Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden

Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Şu ýylyň 6—7-nji martynda doganlyk Türkmenistana amala aşyran döwlet saparymyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetini mähirli kabul edendigiňiz we myhmansöýerlik görkezendigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň.

Bu sapar netijeleri we gazanylan ylalaşyklar boýunça ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda taryhy waka öwrüldi.

Däbe öwrülen dostlukly, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen duşuşyklar hem-de gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.

Saparyň barşynda kabul edilen resminamalar özbek-türkmen gatnaşyklaryny ýokary derejä çykarmaga we bu ugurda täze depgini gazanmaga özara islegiň bardygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekilmegini uly kanagatlanma duýgusy bilen bellemek isleýärin. Ol döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze, ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň kuwwatyna we zerurlyklaryna kybap gelýän derejä çykardy.

Siziň şahsy başlangyjyňyz hem-de tutanýerli tagallalaryňyz netijesinde, Amyderýanyň üstünde gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyny aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Şol desgalary baky dostlugyň, mäkäm we mizemez hoşniýetli goňşuçylygyň köprüleri diýip atlandyrmak bolar.

Bu döwrebap we ajaýyp desgalaryň diňe Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklarynyň bähbidine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ählumumy ykdysady ösüşe üstünlikli goşulyşmagyna uly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Ajaýyp Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we medeniýet işgärleriniň bilelikdäki konsertiniň ýokary derejede guralmagy özbek hem-de türkmen halklarynyň ruhy gymmatlyklarynyň, dilleriniň, däp-dessurlarynyň ýakyndygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu ajaýyp çäräniň ýurtlarymyzyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhynda bolup geçýän şanly wakalaryň genji-hazynasynda mynasyp ornuny eýelejekdigine hem-de şol gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Y.A.Karimowyň ýagty ýadygärligine goýan hormatyňyz we bitiren asylly işiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy ýene bir gezek beýan etmek isleýärin. Y.A.Karimowyň ýadygärligini dikeltmek barada Siziň kalbyňyzdan çykan asylly çözgüdiňiz Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Biziň wekiliýetimiziň Türkmenistana saparyny ýokary derejede guramak boýunça şahsy tagallalaryňyz hem-de özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak işine uly goşandyňyz üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen özüňiz üçin islendik amatly wagtda gelip görmäge ýene bir gezek çagyrýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir