Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy
Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy
Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy

Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň raýatlylygyna kabul edilen adamlar raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegine yzygiderli üns berýändigi we olaryň abadan durmuşy ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1690-sy Türkmenistanyň raýatlary boldular. Olar 21 milletden bolup, 1165 uly adamlardyr we 525 sany 18 ýaşyna ýetmedik raýatlardyr.

Bu çözgüdiň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda kabul edilmeginde çuňňur many bar. Ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara-hukuk derejesinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň çäklerinde dürli milletleriň we dürli dini garaýyşlaryň wekilleri bir agzybir maşgala hökmünde parahatçylykda hem-de ylalaşykda ýaşaýarlar we zähmet çekýärler.

Dabara gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça bosgunlaryň işi baradaky sebitleýin utgaşdyryjysy, sebitleýin wekili hanym Ýasuko Oda, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça migrasiýa baradaky Halkara guramasynyň utgaşdyryjysy jenap Deýan Keserowiç migrasiýa we raýatsyzlyk babatdaky meseleleri çözmekde Türkmenistanyň alyp barýan giň möçberli işlerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şu günki wakanyň bolsa aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistan sebitde ilkinjileriň biri bolup bosgunlaryň we raýaty bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýän bu meselelere aýratyn ähmiýet berýän ýurda öwrüldi.

Dünýäde ählumumy ýagdaýlaryň barşynda häzirki döwürde migrasiýa meselesi örän çynlakaý wezipeleriň birine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistan raýatlygy bolmadyk adamlara, migrantlara durmuş goraglylygyny we deň mümkinçilikleri üpjün etmekde kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylan netijeli tejribäni görkezýär.

Ýurdumyzyň şeýle ýörelgeleri gadymy döwürlerden bäri türkmen halkyna mahsus bolan beýik ynsanperwerlik dessurlaryna we umumy ykrar edilen adam hukuklary baradaky ýörelgelere daýanýan syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa strategiýasy mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ynsanperwer çäreler bu ugurdaky halkara tejribesini baýlaşdyryp, dünýä bileleşiginiň gyzyklanmalarynyň esasyny düzýär.

Türkmenistan bu ugurda halkara ynsanperwer guramalary bilen ýygjam gatnaşyk saklaýar. Ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň wekilhanasy işleýär. Türkmenistan 2013-nji ýyldan bäri Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Döwletimiz bu düzümler bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşant goşýar we migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek, olaryň hukugyny goramak boýunça netijeli çäreleri amala aşyryp, maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Dünýäde sebitde durnuklylygyň saklanmagynyň, milli bähbitleriň goralmagynyň kepili, şeýle hem deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda möhüm şert bolup durýan türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetine ýokary baha berýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bu ulgamyndaky birnäçe halkara-hukuk resminamalaryna goşuldy. Olaryň hatarynda “Bosgunlaryň derejesi hakynda” Konwensiýa we onuň Teswirnamasy, BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda” , “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalar bar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli kanunçylyk binýadyň üstüni Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda”, migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini kadalaşdyrýan hem-de olaryň hukuklaryny we erkinliklerini kepillendirýän Kanunlar ýetirdi.

Bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklady. Anyk ynsanperwerlik ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň pugta binýadyny emele getirýär.

(TDH)

Meňzeş Täzelikler

7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

Stambul Uniwersiteti halkara talyplar üçin “7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi geçirer. Bu bäsleşik Stambuldaky Uniwersitetleriň …

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir