Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Bagtly Maşgala Karzy
Bagtly Maşgala Karzy

Bagtly Maşgala Karzy

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Bagtly maşgala” atly ýeňillikli karzyny berýär.

Mundan beýläk ýaş maşgalalar öz öýlerini bezemek, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin örän amatly şertlerde Bagtly maşgala karzyny alyp bilerler.

Bagtly maşgala karzyny almaklygyň düzgünleri
Möhleti 3 ýyl
Göterim derejesi ýyllyk 1%
Karzyň möçberi 6 000 manada çenli
Karz alyjy bolup, är-aýalynyň ikisi hem 30 ýaşyna ýetmedik ýaş maşgalalar çykyş edýär
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili karary güýje gireninden soňra resmi taýdan nikalaşyp, maşgala guran Ýaş maşgalalara degişlidir..
Bagtly maşgala karzyny almak üçin zerur resminamalar *

Karz almak üçin arza
Pasportyň nusgasy (asyl nusgasy görkezilmeli)
Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (asyl nusgasy görkezilmeli)
Girdejiňiz barada güwänama (saklamalar aýrylyp görkezilen arassa girdejiňiz). Kärhana eýeçilikleri bolan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
Güwä geçijiler(resminamalar)
Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)
* Karz maşgala agzalaryň birisine resmileşdirilýär – adamsyna ýa-da aýalyna

Çeşme: http://www.tfeb.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir