Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýurdumyzda 2017-nji Ýylda Geiriljek Bag Ekmek Çäresiniň Çäklerinde Üç Million Agaç Nahallary Oturdylar
Ýurdumyzda 2017-nji Ýylda Geiriljek Bag Ekmek Çäresiniň Çäklerinde Üç Million Agaç Nahallary Oturdylar
Ýurdumyzda 2017-nji Ýylda Geiriljek Bag Ekmek Çäresiniň Çäklerinde Üç Million Agaç Nahallary Oturdylar

Ýurdumyzda 2017-nji Ýylda Geiriljek Bag Ekmek Çäresiniň Çäklerinde Üç Million Agaç Nahallary Oturdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda bag ekmek çäresini kadalaşdyrmak boýunça Karara gol çekdi.

Tebigy tokaýlary köpeltmek we dikeldiş hem-de medeni ýerleriň töwereginde bag ekmek boýunça uly möçberli işler ýurdumyzyň esasy ekologik Konwensiýalarynyň üçüsi: biologik köpdürlilik, tebigatyň üýtgemegi, çölleşmäge garşy göreş boýunça halkara borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirýänligine şaýatlyk edýär. Bag ekmek—medeni we tebigy zolaklaryň birleşýän ýerinde ekologik deňagramlylygy ekologiýa taýdan howpsuz we tebigy dikeltmekdir.
Karara laýyklykda, 2017-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça üç million nahal, iki möwsümiň hersinde – ir baharda we giç güýzde bir ýarym milliondan nahal ekmek bellenilendir. Adatça agaçlar tebigy we tokaý zolakly ýerlerde, şäherleriňdir obalaryň töwereginde ekiler. Demir we gara ýollaryň gyralaryna ýerli çöl ösümlikleri ekiler.Nobatdaky möwsümde şäherleriň, ilatly ýerleriň, dag etekleriniň, kanallardyr derýalaryň kenarlarynda, deňiz kenarynda emeli tokaý emele getirmek üçin baglar ekiler.

Geljekki çäre, şol sanda „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda bag we Aralyň täsiri ýetýän Bötendag alaňlygynyň golaýynda çöl ekinlerini ekmek çärelerini hem göz öňünde tutýan 2012-2020-nji ýyllaryň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugrudyr.
Bag ekmek çäresini ministrliklredir pudaklaýyn edaralar, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri utgaşdyrarlar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti nahallar bilen üpjün eder, şeýle hem ekologiýa taýdan gözegçiligi amala aşyrar.

Tokaý hojalygy müdirýetinde habar berlişi ýaly, nahalhanalarda ekmek üçin zerur möçberde nahallar ýetişdirildi. Tokaýçylygy ýöretmek we her sebitiň toprak-howa şertlerini hem-de ýerli şertlere uýgunlaşan ösümlikleriň ýagdaýy göz öňünde tutulyp, ýaş nahallara ideg etmek boýunça maslahatlar taýýarlanyldy.

Bag ekmek tokaýçylyk boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda geçiriler. Bilermenleriň iki ýüzüsi ekilmeli ýerleriň kartasy boýunça ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek çäresine gatnaşýanlaryň ýakyn maslahatçysy bolarlar, bu işiň üstünlikli geçirilmegine köp babatda gurak howa şertlerinde we çöli özleşdirmekde gazanylan köp ýyllyk tejribe gowy ýardam eder.
Türkmenistan üçin täze ösümlikler Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň Aşgabatdaky Botanika bagynda ýerli şertlere uýgunlaşdyryýar. Botanika bagynyň 80 ýyldan gowrak taryhynda Gündogar Aziýa we Demirgazyk Amerika ösümlikler dünýäsiniň wekilleriniň onlarçasy Aşgabada göçürilip getirildi. Türkmenistan üçin täze baglaryň we bezeglik gyrymsy agaçlaryň ekilmegi tebigatyň biologik köpdürliligini saklap galmaga we olary köpeltmäge ýardam eder. Bag ekýänler ol ýada beýleki sebitler üçin ösümlikleri saýlamaga jogapkärli çemeleşip, pürli we ýaprakly baglary utgaşdyrýarlar, olary suwarmagyň oňaýly düzgünini belleýärler.

Diňe bir duzlaşan, taşlanan we oba hojalygynda ulanyşda galan ýerlerde bag ekilmän, eýsem şäherlerde hem bu ugurdan uly işler alnyp barylýar. Adam işiniň ýetirýän zeperini azaltmakda ekologiýa taýdan arassa innowasion usullaryň ulanylmagy, şol sanda şäherleriň içinde we daşynda baglaryň oturdylmagy, täze seýilgäh zolaklarynyň, her hili landştaft arhitekturalarynyň döredilmegi bu ugurda ädilen möhüm ädimdir. Şäherleri bagy-bossanlyga öwürmek howanyň arassalygyna oňyn täsir edip, ekologik howpsuzlygy üpjün etmegiň wajyp guralydyr.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir