Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy
Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy
Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy

Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy

Çarşenbe güni Aşgabat 2017-niň ähli medallary öz ussatlygyny görkezen mynasyp türgenlere gowşuryldy, emma şu wagta çenli geçirilen iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna ýene-de bir ädim galdy.

Oýunlaryň ahyrky tapgyry bolan ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni agşam Aşgabat 2017-ni ýapyk diýip yglan etmegi bilen başlandy.

Soňra Aşgabat 2017-niň alawy öçürildi we 45 000 orunluk Aşgabat Olimpiýa stadionyny dolduran tomaşaçylar we Oýunlara gatnaşyjylar şatlyk-şowhundan doly ajaýyp dabara tomaşa etdiler.

“Balich Worldwide Shows” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan ýapylyş dabarasy özüniň ajaýyp täsiri bilen görenleri haýran galdyrdy. Mundan başga-da, iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda 12 günläp dowam eden ýaryşyň ýatdan çykmajak pursatlary hem görkezildi.

Tomaşaçylaryň ýadynda uzak wagtlap galjak bu tomaşa yşykly we sesli effektlerden, tanslardan we grafiki effektlerden, şeýle hem täsir galdyryjy çykyşlardan ybarat boldy. Bularyň ähli sporty, türgenleri we şeýle ajaýyp taryhy wakanyň guramaçylygyny alyp baran adamlary wasp etdi. Şeýle ýatdan çykmajak ýaryşlaryň guramaçylygynda uly orny eýelän Aşgabat 2017-niň “Ilkinji ýyldyzlar” ady bilen tanalýan meýletinçiler aýratyn hormata eýe boldular.

Dabaranyň dowamynda ýörite yzygiderlikde tebigatyň dört hadysasy görkezildi. Tomaşa türkmen sährasynyň ajaýyplygyny wasp etmek bilen başlandy. Soňra türkmen halkynyň gadymy medeniýeti suratlandyryldy. Ondan soňra Aşgabat 2017-niň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi tansyň üsti bilen beýan edildi.

Soňra tomaşaçylara Oýunlaryň iň ajaýyp pursatlaryndan, şol sanda Türkmenistanyň sport ýyldyzy Seýdi Batyrowyň türkmen milli göreşinde we guşakly göreşde alty sany altyn medal almagy, erkekleriň arasynda -94 kg agram dereje boýunça geçirilen agyr atletika ýaryşynda eýranly Sohrab Moradiniň goýan täze dünýä rekordy we beýleki haýran galdyryjy pursatlardan ybarat bolan wideo şekil görkezildi. Bu wideo şekil sportuň dünýä ýüzündäki meşhurlygyny we wajyplygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Dabaraly tomaşanyň ahyrky tapgyry gelip ýetdi we ähli tomaşaçylar dürli ýurtlardan gelen dünýä meşhur aýdymçylaryň beren konsertinden lezzet aldylar. Konsertde Russiýa Federasiýasyndan gelen Nýuşa, Liwandan gelen Elissa, Beýik Britaniýanyň estrada ýyldyzy Jon Nýuman, şeýle hem Türkmenistanyň sungat ussatlary bolan Parahat Amandurdyýew, Gülşat Gurdowa we Annaguly Myratdurdyýew ýaly ajaýyp ýyldyzlar öz aýdymlary bilen müňlerçe tomaşaçylary begendirdiler.

Şeýlelikde, Aşgabat 2017 Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabat Olimpiýa stadionynda şowhunly aýdym-sazlary hem-de atylýan feýerwerkleriň biri-birinden owadan uçgunlary bilen gatnaşyjylaryň ählisinde şeýle naýbaşy Oýunlardan ýakymly ýatlamalary galdyryp, dabaraly ýagdaýda tamamlandy.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir