Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi
Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi
Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi

Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi

Türkmenistan biziň günortadaky goňşymyz – Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda diňe syýasy – diplomatik, söwda – ykdysady hem-de ynsanperwerlik usullarynyň herekete girizilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Bu meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça çärelere Aşgabatda geçiriljek Owganystan boýunça Sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda garalar.

Bitarap Türkmenistan öz wagtynda Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň tarapdarlarynyň biri bolup çykyş etdi hem-de soňky ýyllarda doganlyk halkyň parahatçylykly, döredijilikli durmuşynyň binýatlarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berdi.

Biziň ýurdumyz Owganystany dikeltmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Olaryň ählisi owgan meseleleriniň çözülmegine özara ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin öz syýasy giňişligini hödürlemek ýoly bilen çemeleşilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan täze başlangyçlary, şol sanda Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin bütinleý täze gurallary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, BMG-niň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini gaýtadan dikeltmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasyny taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi.

Biziň ýurdumyz tarapyndan OYR bilen ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde bilelikdäki “Türkmenistan” söwda öýüniň açylmagy iş ýüzünde amala aşyrylan ilkinji ädimleriň biri boldy.

Ýakynda söwda öýi ilkinji alyjylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýardam bermeginde Owganystanyň hususy kompaniýalary bilen bilelikde durmuşa geçirildi.

“Türkmenistan” söwda öýüniň açylyş dabarasyna Balh welaýatynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, OYR-iň DIM-niň hem-de beýleki hökümet edaralarynyň, işewür toparlarynyň, diplomatik missiýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň resmi böleginden soňra toý bagy kesildi hem-de çärä gatnaşyjylar täze söwda merkeziniň önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdylar. Dükanyň iki gatynda ýerleşdirilen tekjelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda öndürilýän dürli görnüşli azyk we senagat harytlary hödürlenýär. Mundan başga-da, dünýäde uly islegden peýdalanýan dokma önümleri, nusgawy nagyşlar bilen bezelen haly önümleri, biziň ýurdumyz üçin täze bolan pudaklaryň harytlary alyjylara hödürlenýär, türkmen telekeçileri bu pudaklary ynamly özleşdirýärler. Olaryň hatarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde häzirki wagtda işjeň kemala gelýän elektron senagaty bar.

Türkmen öndürijileriniň azyk harytlary hem daşarky bazarlarda öz ornuny pugtalandyrýar. Owganystanyň sarp edijileri eýýäm biziň ýurdumyzdan iberilen azyk önümleriniň hiline we tagamyna baha bermäge ýetişdiler. “Türkmenistan” söwda öýünde şeýle hem dürli süýji-köke önümleri, miwe şireleri, gök önüm konserwleri we beýlekiler alyjylara teklip edilýär.

Şol günler Mazari-Şerif şäherinde türkmen telekeçileriniň owgan işewürleri bilen duşuşygy geçirildi, onda işewürlik gatnaşyklaryny hem-de özara haryt dolanyşygyny ösdürmek boýunça geljekki çärelere garaldy, bilelikdäki maslahatlary we sergileri guramagyň, ykdysadyýet we maýa goýumlar ulgamynda maglumatlary alyşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Balh welaýatynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp hem özara hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan doganlarymyz Türkmenistanyň Baştutany – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan doganlyk owgan halkyna parahatçylykly we döredijilikli durmuşy kemala getirmekde, goňşy döwletiň durmuş – ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegine yzygiderli ýardam berýär. Muňa ýurdumyzda amala aşyrylýan energetika we ulag ulgamyndaky iri möçberli taslamalar hem şaýatlyk edýär. Olar ilkinji nobatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan —Täjigistan demir ýolunyň gurluşyklarydyr.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir gatnaşyjy döwletler üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin uly ähmiýeti bardyr.

Şeýle hem Türkmenistan türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermegiň möçberini yzygiderli artdyrýar, serhetýaka welaýatlarynda durmuş maksatly desgalary gurýar. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Hyratda çaga dogrulýan öý bina edildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça bu saglyk edarasynyň işini ýola goýmak we ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna degişli işgärleri taýýarlamak üçin Owganystana lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň topary, şeýle hem zerur bolan lukmançylyk enjamlary we kömekçi serişdeler iberildi.

Bilelikdäki söwda merkeziniň açylmagy Owganystanyň halkynyň asuda durmuşyny ýola goýmaga ýardam bermekde Türkmenistanyň nobatdaky ädimidir. Bu babatda söwda hemişe we ähli wagtlarda bolşy ýaly, hemme ugurlarda durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşe we halkara hyzmatdaşlygyna ýol açýan oňat gural bolup çykyş edýär.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir