Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / 18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar
18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar
18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar

18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, sapar türkmen Lideri tarapyndan özüniň gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz Astana boljak ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýetini belläp, onuň köptaraply hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly itergi berjekdigine, ikitaraplaýyn bähbitlere, şeýle hem ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň täze möhüm derejesine çykarylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Muňa iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň yzygiderli özara saparlary, iki döwletiň Baştutanlarynyň has ýygjamlaşan şahsy gatnaşyklary gönüden-göni ýardam berýär, bu gatnaşyklar hoşniýetlilik we ýokary ynam ýagdaýyna eýedir. Milli Liderimiziň 2013-nji ýylyň maý aýynda Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

Iki döwletiň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi olaryň dünýä giňişliginde oňyn hyzmatdaşlyk etmegi üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan bilen Gazagystan ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça meňzeş garaýyşlara eýedir. Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistan bilen Gazagystan giň ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Iri bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy işewür gatnaşyklaryň guralmagyna oňyn çemeleşmegiň aýdyň mysallarydyr. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň “altyn” halkasy bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny, sebit we halkara derejeli ulag-üstaşyr düzümleri şol taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.

Bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň guralmagy, iki ýurtda geçirilýän ýarmarkalara we sergilere gatnaşylmagy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär. Türkmenistan şu ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralygynda Astana şäherinde geçiriljek “EKSPO2017” sergisinde bölümini ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistan bilen Gazagystany köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy we medeni umumylyk ýakynlaşdyrýar. Iki ýurt däp bolan ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şol sanda bilim, ylym hem-de amaly barlaglar, medeniýet we döredijilik alyşmalary ugry boýunça gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýärler.

Iki goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

Çeşme: TDH

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir