Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / “Türkmenistanyň Salgyt Ulgamy” Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çapdan Çykdy
"Türkmenistanyň Salgyt Ulgamy" Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çapdan Çykdy
"Türkmenistanyň Salgyt Ulgamy" Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çapdan Çykdy

“Türkmenistanyň Salgyt Ulgamy” Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çapdan Çykdy

5-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň 1-nji çärýeginiň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny mundan beýläk hem özgertmek, önümçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, hususy topluma goldaw bermek we ýurdumyzyň telekeçilerini senagatda innowasion taslamalary amala aşyrmaga çekmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlaryň häzir hem çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şonuň üçin hem şeýle ýeňil bolmadyk şertlerde biz ak ýürek bilen öndürijilikli işlemelidiris. Häzir biziň esasy wezipämiz ykdysadyýetiň nebit ulgamy bilen bagly bolmadyk pudaklaryny güýçli ösdürmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Maliýe ulgamynyň durnuklylygyny, manadyň maýa goýum işjeňligini, durnuklylygyny hem-de satyn alyş mümkinçiligini üpjün etmek, şeýle hem ätiýaçlyk walýuta gaznalaryny artdyrmak, banklaryň karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmak möhümdir.

Şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň eksporta iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, tebigy serişdeleri senagat taýdan çuňňur işlemek boýunça daşary ýurt firmalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmek babatda görkezmeler berildi. Bu işe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini çekip, ýerasty baýlyklary özleşdirmek bilen meşgullanýan kärhanalara degişli ýeňillikleri bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, jemgyýetiň önümçiliginiň ösüş şertlerine laýyk gelýän gowy ýola goýlan, takyk hereket edýän salgyt ulgamy bolmasa, netijeli bazar ykdysadyýeti mümkin däldir. Salgyt esasan kadalaşdyryjy wezipäni ýerine ýetirýändigi sebäpli, telekeçileriň, öndürijileriň bähbitlerine döwletiň täsir etmeginiň, olaryň işini jemgyýet üçin zerur hem-de bähbitli ugra gönükdirmek üçin maliýe-ykdysady usullary ulanmak barada gürrüň gidýär.

Salgydy öz wagtynda we doly tölemek bilen baglanyşykly raýat jogapkärçiligini emele getirmek, düzgünnamalary we täze girizilen kadalary düşündirmek, salgyt medeniýetini terbiýelemek we ilatyň salgyt boýunça bilimini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan neşir edilýän žurnalyň esasy wezipesi bolup durýar. Onda çap edilen makalalar bilermenlere ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň düzüm böleklerine çuňňur düşünmäge, onuň mümkinçiliklerini hem-de güýçli depginde öňe gitmeginiň sebäbini açyp görkezmäge ýardam berýär.

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany öz sahypalarynda “Ýurdumyzyň çeşmelerinden girdeji alýan Türkmenistanyň dahyllysy däl edara görnüşli taraplara salgyt salmak we iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak baradaky halkara ylalaşyklary ulanmak babatynda” we “Iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmagyň tertibi hakynda” maglumatlary ýerleşdiripdir. Olarda Türkmenistanyň dahylsyz däl edara görnüşli tarapyň ýurdumyzyň çäklerinde bir ýa-da birnäçe hemişelik wekilhanasynyň (gurluşyk meýdançasy, gurnama ýa-da ýygnama desgalary) döredilmegi bilen, edara görnüşli tarapyň salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi kanunynyň ýörite düzgüni beýan edilýär.

“Ýurdumyzyň çeşmelerinden girdeji alýan Türkmenistanyň dahyllysy däl edara görnüşli taraplara salgyt salmak we iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky halkara ylalaşyklary ulanmak babatynda” we “Iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmagyň tertibi hakynda” usulyýet maglumatlarynda bu möhüm mesele dürli ugurlar boýunça ösdürilýär.

Işewürlik ulgamynyň salgyt düzgünini kämilleşdirmäge degişli düşündiriş makalalarynyň beýleki toplumy hem ýerleşdirilýär. Olar “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinde hasabat ýyly üçin işgärleriň sanaw boýunça ortaça sany artdyrylan halatynda, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy hasaplamak hakynda”, “Bellenen patent tölegi hakynda” makalalardyr.

Döwletimiz salgydyň möçberlerini, salgyt salynmagynyň şertlerine ýeňillikler girizmek, salgytlaryň bir görnüşini girizmek hem-de beýleki görnüşlerini aýyrmak bilen, belli bir pudaklaryň we önümçilikleriň okgunly ösdürilmegi üçin şertleri döredýär, jemgyýetimiz üçin möhüm meseleleriň çözgüdiniň tapylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň telekeçilerini höweslendirmegiň we goldamagyň dürli görnüşleriniň hatarynda olaryň iş alyp barmaklary üçin ýeňillikli karzlary bermek usuly hem üstünlikli hereket edýär, bu meselä milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär.

Ýurdumyzyň salgyt syýasaty bir tarapdan salgyt kanunçylygynyň berjaý edilmegine, salgytlaryň tölenilmeginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň güýçlendirilmegini göz öňünde tutýar, beýleki tarapdan ol salgydyň möçberleriniň peseldilmegine, maýa goýum, senagatyň strategiki häsiýetli pudaklarynyň işleriniň höweslendirilmegine, hususy telekeçiligiň bähbitleriniň goralmagyna hem-de olaryň goldanylmagyna gönükdirilendir.

Okyjylar “Sorag – jogap” bölüminde peýdaly habarlary okap bilerler, onda tejribeli hünärmenler salgyt ulgamyny dolandyrmagyň aýratynlyklary hem-de ol ýa-da beýleki anyk ýagdaýda salgyt kanunçylygynyň ulanylmagynyň usullary barada düşündiriş berýärler.

Şeýlelikde, maliýe-ykdysady neşir okyjylaryň giň köpçüligine diňe bir salgyt ulgamyndaky täzelikleri ýetirmek bilen çäklenmän, ýokary derejeli hukuk kömegini almaga hem mümkinçilik berýär.

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly maglumat – hukuk žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, onda häzirkizaman görnüşdäki bezegine kybap gelýän we işewürlik äheňindäki makalalar ýerleşdirilipdir.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir