Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabatda Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Türkmen-Slowen Toparynyň Mejlisi Geçirildi
Aşgabatda Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Türkmen-Slowen Toparynyň Mejlisi Geçirildi
Aşgabatda Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Türkmen-Slowen Toparynyň Mejlisi Geçirildi

Aşgabatda Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Türkmen-Slowen Toparynyň Mejlisi Geçirildi

Türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sloweniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy, ýurdumyzda iri möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar we eýýäm amala aşyrylýar, olaryň hatarynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary bar we maýa goýum işi üçin amatly şertler döredilendir.

Duşuşygyň barşynda, şeýle hem özara peýdaly ynsanperwer gatnaşyklaryny, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary, şeýle hem saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikir beýan edildi.

Mejlisiň ahyrynda Sloweniýanyň wekiliýetiniň agzalary türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Meňzeş Täzelikler

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir