Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aziada-2017-niň Ulag Üpjünçiliginiň Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär
Aziada-2017-niň Ulag Üpjünçiliginiň Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär
Aziada-2017-niň Ulag Üpjünçiliginiň Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

Aziada-2017-niň Ulag Üpjünçiliginiň Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

Türkmenistanyň paýtagtynda iri halkara ýaryşlaryň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Bu oýunlary geçirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda giň möçberli taýýarlyk işleri, şol sanda oýunlaryň myhmanlaryny we gatnaşyjylary ýokary derejede awtoulag serişdeleri we hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk çäreleri alnyp barylýar.

“Aşgabat 2017” oýunlaryna hyzmat etmek üçin daşary ýurtlaryň iň gowy önüm öndürijileriniň dürli awtoulaglarynyň hatarynda Germaniýanyň “BMW” kompaniýasynyň iň täze kysymly awtoulaglary hem bar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinde ýerleşýän “Sport” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada oýunlaryň geçirilýän döwründe türgenlere, myhmanlara we tomaşaçylara hyzmat etmäge niýetlenen “BMW” kysymly awtoulaglaryň sergisi guraldy.

Bellenilişi ýaly, türgenleri, hünärmenleri hem-de sport forumynyň köp sanly myhmanlaryny bökdençsiz gatnatmak, paýtagtymyzda sazlaşykly hereketi ýola goýmak üçin degişli maksatnama işlenip düzüldi. Sergide görkezilýän awtoulaglar enjamlaşdyrylyşy boýunça ýolagçylaryň aňrybaş derejede rahatlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip, howpsuzlyk we ekologiýa babatynda ýokary halkara talaplaryna doly laýyk gelýär, munuň özi Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini ýokary derejede guramagyň möhüm şerti bolup durýar.

Sergide elektrik hem-de ýangyç bilen işleýän hereketlendirijili ýeňil awtoulaglar görkezildi. Ekologiýa taýdan arassa awtoulag bolan elektrokarlaryň akkumulýatory 8 sagadyň dowamynda güýçlendirilýär, bu bolsa awtoulaga 300 kilometre çenli ýoly geçmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde goýlan täze ulaglaryň hatarynda “Tiz kömek” gullugy üçin niýetlenen elektromobiller hem bar. Olarda öz wagtynda we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Elektrik energiýasynda işleýän bu ulaglar daşky gurşaw üçin oňyn ekologiýa ýagdaýyny saklaýar, bu bolsa türkmen döwletiniň tebigaty goramak syýasatynyň talaplaryna laýyk gelýär.

Meňzeş Täzelikler

Turkmenistan Fotosurtalary

Turkmenistan Fotosurtalary

Turkmenistan Fotosurtalary    

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir