Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Awstraliýa Aşgabat 2017-ä Gatnaşjak 18 Türgenini Saýlady
Awstraliýa Aşgabat 2017-ä Gatnaşjak 18 Türgenini Saýlady
Awstraliýa Aşgabat 2017-ä Gatnaşjak 18 Türgenini Saýlady

Awstraliýa Aşgabat 2017-ä Gatnaşjak 18 Türgenini Saýlady

Sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Awstraliýanyň wekili hökmünde ilkinji gezek gatnaşjak 18 türgenden ybarat bolan topar düzüldi.

Awstraliýaly topar türkmen paýtagtyndaky Oýunlarda çykyş etjek ýurtlaryň biri hökmünde sportuň üç görnüşi boýunça ýaryşa gatnaşarlar: agyr atletika, sport göreşi we taekwondo.

Awstraliýanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy we “Awstraliýanyň sport göreşi” guramasynyň prezidenti Jon Saul şeýle ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligi ýaşlar topary üçin gymmatly tejribe boljakdygyny aýdyp şeýle belledi: “Aziýa hakykatda hem söweş sungaty boýunça sport görnüşleriniň ösen ýeri. Eýran we Ýaponiýa, şeýle hem ýer eýesi Türkmenistan ýaly dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň gatnaşmagy ýaryşyň şowhunly geçjekdiginiň alamatydyr we biziň adamlarymyz üçin hakykatdan hem öwrenmäge mümkinçilikdir”.

Türgenler şäherçesi we ýaryş geçirilýän desgalar Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýär. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi bolsa Awstraliýanyň ýygyndy topary üçin Olimpiýa gurşawyny döretjek desgalar toplumydyr.

Saul sözlerini şeýle dowam etdi: “Adaty çempionat däl-de, Oýunlar geçirilýän gurşawy ähli adamlaryň jemlenýän ýeridigini aňladýar. Diýmek, biziň toparymyz dünýäniň iň ussat türgenleriň arasynda diňe ýaryş wagtynda däl-de, gündelik we dynç alyş wagtynda bolarlar.

Biz olaryň sporta bolan söýgüsini we olaryň türgenleşiginiň tertibiniň nähilidigini görüp bileris. Biziň ýaş türgenlerimiz şuny görende, ussat türgen ýaly ýokary derejeli türgen bolmak üçin näme etmelidigini we nämäniň üstünde işlemelidigini bilerler”.

Awstraliýanyň Olimpiýa komiteti geljekki 5 ýylyň dowamynda Olimpiýa, Ýaş Olimpiýa we sebitleýin geçirilýän Oýunlaryna 8 sany toparyny iberer. Awstraliýanyň Olimpiýa komitetiniň baş ýerine ýetiriji müdiri Matt Keroll aýtmagyna görä, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary Awstraliýanyň geljekki sport ýyldyzlary üçin Olimpiýa gurşawyna ýakyn tejribäni döredýär. Ol bu babatda şeýle belläp geçdi: “Awstraliýanyň Olimpiýa komiteti Aşgabat 2017-niň Ýerine ýetiriji komitetine we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine Oýunlara gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Sebitleýin Oýunlarda Awstraliýanyň Olimpiýa komiteti üçin ýaş zehinlerimizden geljekde Olimpiýadaçylary taýýarlamak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýär. Bu ýaş awstraliýaly türgenleriň topary üçin halkara ýaryşda çykyş etmek we Aşgabat şäherinde Oýunlaryň gurşawyny duýmak, şeýle hem Aziýa yklymynyň iň ussat agyr atletikaçylarynyň, göreşijileriniň we taekwondoçylarynyň arasynda bolmak mümkinçiligidir. Bu bolsa ýaşlar üçin öňünde Tokio 2020 oýunlaryna gatnaşmak ýaly uzak möhletleýin maksatlary goýmaga itergi berer”.

6 göreşijiniň arasyna Glazgo 2014 oýunlaryna gatnaşan zenanlaryň arasynda 48 kg we 53 kg agram derejelerde çykyş etjek Rupinder Kaur we Karissa-Jeýn Holland hem saýlandylar. Kaur we Holland ýaş türgenler üçin ýolbaşçylyk ederler. Şol bir wagtda Saul halkara derejedäki çykyşlaryň topar üçin wajypdygyny nygtap geçdi: “Awstraliýada sport heniz ýokary derejede ösdürilmedikdir we türgenlerimiz uly tejribe gazanarlar. Bu çykyş olar 2020-nji ýylda Tokiodaky Oýunlar üçin peýdaly tejribe bolar diýip ynanýaryn”.

Awstraliýanyň agyr atletika federasiýasynyň netijeleriň gözegçisi Brendan Kennediniň aýtmagyna görä, ortaça ýaşy 23 bolan 6 sany agyr atletikaçylar Awstraliýanyň geljekde potensialyny ösdürer diýen niýeti bilen saýlandylar. Ol saýlanan topary barada şeýle diýdi: “Olar geljekde uly üstünlikleri gazanjak türgenlerimizdir. Biz bu türgenler geljekde Olimpiýa we Arkadaşlyk oýunlarynda gatnaşar diýip umyt edýäris, şol sebäpli bu olar üçin halkara derejede çykyş etmek tejribesini gazanmak we taýýarlyk görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir”. Bu saýlama toparynyň düzümine häzirki wagtda hereket edýän Awstraliýanyň çempiony Jeýkob Markwardt (erkekleriň arasynda 49 kg agramda çykyş edýän) we Brendon Weýkling (erkekleriň arasynda 69 kg agram derejede çykyş edýän) hem girýärler. Kennedi: “Olaryň käbirleri üçin bu ilkinji gezek daşary ýurda syýahatydyr, şol sebäpli Awstraliýanyň abraýyny götermek bilen bir hatarda, olar ilkinji gezek halkara ýygyndy topary hökmünde Türgenler şäherçesinde galyp, bitewi bir topar bolup, diňe bir agyr atletikaçylar topary däl-de, Awstraliýanyň wekilleri hökmünde çykyş etmek tejribesini gazanarlar”, diýip, sözüni dowam etdi.

Awstraliýanyň Taekwondo guramasynyň prezidenti Joýli Krisholm hem dürli ýaşly taekwondoçylaryň çykyşy olar üçin peýdaly tejribe boljakdygy bilen ylalaşýar. Jenap Krisholm: “Awstraliýanyň taekwondo toparynyň düzümine hem halkara ýaryşlarda çykyş etmekde baý tejribeli, hem kämilleşýän türgenler girýändir” diýip aýtdy, “Biziň toparymyzda 2015-nji ýylda geçirilen Ýuwaş umman oýunlaryna gatnaşan türgenlerimiz bar. Olar: Keşena Waterford we Deanna Kiriýazopulos. Emma toparyň käbir agzalary üçin köpugurly sport ýaryşynyň we Türgenler şäherçesiniň gurşawynyň bir bölegi bolmakda ilkinji tejribesi bolar. Eger, olar Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga isleg bildirýän bolsalar, onda olar üçin bu gymmatly tejribe bolar. Aşgabat 2017 biziň türgenler üçin ussat türgenler bilen bäsdeş bolup, halkara derejede çykyş etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir”.

 

Aşgabat 2017-de çykyş etjek Awstraliýanyň topary:

Taekwondo:
Will Afonçenko, erkekleriň arasynda 63 kg agram dereje
Rut Hok, zenanlaryň arasynda 67 kg agram dereje
Deanna Kiriýazopulos, zenanlaryň arasynda 46 kg agram dereje
Adam Maýers, erkekleriň arasynda 87 kg-dan ýokary agram dereje
Keşena Waterford, zenanlaryň arasynda 49 kg agram dereje

Agyr atletika:
Rij Barredo, erkekleriň arasynda 105 kg agram dereje
Joýslin Frankin, zenanlaryň arasynda 69 kg agram dereje
Metýu Laýdment, erkekleriň arasynda 105 kg agram dereje
Jeýkob Markwardt, erkekleriň arasynda 94 kg agram dereje
Sofiýa Zudowa, zenanlaryň arasynda 75 kg agram dereje
Brendon Weýkling, erkekleriň arasynda 69 kg agram dereje

Sport göreşi:
Ariadna Burkhart, zenanlaryň arasynda 58 kg agram dereje
Konnor Ewans, erkekleriň arasynda 74 kg agram dereje
Karissa-Jeýn Holland, zenanlaryň arasynda 53 kg agram dereje
Rupinder Kaur, zenanlaryň arasynda 53 kg agram dereje
Liam Neýland, erkekleriň arasynda 65 kg agram dereje
Petrus Palm, erkekleriň arasynda 57 kg agram dereje

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir