Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aziada-2017 Maslahaty we Gylyçlaşmak Boýunça Ýaryş
Aziada-2017 Maslahaty we Gylyçlaşmak Boýunça Ýaryş
Aziada-2017 Maslahaty we Gylyçlaşmak Boýunça Ýaryş

Aziada-2017 Maslahaty we Gylyçlaşmak Boýunça Ýaryş

Geçen hepdäniň dynç günlerinde Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Aziada-2017: Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” atly ylmy-amaly maslahat boldy. “Aşgabat” köpugurly sport toplumynda bolsa dört güne çeken gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy.

Başlanmagyna ýene-de 200 gün galan Ýapyk binalarda we söweş sungaty bounça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň çäklerinde guralan maslahata Sport baradaky döwlet komtetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugalymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, öňdebaryjy türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda yklym derejesinde geçirilýän toplumlaýyn oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň 20-den gowrak gönüşi boýunça görkezme çykyşlary tomaşaçylara hödürlendi.

Maslahat üç bölüme bölündi. Olar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport boýunça özgertmeleri we dünýä tejribesi; Ýokary derejeli sportda täzeçil tehnologiýalar; Syýahatçylygy ösdürmekda Aziada-2017-niň ähmiýeti diýen mowzuklar boýunça geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport hereketi henize çenli görlüp – eşidilmedik belentliklere ýetdi diýip bellediler. Paýtagtymyz her ýylda ençeme gezek halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynyň gçirilýän merkezine öwrülýär. Bu bolsa syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge oňyn täsir edýär.

Şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça gurulýan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi ilkinji gezek özünde Aziýa oýunlaryny kabul eder. Bu Aziýa oýunlary yklym derejesiniň çäklerinden çykýar, çünki oňa Okeaniýa ýurtlarynyň ýygyndy toparlarynyň 17-si gatnaşar.

… Gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty Balkan, Lebap, Mary welýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden türgenleriň 70-e golaýyny özünde jemledi. Türgenler gylyçda, şpagada we rapirada biri-biri bilen güýç synanyşdylar. Görnüşleriň ilkinjisinde erkekleriň arasyndaky ýaryşlar has hem çekeleşikli geçdi. Bu ýaryşyň final duşuşygynda bu görnüşde milli çempionatyň ençeme gezek ýeňijisi Muhammet Goçmyradow bilen ençeme halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän Serdar Baýramow (ikisi hem Aşgabadyň toparyndan) duşuşdylar.

Ilki artykmaçlyk ýurduyzyň häzirki çempionynyň tarapynda boldy. Ol birnäçe şowly hüjümleri geçirdi. Ýöne soňra Serdar duşuşygyň gidişini öz eline aldy hem-de tutluşygy ahyryna çenli ynamly alyp bardy we garşydaşyny 15:9 hasabynda ýeňdi. Gylyçlaşmak býounça ýaryşlarda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek çempionyň çalşandygy bellärliklidir.

Şahsy bäsleşiklerde Meňli Goýunlyýewa (Aşgabat) altyn medallaryň ikisini gazanmagy başardy. Ol şpagada we rapirada gylyçlaşmak býounça hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Aýgytly duşuşykda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Balkan welýatynyň toparynyň wekilleri Mariýa Karpowany (15:12) we Kameliýa Melaşşenkony (15:13) ýeňdi.

Pýtagtymyzyň zenanlar ýygyndysy gylyç bilen gylyçlaşmak boýunça altyn medallaryň ýene birini gazandy. Bu ýerde Aýlar Muhammetwaleýewa öz topardaşy Gözel Taýyrowany final duşuşygynda ýeňmegi başardy.

Şpagada we rapirada erkekleriň arasynda bäsleşiklerde birinji orunlary ýene-de aşgabatlylar – sport ussatlary Ahmet Agaýew we Wýaçeslaw Woronin eýelediler. Paýtagtly türgenleriň hemmesi Ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Witaliý Kagramanowyň hem-de Alýona Bogdanowanyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

Gylyçlaşmak boýunça Balkan welaýatynyň türgenleriniň hem ussatlygynyň ýyl geldigiçe ýokarlanýandygy bellärliklidir. Bu geçen ýaryşda kenarýaka welaýatyň ýygyndy topary iki ýeňiş gazandy, ýagny Balkan welaýatynyň türgenleri erkekleriň we zenanlaryň arasynda rapirada toparlaýyn ýaryşda ýeňiji boldular.

Lebap hem Mary welaýatynyň türgenlerine bu ýaryş tejribe toplamaga oňat mümkinçilik berdi. Bu welýatlaryň merkezlerinde gylyçlaşmak boýunça bölümler mundan üç ýyl töweregi ozal açylypdy. Şonuň üçin hem tälimçilere entek köp işler garaşýar. Ýöne çepionatyň baş emini Tatýana Ýermolaýewanyň pikirine görä, Gündogar welaýatyň hem-de Murgap jülgesiniň gylyçlaşmak býounça ussatlarynyň kämilleşýändigi eýýämden görnüp dur.

Ýaryşyň netijeleri boýunça halkara derejesinde iri ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşmaga taýýarlyk görýän milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitlener. Iýun aýynyň ortasynda Gonkongda Aziýa çempionady geçiriler. Geljek aý bosa Leýpsigde (Germaniýa) dünýä çempionaty geçiriler. Soňra awgust aýynda Taýpeýde Bütindünýä tomusky Uniwersiada bolar. Uniwersiadanyň maksatnamasyna gylyçlaşmak boýunça ýaryşlar hem girýär.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir