Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyga gatnaşýan ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri R.Durdyýewiň terjimehaly bilen tanyşdyryldy we teklipçi raýatlar toparyndan görkezilden dalaşgäriň şahsy we işewür häsiýetleri barada maglumat berildi. Dalaşgäriň ynanylan adamy ony abraýly, öz işini bilýän ýolbaşçy, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine berlen adam hökmünde häsiýetlendirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaş edýäne söz berdi.

Bu ýere ýygnananlara mähirli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, R.Durdyýew munuň öz durmuşynyň iň tolgundyryjy we jogapkärli pursatlarynyň biridigini nygtady. Ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilmegiň ägirt uly hormatdygyny belläp, ol özüne bildirilen ynamy abraý bilen ödemek ugrunda güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Soňra dalaşgär özüniň maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Azyk howpsuzlygynyň binýadyny berkitmek, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almak bilen, esasy pudaklary köpugurly esasda ösdürmek bilen ykdysady kuwwatlyklary artdyrmak onuň maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar.Aýratyn-da, dalaşgär turba geçirijiler ulgamynyň kämil düzüminiň döredilmeginiň, nebitgaz toplumynyň birnäçe desgalarynyň , aragtanaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işlemek, nebitgaz we himiýa senagatyny ösdürmek pudagyň esasy ugry bolup durýar. Bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugruna öwrelmelidir diýip, R.Durdyýew belledi.

Mundan başga-da, durmuş maksatnamalaryna goldaw bermek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny we şäherleriň hem-de obalaryň abadanlaşdyrylyşyny giňden ýaýbaňlandyrmak, ylmy, bilimi ösdürmek, obasenagat toplumyny özgertmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolar.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi hem-de olaryň arzuw-isleglerini üns bilen diňledi. Duşuşyga gatnaşyjylar bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda dalaşgär öňe sürýän wezipeleriniň netijeleri hem-de olary çözmegiň anyk ugurlary barada gürrüň berdi. Duşuşykda guralan netijeli söhbetdeşlige ýaşulular we ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ol döwletiň demokratik we hukuk binýatlaryny pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmek hem-de baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam eder.

Bildirilen gyzyklanmalar we uly üns üçin duşuşyga gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär özüniň ähli ukyp-başarnygyny mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlajakdygyna saýlawçylary ýene bir ýola ynandyrdy.

***

Balkanabat, 18-nji ýanwar (TDH). Şu gün bu ýerde döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär, Mejlisiň deputaty, “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Ol Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet eddaralarynyň ýolbaşçylary, sebitiň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, B.Atalyýewiň ynanylan adamy ony öz işini bilýän hünärmen, ýokary işewürlik hem-de ahlak häsiýetine eýe bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada aýtmak bilen, B.Atalyýew ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, telekeçilige goldaw bermegiň maksatnamasynyň esasy ugurlarydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň önümçiliginiň artmagyny, täze hususy kärhanalaryň döredilmegini, degişlilikde birnäçe iş orunlarynyň emele gelmegini şertlendirer.

Ykdysady, ulag-aragatnaşyk, durmuş we ynsanperwerlik ulgamlardaky yklymlaýyn we sebitleýin ähmiýeti bolan iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Önümçilik ulgamyna täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça düýpli çäreler durmuşa geçiriler.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, häzirki döwür täzeçe işlemäge, döretmäge we dolandyrmaga ukyply hünärmenleriň täze nesilleriniň taýýarlanmagyny talap edýär. Täze taryhy eýýamy başdan geçirýän Türkmenistan, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygy, mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşi hem-de onuň abraýynyň ýokarlanmagy üçin biziň her birimiziň yhlasly zähmetimiz zerur bolup durýar. Çünki halal zähmet ýurduň gülläp ösmeginiň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşynyň möhüm şertini emele getirýär.

Saýlawçylaryň sowallaryna äogap bermek bilen, B.Atalyýew saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň ýangyç-energetika toplumyny, obasenagat ulgamyny we başga-da birnäçe pudaklary ösdürmek baradaky meýilnamalar bilen baglanyşykyly birnäçe tapgyrlaryny düşündirdi.

Işjeň duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär milli demokratik esaslara, jemgyýetiň bitewiligine, medeni we ruhy gymmatlyklara daýanmak arkaly ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklarynyň binýadynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we hukuk döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

***

Şu gün bu ýerde ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatryna sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, dürli kärhanalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýönekeý zähmetkeşler gatnaşdylar. Dalaşgäriň ynanylan adamy bu ýere ýygnananlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol dalaşgäri teklipçil, sowatly ýolbaşçy we ak ýürekli hem-de ilat arasynda uly abraýdan peýdalanýan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra saýlawçylara özüniň maksatnamasy barada gürrüň bermek bilen, J.Annaýew Türkmenistanyň halkyň bähbidini ileri tutýan ykykdysady ösüşiň belentliklerini nazarlaýan syýasy ugruny dowam etmäge mynasyp goşant goşjakdygyny ynandyrdy. Ýokary döwlet wezipesine saýlanan pursatynda tutuş ilatymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ylmy, bilimi ösdürmek, ýaşlary Watana hem-de halkyna bolan söýginiň ruhunda terbiýelemek onuň işiniň maksatnamanyň esasy ugurlary bolar. Halkara gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, ol parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar hem-de döwletimiziň ýokary halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendiren Bitaraplyk syýasatynyň yzygiderli dowam etmegini gazanjakdygyny belledi.

Ýurdumyzyň yzygiderli we okgunly ykdysady ösüşi boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtmak bilen, J.Annaýew häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ýurdumyzyň senagat hem-de ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň geljegi barada aýdyp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ozalkysy ýaly tebigy gazyň eksport ugurlarynyň artdyrylmagyna, dokma pudagynyň, aragatnaşyk ulgamynyň, durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi.

Oba hojalygy pudagyndaky özgertmeler barada aýtmak bilen, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda meýilleşdiren çäreler barada jikme-jik gürrüň berdi. Hususan-da, pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň döredilmegine ähmiýet berler, bu bolsa öz gezeginde oba hojalyk önümlerini öndürijilere amatly ykdysady şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Şunlukda, telekeçilik işine, şol sanda bazarlaryň we söwda dükanlarynyň et hem-de et önümleri bilen elýeterli bahadan üpjün edilmegini şertlendirýän telekeçilik işine goldaw berler.

Dalaşgäriň pikirine görä, oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ylym, hususan-da, pagtanyň we bugdaýyň tohumçylygy, beýleki gök ekerançylyk bilen dünýä ülňülerine laýyk derejede meşgullanýan ylmy-barlag institutlary bilen berk baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň dürli ugurlara degişli – bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet, syýahatçylyk, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we ösüp barýan ýaş nesliň terbiýesi babatynda sowallaryna jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda D.Annaýew saýlawçylary milli demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, jemgyýetiň agzybirligi, medeni mirasy aýawly saklamak, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ruhy gymmatlyklarymaza daýanyp, ähli göz öňünde tutulan maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Şu gün Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Bu ýere ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işçileri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly il ýaşululary we ýaşlar ýygnandylar.

Duşuşygyň barşynda dalaşgäriň ynanylan wekiline söz berildi. Ol ýygnananlary M.Annanepesowyň zähmet ýolywe göreldeli şahsy häsiýetleri bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäri ýurduna we halkyna ak ýürekden hem-de wepaly gulluk edýän oňat ýolbaşçy we açyk ýürekli raýat hhökmande häsiýetlendirmek bilen, dalaşgäriň wekili lebaply saýlawçylary onuň üçin ses bermäge çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentinyň wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. Ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, M.Annanepesow olary özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy. Maksatnama laýyklykda, ol halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, döwletiň ykdysady, seýasy we durmuşy esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ugry dowam etdirmekçi bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlaşlar boýunça geçirilýän bu çäreleriň ähli tapgyrlarynyň biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde milli demokratiýa, adam hukuklary boýunçaýörelgeleriň berjaý edilýändigine doly güwä geçýändigini, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň, ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde gazanylýan görlüp-eşidilmedik üstünlikleriň ýurdumyzyň syýasy we durmuş esaslaryny has hem pugtalandyrýandygyny dalaşgär belent ruhubelentlik we uly buýsanç bilen belledi.

Dalaşgäriň aýtmagyna görä, ol döwlet baştutanlygyna saýlanan halatynda, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga, düýpli özgertmeleri geçirmäge we milli ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mundan beýläk hem abadanlaşdyrylmagyna birinji nobatda üns bermekçi bolýar.

Saýlawçylaryň, hususan-da, Lebap welaýatyny ösdürmegiň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly sowallaryna jogap berip, M.Annanepesow senagat we medeni-durmuş maksatly wajyp desgalaryň ençemesiniň gurmak, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sporty ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek barada göz öňünde tutýan maksatlaryny aýtdy.

Gündogar welaýatyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny hasaba almak bilen, ulag infrastrukturasyny mundan beýläk hem ösdürmäge, hususan-da, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň gurluşygynyň taslamasyny tamamlamaga uly ähmiýet berler.

Mähirli garşylandyklary üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip,Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär özüne bildirilen ynamy ödejekdigine we ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşamagy üçinähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir