Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / YÖB Günorta Gaz Geçelgesi Taslamasyna Gatnaşmaga Taýýar
YÖB Günorta Gaz Geçelgesi Taslamasyna Gatnaşmaga Taýýar
YÖB Günorta Gaz Geçelgesi Taslamasyna Gatnaşmaga Taýýar

YÖB Günorta Gaz Geçelgesi Taslamasyna Gatnaşmaga Taýýar

Yslam ösüş banky (YÖB) «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga taýýar, diýip Trend agentligine beren interwýusynda bankyň wise-prezidenti Saýed Aga aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, «birnäçe tehniki meseleler işlenilýär. Olar çözülen badyna YÖB bu taslamada Azerbaýjanyň hyzmatdaşy bolar» diýip Saýed Aga aýtdy.

Bankyň wise-prezidentiniň belleýşi baly, diňe bir energiýa serişdelerini eksport etmek däl, eýsem, olardan netijeli peýdalanmak hem möhüm ähmiýete eýedir. Onuň pikiriçe, netijeliligi üpjün etmek arkaly bu ugurda tygşytlylyk gazanylyp bilner.

Trendiň belleýşi ýaly, YÖB-nyň wise-prezidenti Saýed Aganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 17-20-nji ýanwarda Bakuda boldy. Saparyň dowamynda Azerbaýjana yslam banklaşdyrmasynyň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmekligi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekildi.

«Günorta gaz geçelgesi» Hazar sebitinden Gruziýanyň we Ýewropanyň üsti bilen Ýewropa ýylda 10 mlrd kub metr azerbaýjan gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar.

Ilkibaşda «Günorta gaz geçelgesi» taslamasy üçin esasy çeşme hökmünde «Şah Deňiz» azerbaýjan gazkondensatly ýatagyň ikinji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde alynjak gaz göz öňünde tutulýar. Has soňrakky tapgyrlarda Hazar geçelgesindäki beýleki gaz çeşmeleri hem goşulyp biler.

Gaz Türkiýä we beýleki Ýewropa bazarlaryna Günortakawkaz gaz geçirijisini giňeltmek arkaly we Transanatoliý (TANAP) we Transadriatik (TAP) turba geçirijilerini gurmak arkaly eksport ediler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir