Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Begenç Berkeliýew Milli Žiwopis Mekdebiniň Zehinli Ýaşlarynyň Birirdir
Begenç Berkeliýew Milli Žiwopis Mekdebiniň Zehinli Ýaşlarynyň Birirdir
Begenç Berkeliýew Milli Žiwopis Mekdebiniň Zehinli Ýaşlarynyň Birirdir

Begenç Berkeliýew Milli Žiwopis Mekdebiniň Zehinli Ýaşlarynyň Birirdir

Onuň özboluşly tilsimi reňk sazlaşygy we çotganyň ýeňiljek hereketinden döreýän joşguny duýgurlygy berip bilýänligi bilen tapawutlanýar.

„Meniň maşgalam“ suratynda ýaş maşgala üýtgeşik görnüşde-ullakan şäherdäki maşynyň içindäki aýnasynda şekillendirilipdir. Munuň özi tehnikanyň ösen we çalt depginler döňründe-de maşgala gatnaşyklarynyň öz ähmiýetini ýitirmänligini aňladýar.

„Balçylar küşt başynda“ atly işi birbada geňirgendirmänem duranok. Bal arylary öz adaty işini taşlap oýunçylaryň daşyny gallapdyrlar. Olaryň wazzyldysy, hamala, her göçümiň gürrüňini edýäne meňzeýär. Myhman ätiýaç edip ýüzüne nikap geýipdir, balçy bolsa öz arylaryna ynamly bolansoň diňe bäsdeşini utmagyň pikirini edýär.

Beýle ýordum oýlap tapar ýaly däl. Suratçynyň özi ýa şeýle bäsleşigi gören bolmaly, ýa-da oýnan bolmaly. Biz bu barada ondan soranymyzda olaryň ýüzi nikaplysy Begenjiň hut özi eken. Gahrymanlaryny göwrümleýin giňişlikde ýerleşdirmek–Begenç Berkeliýewiň döredijiligine mahsus tilsimdir.

Nakgaşyň çotgasynyň ýeňiljek hereketi bilen döreýän göwrümlilik „Atam-ekskowatorçy“ atly suratynda hem göze ilýär. Oglanjyk ençeme gurally äpet mäşyna erk edýän atasyna buýsançly baksa, atasy bolsa öz kärine hem belki, geljekde kesbini dowam etjek agtygyna guwançly garaýar. Dok reňklerde berlen ýiti duýgylar tomaşaçylaryň ünsüni nesil dowamat-dowamlylygyna çekýär.

Begenç Berkeliýew täzeçil pikirlenýän nakgaş. Her dürli açyk saýawanlaryň suratyna gözi düşenden „Ýagmyrly gündäki baýram ýörüşi. Ýokarsyndan görnüşi“ suratyny çekipdir. Begenç sary,gyzyl, gök, ýaşyl saýawanlary hatara düzüp, olaryň üstüni şarlar bilen ýetirip, adamlaryň keşbini saýawanlaryň astyna geçirýär-de, suratynda baýramçylyk dabarasyny bermegiň hötdesinden gelýär.

Reňkleri ulanyş we çekiş usulynyň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan Begenç adaty bilim alýar: Tejeniň Mämmet Mämmedow adyndaky çagalar çeperçilik mekdebini, soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebini, 2013-nji ýylda bolsa, Çeperçilik akademiýasyny tamamlaýar. Indi onuň şatlyk paýlaýan eserleri türkmen nakgaşlarynyň köpçülikleýin sergilerinde goýulýar.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

 

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir