özgertmeler bolup geçdi we geçýär. Bu özgertmeler öz köküni halkymyzyň köp asyrlyk taryhyndan alyp gaýdýar. Türkmen halky dünýäniň gadymy halklarynyň biri. Bu halk taryhda siwilizasiýalary, medeniýetleri, imperiýalary döreden halk, beýik akyldarlary dünýä beren halk, bize – şu günki nesillere taryhy ýadygärlikleri goýan halk. Kök berk bolanda, pudak berdaşly bolýar. Şeýle şöhratly geçmiş biziň geljegimiziň hem şöhratly boljagyndan habar berýär.

Biz berkarar döwletde, bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Berkararlygyň birinji şerti halkyň agzybirligidir. Jemgyýetimiziň jebisligidir. Döwlet mizemezligi, il-ulusyň bagtyýarlygy üçin halk agzybir bolmalydyr. Ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly: «Agzybire Taňry biýr»..

Häzir Türkmenistan ýurdumyzda raýatlar bir-birege dogan ýaly bolup, bir ýoldan gadam urup, bir maksada gulluk edýärler. Ol maksat Watanyň güllemegi, ýurduň depgin bilen ösmegi, halkyň gowy ýaşamagy, çagalarymyzyň gülüp-oýnap, gowy bilim almagy.

Bu döwletlilikden nyşan, rysgallylykdan nyşan. Maksadymyz aýdyň. Biziň her birimiz muňa buýsanmaga haklydyrys.

Men özümi dalaşgär görkezen raýatlaryň teklipçi toparyna ýene bir gezek hoşallygymy bildirýärin.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Täze 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, Täze 2017-nji ýyl düşümli, rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolsun!

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar. Bu möhüm çäre bäsdeşlik esasynda aýanlyk hem-de aç-açanlyk şertlerinde geçýär.

Halkara kadalaryna laýyk gelýän we ýokary işjeňlik derejesinde guralan hem-de jebislik ýagdaýynda geçýän bu möwsüm türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan milli demokratiýanyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyz häzir Beýik özgertmeleri başdan geçirýär. Türkmenistan öz syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty hakyndaky alada bu günki gün döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş maksady bolup durýar.

Soňky ýyllarda oba hojalygynda amala aşyrylýan hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde bu ugurda ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Ýeriň hakyky eýeleri kemala geldi.

Pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşygyň geçirilmegi oba zähmetkeşlerini yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Men döwlet baştutanynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini arzuw edýärin. Öz halkynyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün edip biljek mynasyp dalaşgäriň bu jogapkärli wezipä saýlanyljakdygyna ynanýaryn. Ähli dalaşgärlere üstünlik arzuw edýärin, şeýle hem meni dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparynyň agzalaryna hem-de dalaşgär hökmünde bellige alnandygym üçin Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn.

Hormatly Prezidentimize hem-de ýurdumyzyň halkyna Täze bagtly ýyly arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde – dünýewi, hukuk döwletimizde demokratiýa gün-günden dabaralanýar.

Jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar, biz hem häzirki döwürde şonuň şaýady bolýarys.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda syýasy partiýalar hereket edýär, jemgyýetçilik guramalary hem bar, şolaryň hemmesi syýasy çärelere gatnaşýarlar.

Syýasy partiýalara döwlet tarapyndan syýasy işlere gatnaşmaga deň şertler döredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem ýurdumyzda geçirilýän halk maslahatynyň agzalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Indi bolsa, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar.

Men Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Prezident saýlawlaryna dalaşgär hödürlendim. Partiýa agzalaryna bildiren ynamy we biragyzdan goldandyklary üçin, köp sagbolsun aýdýaryn.

Häzirki taryhy döwürde hususy pudagyň ösmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Halkymyz telekeçileriň alyp barýan işleriniň miwesini görýär, ýagny gurluşykda, senagatda, söwdada, oba hojalygynda, hyzmat ediş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy.

Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişi ýokarlanýar, bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ep-esli berkidýär.

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda, döwlet tarapyndan hususyýetçilere örän uly goldaw, ýeňillikli we uzak möhletli karzlar berilýär, işewürlik we hojalyk başlangyçlaryny amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly adamlar!

Goldanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Saýlaw toparyna we syýasy partiýalara türkmen halkynyň rowaçlygynyň, eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da artmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Ilki bilen meni ýokary döwlet wezipesine – Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürländigii üçin Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşine çyn ýürekden sagbolsunymy aýtmaga rugsat ediň.

Biz, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Biziň erkana halkymyz, abadan ýurdumyz bar. Şeýle zamanada ähli işlerimiz ösüşlere beslenýär.

Ýurdumyz demokratik ösüşleriň we özgertmeleriň ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde häzirki döwürde ýurdumyzda üç sany syýasy partiýalaryň hereket edýändiklerini aýtmak bolar.

Geçirilýän her bir saýlawlaryň kanunalaýyk demokratik esaslarda we guramaçylykly geçirilmegi netijesinde ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere beslenýär.

Şu gezekki Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna hem ilkinji gezek üç sany syýasy partiýalar tarapyndan we teklipçi toparlar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň gatnaşmagynda bäsleşik esasynda geçirilmegi ýurdumyzda demokratiýanyň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşýändigine şaýatlyk edýär.

Esasy zat hem demokratiýanyň ata babalarymyzyň bize wesýet eden milli ýörelgeleriň esasynda ösdürilýändigidir.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde oba hojalyk pudagynda hem amala aşyrylýan işler bimöçberdir.

Bu ugurda döredilen Agrar partiýanyň baş maksady hem hut oba hojalyk pudagyny mundan beýläkde ösdürmekden we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň oba hojalygy iki sany wajyp wezipäni ýerine ýetirýär: birinjiden – ýurdumyzyn ilatyny azyk önümleri bilen, ikinjiden – gaýtadan işleýän kärhanalarymyzy çig mal bilen üpjün edýär.

Ýurdumyzyň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli özgerdilmegi we onuň şäher ilatynyň derejesine ýetirilmegi baş maksatlaryň biri bolup durýar.

2020-nji ýyla çenli döwür üçin kabul edilen oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň ýüzlerçesi guruldy, suw, gaz we elektrik geçirijileriň müňlerçe killometri çekildi, awtoulag ýollarynyň müňlerçe kilometri gurlup, ulanmaga berildi, telefon belgileriniň ýüz müňlerçe nokady oturdyldy, şeýle hem beýleki düzümleýin desgalar guruldy.

Saýlawçylar bilen welaýatlarda geçiriljek duşuşyklarda öz maksatnamamy giňişleýin beýan ederin we olaryň sargytlaryny bellige alaryn.

Ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşjak dalaşgärleriň hemmesine saýlawlarda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Täze, 2017-nji ýyl hem ýurdumyz, halkymyz we bütin adamzat üçin bagt getirjek ýyllaryň biri bolsun.

 

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Annanepesow Maksat Kowusowiçiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY.

Hormatly adamlar!

Men raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenilen dalaşgär, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Annanepesow Maksat Kowusowiç.

Ýurdumyz möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä-Prezdentiň saýlawlaryna barýar. Turubaşdan aýtmakçy bolýanym-ol hem ýurtda saýlawlaryň geçirilip durulmagy şol ýurtda abadan durmuşyň bardygyndan nyşan.

Saýlanmak raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir. Saýlawlar – jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň esasy çeşmesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgeler, bäsleşik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ähli dalaşgärler üçin deň şertlerde geçirilýär.

Ýurdumyzda her bir raýatyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary baradaky kadalar dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri we milli tejribämiz esasynda kämilleşdirildi.

2013-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi hem saýlawlary geçirmegiň demokratik kadalaryny özünde jemlemek bilen, yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli demokratiýanyň, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde gazanylýan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler berkarar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we durmuş binýadyny has-da berkidýär.
Ýurdumyzyň halk hojalygy tutuş täzelenip, düýpgöter özgerdi, täze önümçilik kuwwatlyklary ornaşdyrylyp, ägirt uly desgalar, göreni haýran edýän binalar gurulýar.

Bagtyýar halkymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy baş maksadymyz bolup durýar. Daşary syýasatda bolsa parahatçylygy berkitmek esasy maksatlarymyzyň biridir. Men dalaşgär hökmünde öz maksatnamamda geljek üçin niýetlerim barada giňişleýin gürrüň bererin.
Biz, elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmän, öňe ynamly hereket etmeli. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Herekete bereket”.

Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige goldan teklipçi toparynyň agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna hoşallygymy bildirýärin.

Türkmenistanyň agzybir halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir