Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Uşak Uniwersitetinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çäreler Geçirildi
Uşak Uniwersitetinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çäreler Geçirildi
Uşak Uniwersitetinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çäreler Geçirildi

Uşak Uniwersitetinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çäreler Geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan, 2017-nji ýylyň 22-23-nji martynda konsullyk çäginde ýerleşen Uşak welaýatyndaky Uşak uniwersitetinde Türkmenistanda 2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary we bu uniwersitetde bilim alýan türkmen hem-de daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziñ parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, 2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmuny hem-de Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagy babatdaky ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Netijeli häsiýete eýe bolan ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Türkmenistanda geçiriljek ägirt uly sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrýan wideo görnüşleri gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Bu görnüşlerde, paýtagtymyzda Aziada-2017-niň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň ajaýyp binalary hem-de bu ýaryşlarda bäsleşjek türgenler we oýunlara tomaşa etjek janköýerler üçin döredilen amatlyklar barada gürrüň berilýär. Düýpli ylmy häsiýete beslenen maslahat ýokary gatnaşygy bilen tapawutlandy hem-de gatnaşyjylarda güýçli täsirleri galdyrdy. Mundan başga-da Uşak uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we daşary ýurtlardan gelen talyplaryň gatnaşmagynda, 2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmegi we Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp sport bäsleşigi geçirildi. Örän gyzgalaňly we şowhunly ýagdaýda geçen bäsleşikde türkmen talyplardan düzülen ýygyndy topar ýeňiji boldy. Ýeňiji bolan ýygyndy toparyň oýunçylaryna baýrak hökmünde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany ýerleşdirilen köýnekçeler sowgat berildi.

Şeýle hem, maslahatyñ dowamynda Berkarar döwletimiziň energetika pudagynda amala aşyrýan dünýä nusgalyk işleriniň netijeliligi hem-de Türkmenistanyň Energiýa Hartiýasyna başlyklyga saýlanmagynyň Watanymyzyň sebitde we dünýä derejesinde nusgalyk ýurtlaryň birine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy.

Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň halkara bileleşigine yzygiderli hödürleýän umumy adamzat ähmiýetli teklipleriniň ähliumumy ykrara eýe bolýandygy, Türkmenistan döwletimiziň sebitde iň ähmiýetli meselelere çemeleşmelerde teklip edýän başlangyçlarynyň gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň görkezijisi hökmünde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygyna saýlanmagy barada aýdyldy.

Maslahatyň barşynda uniwersitetiň wekilleri hem çykyş edip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Doganlyk Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleriniň özleri üçin buýsandyryjy ýagdaýdygyny bellediler.

Dabaraly çäräniñ ahyrynda Uşak uniwersitetinde bilim alýan Türkmen talyplary özleri üçin atalyk aladasyny edýän we ýaş neslimiziň dürli ýurtlarda ýokary bilim alyp, halkara derejedäki hünärmenler bolup ýurdumyza dolanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar hem-de Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, alyp barýan döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir