Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabatda Türkmenistan Bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan Bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan Bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arasynda Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

2017-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Eýranyň wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde halkara guramalaryň çäklerinde, ilki bilen BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek görkezildi. Taraplar dürli halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny özara goldamak boýunça edilen işlere oňyn baha berdiler.

Sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde iki tarapyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, taraplar sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şu nukdaý-nazardan, taraplar Hazar deňziniň meselelerine we Owganystan Yslam Respublikasyna ýardam bermek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň esasy ünsi elektrik energiýa, nebitgaz we ulag pudaklarynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek meselelerine gönükdirildi. Şeýle-de, taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup duran, däp bolan medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmekliklige meýillerini aýan etdiler.

Syýasy geňeşmeler tamamlanandan soň, R.Meredow we M.J.Zarif Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlmagynyň 25-ýyllygy mynasybetli gurnalan surat sergisine baryp gördüler. Ondan soň Eýranyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň, mugallymlarynyň we ýaş diplomatlaryň öňünde çykyş etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir