Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Telefon Arkaly Söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Owgan Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Goňşy döwletiň ýolbaşçysy ýurduň parahat durmuşyny berkitmekde berýän hemişelik kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we bütin türkmen halkyna uly hoşallyk bildirdi.

Öz nobatynda milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Mohammad Aşraf Ganä minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň goňşy döwletdäki ýagdaýlary diňe parahatçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirmek ýörelgesi bilen çykyş edip, mundan beýläk-de owgan ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ätjekdigini aýtdy.

Soňra söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri mundan beýläkki döwletara hyzmatdaşlyga çemeleşmeleri anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetikany we beýleki birnäçe pudaklary özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek ýaly möhüm meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki goňşy döwletiň Baştutanlary ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystan Yslam Respublikasynyň tutuş adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň has oňaýly çözgüdini tapmagyň bähbidine umumy tagallalary jemlemäge gönükdirilen Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanlary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň oňat däplerine, taraplaryň özara hoşniýetli erkine daýanyp, ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany owgan kärdeşini ýurdumyza gelmäge çagyrdy.

Hoşlaşanlarynda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani türkmen hem-de owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady hem-de Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derejesine kanagatlanma bildirip, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany ýokary we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna oňyn baha berip, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň ornuna aýratyn üns berdiler. Şu babatda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olaryň barşynda taraplar netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.

Döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Söhbetdeşler bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşmagyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem russiýaly dostlarymyzy Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklara özara ynanyşmak, açyklyk we düşünişmek häsiýetiniň eýe boljakdygyna ynam bildirip, berk jan saglyk hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ukrainanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-birege jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Ukrainanyň Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy hem-de ýurduň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize türkmen halkynyň bähbidine bellenilen ähli maksatlara ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen-ukrain gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklary we özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplaryň geljekde hem dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pýotr Poroşenko döwletara gatnaşyklary berkitmäge çemeleşmeleri ylalaşdylar. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak ýörelgelerine esaslanýar.

Iki ýurduň Prezidentleri halkara giňişlikde türkmen-ukrain gatnaşyklary bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, halkara syýasatyň käbir meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyny bellediler. Şunda Prezident Pýotr Poroşenkonyň nygtaýşy ýaly, Ukraina Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde esasy orny eýeleýän döwlet, geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar hem-de gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmek ugrunda çykyş edýär diýip belledi.

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine özara ynam bildirmek bilen, söhbetdeşler ynsanperwer ugurda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklary has-da giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Pýotr Poroşenko milli Liderimizi özi üçin islendik amatly wagtda Ukraina resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda hem dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryny görmäge hemişe şatdygyny belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pýotr Poroşenko söhbetdeşligiň ahyrynda iki halky gadymy döwürlerden bäri baglanyşdyrýan doganlygyň we hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň bähbitlerine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen we ukrain halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Baştutany türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda berk hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ýardam bermek ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň hem-de sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar hem-de iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary babatda gatnaşyklaryň esasy ugurlarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, türkmen we özbek halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen ruhy we medeni umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy saklamak maksady bilen tagallalary birleşdirmek işinde taraplaryň işjeň orny eýeleýändigi tassyklanyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Hoşlaşanlarynda, söhbetdeşler ilkibaşdan hoşniýetli erk-isleg, netijelilik we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, üstünlik hem-de iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon gepleşigi geçirildi.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Prezident Nursultan Nazarbaýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize jogapkärli döwlet wezipesinde türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu saýlawlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasy ugruna ählihalk goldawyny aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Gazagystanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Telefon gepleşiginiň barşynda goňşy döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda olar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljegi uly meýilnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň Liderleri türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlarda ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, ýokary we hökümetara derejelerdäki, şol sanda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň işleriniň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklar iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerine gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryň depginlerini we hilini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer ugruň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Şeýle hem telefon gepleşiginiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygy tassyklanyldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nursultan Nazarbaýewi Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň ahyrynda birek-birege jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir