Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleriniň Wekillerine Ýüzlenme Bilen Çykyş Etdiler
Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleriniň Wekillerine Ýüzlenme Bilen Çykyş Etdiler
Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleriniň Wekillerine Ýüzlenme Bilen Çykyş Etdiler

Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlary Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleriniň Wekillerine Ýüzlenme Bilen Çykyş Etdiler

Aşgabatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, netijeli we baý mazmunly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hereket etmeli anyk ugurlar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň hem-de Belarusuň halkara we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat ýa-da ýakyn gelýändigini görkezýändikleri nygtaldy. Bu bolsa iki ýurduň dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewidir.

Şu günki duşuşygymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy. Söwdada, ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, maşyngurluşykda, dokma we ýeňil senagatda aragatnaşyklaryň ösdürilmegi geljegi has uly ugurlardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürmäge barabar bolan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy türkmen-belarus ykdysady aragatnaşyklarynyň iň uly netijesidir. Milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenkony hem-de onuň üsti bilen belarusly hyzmatdaşlarymyzyň ählisini bu ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de täze ägirt uly senagat kärhanasynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň giň bazarlaryna çykmak bilen, Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna has işjeň goşulmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Belarusuň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegine, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine şertleri döretmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir