Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportlary Gowşurmak Dabarasy Boldy
Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportlary Gowşurmak Dabarasy Boldy
Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportlary Gowşurmak Dabarasy Boldy

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportlary Gowşurmak Dabarasy Boldy

Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine täzeden saýlanandan soň, ilkinji ädimleriniň biri boldy we ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezip, migrasiýa syýasatynyň meselelerini netijeli çözmegiň nobatdaky mysalyna öwrüldi.

Migrasiýa bu gün dünýäniň düýpli meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň oňyn tejribesine hem-de migrantlara durmuş goraglylygyny we birmeňzeş mümkinçilikleri bermekde tutanýerli erk-islege eýe bolup durýar. Ol adam hukuklarynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwer däplere esaslanandyr hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa strategiýasynda mynasyp beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda edilen çykyşlarda milli Liderimize raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Bu çäräniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda türkmen diplomatlarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi» atly halkara duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara düzümleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny ýöredýär. Dünýä syýasatynyň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýan Türkmenistan täze çemeleşmelerini öňe sürýär, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen giň gatnaşyklar nukdaýnazaryndan üýtgewsiz çykyş edýän döwletdigini görkezýär. Ýurdumyz migrasiýa meseleleri, gaçybatalga bermek, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meselelerine ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde garaýar.

Bu ýere ýygnananlar halkara syýasatynda möhüm meseläniň biri bolan bu işleriň diňe ynsanperwer ugurda däl, eýsem, syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda hem köptaraply hyzmatdaşlygyň ençeme ugurlaryny gurşap alýandygyny belläp, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we institutlarynyň, BÝKM, MHG ýaly abraýly düzümleriň ornuna üns berdiler. Halkara düzümleriniň wekilleri migrasiýa ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň belent maksatlaryň hatyrasyna ynsanperwer tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini hem-de bosgunlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça ýurtlaryň anyk hereketlerini işläp taýýarlamaga ýardam etmelidigini nygtap, bu ugurda Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň beýleki döwletlerde hem ulanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Forumyň barşynda çykyş edenler – BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (BÝKM) Merkezi Aziýadaky sebit wekili, sebit utgaşdyryjysy hanym Ýasuko Oda, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit utgaşdyryjysy, MHG-niň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky, Özbegistandaky edarasynyň baştutany jenap Deýan Kesorowiç häzirki döwrüň möhüm wezipelerini, şol sanda migrasiýa babatda meseleleri çözmekde ýurdumyzyň giň gerimli işine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnuklylygy saklamagyň, milli bähbitleri goramagyň kepili, deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm şerti bolup hyzmat edýän türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti hem bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň subutnamasy bolup durýar.

Milli bilermenler, öz nobatynda, adam hukuklaryny üpjün etmek babatda halkara şertnamalaryny hem-de ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek işinde ýurdumyzda amala aşyrylýan anyk işler we yzygiderli ädimler bilen jikme-jik tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde ilkinjileriň biri bolup, halkara tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýän meselelere aýratyn üns we ähmiýet berip başlady. Şol tagallalar bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, belent ynsanperwer maksatlary hem-de gymmatlyklary ykrar etmek bilen, bu ugurda köpsanly halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşuldy.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalary bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hemişelik agzasy bolup durýar. Biziň döwletimiz bu düzümler bilen işjeň gatnaşyp, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirýär we netijeli çäreleri görýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlyk döwründe degişli ugurda taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy amala aşyryldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara – hukuk resminamalaryna – “Bosgunlaryň derejesi hakynda” konwensiýa hem-de onuň Teswirnamasyna, BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” konwensiýalaryna goşulan, ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda milli kanunçylyk binýadynyň üsti “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bilen ýetirildi. Olar bosgunlaryň hem-de raýatlary bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýär, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär.

Alnyp barylýan ynsanperwer syýasat netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dürli sebäplere görä ýurtlarynyň çäklerinden gitmäge mejbur bolan birnäçe goňşy we beýleki döwletleriň raýatlary üçin ikinji watanyna öwrüldi. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de halkymyzyň ynsaeperwerliginiň milli däplerine eýerlip, bu ýerde bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin hemme şertler döredilýär.

Muňa şu aşakdaky sanlar şaýatlyk edýär. 2005-nji ýylda meýletinlik esasynda 13 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy, olardan 9 müň 500-e golaý adam bosgunlardyr. Mundan başga-da, 3 müňden gowrak adam ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy, olaryň hem 1800-si bosgunlardyr. 2011-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň raýatlygyna 4 müň adam, 2014-nji ýylda 786 adam kabul edildi. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýene-de 361-si pasport aldylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2016-njy ýylyň 9-njy dekabrynda ýene-de 1381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekilmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

“Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Apatridleriň derejesi hakynda” konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hemme hukuklardan peýdalanmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamyň we bosgunyň, ýaşamak üçin ygtyýarnama şahadatnamasynyň hem-de ondan-oňa gitmäge degişli resminamasynyň täze nusgalary herekete girizildi. Bu resminamalar ICAO-nyň (Halkara raýat awiasiýasy guramasy) ölçeglerine doly kybap gelýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyza gelen bosgunlara ýaşaýyş jaýlary berildi, olar iş bilen üpjün edildi, oba ýerlerinde bolsa, olara ýer bölekleri bölünip berildi, ýaşaýyş we durmuş meseleleri netijeli çözülýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilýän ynsanperwer çäreler bu ulgamda halkara tejribesini diňe bir baýlaşdyrman, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň uly üns beren meselesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynyň ynsanperwerlik meselesine bagyşlanylan iri wekilçilikli maslahatlary ençeme gezek kabul edendigi bellenildi. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahat bar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu maslahaty geçirmek barada beýan eden başlangyjy ählumumy goldawa mynasyp boldy. Onuň ýörite mejlisi bosgunlaryň durmuş we hukuk taýdan ýakynlaşmagy ulgamynda Türkmenistanyň iş tejribesine bagyşlanyldy.

2013-nji ýylyň aprelinde halkara maslahat geçirilip, onuň esasy meselesi “Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Milli iş meýilnamasyny işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek babatda Gündogar we Günbatar Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjy tejribäni alyşmakdan” ybarat boldy. Onuň barşynda bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, düzgünleşdiriji işleri sazlaşdyrmaga hem-de Ýewropa we Aziýa sebitinde migrasiýa işlerini liberallaşdyrmaga umumy çemeleşmeler işlenip düzüldi.

2014-nji ýylda türkmen tarapynyň teklibi bilen Aşgabatda “Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahat: wehimleri kesgitlemek we öňe tarap ýol” diýen maslahat geçirildi. Şol ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde 10 ýylyň dowamynda (2014-2024 ýyllarda) raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça
dünýä ähmiýetli işleri wagyz etmäge bagyşlanan çäre geçirildi.

2015-nji ýylyň iýun aýynda bolsa türkmen paýtagtynda Türkmenistan tarapyndan Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikde “Migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk” atly sebit maslahaty guraldy. Bu maslahat çagyryldy.

Çykyş edenler ýurdumyzyň BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň sebit wekilhanasy hem-de Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, häzirki wagtda 2017-nji ýyl üçin meýilnamalaryň üstünde işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Ol migrasiýa we ösüş, migrasiýa we saglygy goraýyş, migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlar, migrasiýa we adam söwdasy ýaly ugurlary gurşap alýar. Ählumumy ösüşiň maksatlaryna hem-de wezipelerine kybap gelýän meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy halkara işlerine strategiki gatnaşyjy hökmünde özüni oňat tarapdan görkezýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa babatda ýöredýän syýasatyny amala aşyrmagyň barşynda toplanan oňyn tejribäniň raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça hereket etmegiň milli meýilnamalary durmuşa geçirilende dünýäniň dürli döwletleri üçin peýdaly ugur görkeziji boljakdygyna ynam bildirdiler.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir