Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç Bag Ekmek Çäresine Gatnaşdy
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç Bag Ekmek Çäresine Gatnaşdy
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç Bag Ekmek Çäresine Gatnaşdy

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç Bag Ekmek Çäresine Gatnaşdy

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanda bolýan Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç köpçülikleýin bag ekilişine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň badalga beren bag ekmek çäresi Aşgabadyň Günorta böleginde hökümet agzalaryny, parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekillerini, daşary ýurtly myhmanlary Köpetdagyň eteginde bir ýere ýygnady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki çärä işjeň gatnaşýandygy, ägirt uly taslamalary, şol sanda Garlykda kaliý duzlaryny öndürýän iri dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge belarus tarapynyň uly goşant goşýandygy üçin M.Mýasnikowiçe minnetdarlyk bildirdi.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň esasy döwlet maksatnamalarynyň biri bolup durýandyngyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu senagat desgasynyň ulanmaga berilmeginiň diňe Türkmenistana we sebit boýunça goňşularymyza däl-de, eýsem, tutuş dünýä peýda getirer diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti belarusly kärdeşi Aleksandr Lukaşenko hem-de Belarusuň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu ýere ýygnananlary toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir