Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine Saýlawlar Boýunça Öňünden Ses Bermek Başlandy
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine Saýlawlar Boýunça Öňünden Ses Bermek Başlandy
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine Saýlawlar Boýunça Öňünden Ses Bermek Başlandy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine Saýlawlar Boýunça Öňünden Ses Bermek Başlandy

2-nji fewralda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses berilmegi başlandy.

Saýlaw Kodekse laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk iş saparlaryna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar hem-de beýleki sebäplere görä, saýlawlar güni 12-nji fewralda saýlaw uçastogyna gelip bilmejek we has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Sagat 8-den 18-e çenli ses bermek bolar.

Şu günler düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girýän ähli uçastok saýlaw toparlarynyň işjeň işleýändiklerini bellemek gerek.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2548-si işe doly taýýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 39-sy saýlawçylara garaşýar.

Saýlawlara syn etmegi milli synçylardan başga-da, daşary ýurtly—Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasyndan, Belarus we Russiýa birleşiginiň Parlament ýygnagyndan hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasyndan hem-de käbir daşary döwletlerden synçylar we bilermenler amala aşyrýar. Olaryň ählisine saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, gönüden-göni ses berilýän gününde hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Dalaşgärleriň her biriniň terjimehalynyň maglumatlary hem-de maksatnamalary çap edildi.
Saýlawçylar olaryň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen duşuşyklaryň çäklerinde ýa-da saýlaw uçastoklarynda tanşyp bilýärler. Milli telewideniýäniň ýaýlymlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere deň wagt berdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça şu gün badalga alan öňünden ses bermek tapgyry ýerlerde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmäge taýýarlyk görülendigini tassyklaýar. Bu möwsüm Türkmenistanyň täze taryhyna ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna yzygiderli eýerýändiginiň subutnamasy hökmünde girer.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir