Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / A.S. Puşkin Adyndaky Rus Drama Teatrynda «Andro we Sandro» Atly Täze Oýun Sahnalaşdyryldy
A.S. Puşkin Adyndaky Rus Drama Teatrynda «Andro we Sandro» Atly Täze Oýun Sahnalaşdyryldy
A.S. Puşkin Adyndaky Rus Drama Teatrynda «Andro we Sandro» Atly Täze Oýun Sahnalaşdyryldy

A.S. Puşkin Adyndaky Rus Drama Teatrynda «Andro we Sandro» Atly Täze Oýun Sahnalaşdyryldy

Osetin dramaturgy Georgiý Hugaýewiň sahna eseri boýunça goýlan bu oýun osetin obasynyň we ömürboýy goňşy gojalaryň durmuşyndaky üýtgeşik wakalar barada gürrüň berýär. Şahyrana hem gülküli eserde ýeňil bolmadyk durmuş osetin halkynyň özboluşly medeniýeti, durmuşy we däpleri arkaly beýan edilýär.

Andro bilen Sandronyň sekiz günlük ýaş tapawudy bar. Olaryň ata-enesi bir howluda ýaşapdyrlar. Olar hem edil dogan ýaly agzybir ýaşaýarlar, Andro aýalyndan we oglundan jyda düşen dostynyň ýekeligini bildirmejek bolup elden gelenini gaýgyrmaýar.

-Eseri okanymdan onuň bize gerekdigini dessine aňdym!-diýip,oýun goýujy režissýor Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukert gürrüň berýär.—Häzirki wagtda dünýäde mähirlilik we pidagärlik azlyk edýär. Bu eserde durmuşa höwes döredýän many bar. Bizem bu oýny goýmak bilen tomaşaçylarda dagly gojalaryň ikisiniň mysalynda ýakynlarymyzyň bagty we abadanlygy üçin näme etdik diýen pikir döretmek isleýäris.

Oýun goýanymyzda öz gahrymanlrymyzy şeýle bir haladyk welin, onyň ahyryna goşmaça sahna goşduk: 10 ýyldan soň Ahdronyň agtygy, Sabdronyň ogly peýda bolýar. Netijede goňşularyň garyndaş bolmak arzuwy wysal bolýar. G. Hugaýew bu ajaýyp wakanyň şeýle tamamlanmagyna garşy bolmazdy diýip pikir etdik.

Zenan keşpleri döredenTürkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa bilen Oksana Badalowa öz gahrymanlarynyň häsiýetlerini ýiti duýup, hem näzik hem gaýduwsyz osetin aýallarynyň üýtgeşik keşbini döretmek başardypdyr. Wäşi we iňirdili, päk ýürekli , hakyky dostlaşmagy başarýan Andro bilen Sandronyň keşbini Kerim Ataýew bilen Mihail Rogow ynandyryjylykly döretdiler.

Özboluşly sahna bezegi, saz bezegi we režissýorly tilsimleri Georgiý Hugaýewiň tanymal esriniň täzeçe beýan edilişi, tomaşaçylarda zehinli toparyň oýnundan ýakymly duýgular oýarýar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir