Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Balkanabatda we Ahal Welaýatynda Durmuş Goraglylygyna Mätäçler Üçin Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşugyna Başlandy
Balkanabatda we Ahal welaýatynda Durmuş Goraglylygyna Mätäçler Öçin Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşugyna Başlandy
Balkanabatda we Ahal welaýatynda Durmuş Goraglylygyna Mätäçler Öçin Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşugyna Başlandy

Balkanabatda we Ahal Welaýatynda Durmuş Goraglylygyna Mätäçler Üçin Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşugyna Başlandy

Balkanabatda maýyplar üçin mugt ýaşaýyş jaýlarynyň köp öýli jaýlaryň gurluşygyna girişildi

Welaýatyň merkezindäki 13-nji kiçi etrapçasynda iri ýaşaýyş jaý toplumynda guruljak binanyň ýanynda türkmen toýuna mahsus ýagdaý emele geldi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýöritenebitgurnamagurluşyk” trestiniň “Dehistan” nebitçiler Medeniýet köşgüniň folklor-etnografiýa toparlarynyň we beýleki döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar milli owazlaryň utgaşmagynda aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalar bilen ýaşaýyş jaýynyň binýadyna ilkinji beton garyndylary atmak dabaralary boldy. Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýynyň ýanynda söwda merkezi, çagalar bagy we mekdep hereket edýär. Bu bolsa mümkinçiligi çäkli raýatlar we olaryň maşgalalary üçin has-da ähmiýetlidir.

Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Onuň netijesinde şäherleriň we obalaryň keşbi özgerýär. Senagat, durmuş we medeni maksatly köpsanly döwrebap desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam edýär

Halkymyzy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman jaýlaryna göçüp bardylar. Şäherlerde bolşy ýaly, oba ýerlerinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy has giň möçberlere eýe boldy. Köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze taryhy eýýamyň asylly ýörelgesine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan işlerinde ägirt uly üstünlik arzuw edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ahal welaýatynda durmuş goraglylygyna mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşugyna başlandy

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen täze häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy.

Şeýlelikde, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen köp öýli täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Taslama laýyklykda, jaýyň basgançaklary, girelgeleri we tutawaçlary w beýlekileri maýyp adamlaryň mümkinçiliklerine görä üpjün edildi.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda ýaşaýyş jaýynyň öýleri häzirki döwürde ýaşaýyş jaý gurluşygyna bildirilýän talaplara doly laýyk geler. Munuň özi belent we ýerleşdirilişi amatly ýagty otaglardan, giň aşhanalardan ybaratdyr.

Dabara gatnaşyjylar desganyň binýadyna ilkinji beton garyndylaryny atmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň, her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün etmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar, türkmenistanlylary häzirki zaman, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir