Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady
ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady
ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady

ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady

Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň anna güni neşir etdiren ABŞ-daky buraw desgalarynyň sanynyň artmagy baradaky maglumatlarynyň netijesinde duşenbe güni nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklap ugrady. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär.

08:51-e çenli wagtda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň martdaky fýuçersleriniň bahasy 0,07 göterim aşaklap – barrel üçin 55,45 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň martdaky fýuçersleriniň bahasy 0,15 göterim aşaklap – barrel üçin 53,14 dollara barabar boldy.

20-nji ýanwarda tamamlanan iş hepdesiniň netijeleri boýunça ABŞ-daky buraw desgalarynyň sany 5,3 göterim, 694-e çenli artdy. Ýyllyk aňlatmada bu görkeziji 57 sany ýa-da 8,9 göterim ýokarlandy. The Wall Street Journal gazetiniň getirýän Price Futures Group-yň analitigi Fil Fliniň (Phil Flynn) maglumatlaryna görä, ABŞ-daky nebit buraw desgalarynyň sany ýyl hem iki aý üçin mümkin bolan görkezijide dur.

«Nebit buraw desgalarynyň häzirki derejesinde saklanjakdygyny nazara alsaň, biz ABŞ-da 2016-njy ýylyň dördünji çärýeginden 2017-nji ýylyň dördünji çärýegi aralygynda Eagle Ford, Bakken we Niobrara slanesli ýataklarda nebitiň çykarylyşyny günde 315 müň barrele çenli artmagyny çaklaýarys» diýip gazet Goldman Sachs-yň garaşsyz analitikleriniň garaýyşlaryny getirýär.

Nebitiň bahalarynyň arzanlamagyny ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falihiň fewral aýynda nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygyň ähli döwletler tarapyndan 100 göterim ýerine ýetirilmegini gazanmaga garaşylýandygy baradaky aýdanlary saklady. Falih şeýle hem patyşalygyň ýanwar-fewral aýlarynda nebit önümçiligini günde 10 mln barrele sähel ýetmeýän derejede saklamagy meýilleşdirýändigini goşdy.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir